Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ÖWRENIŞME [öwrönüşmö], iş ady. Öwrenişmek ýagdaýy. ÖWRENIŞMEK
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ÖWRENJELIK
- ÖWRENMEZLIK
- ÖWRÜLMEK
ÖWRENIŞME
[öwrönüşmö], iş ady. Öwrenişmek ýagdaýy. ÖWRENIŞMEK [öwrönüşmök], işl. 1. Ýuwaş- ýuwaşdan ysnyşmak, ysnyşyp başlamak. Şeýdip, ikisi öwrenişdi-de gidiberdi.Ol saňa, çagalaryňa öwrenişen eken. 2. Endik edip başlamak, öwrendekli bolup başlamak. Ýekelik bilen öwrenişmek. 3. Täze ýagdaýa, durmuşa uýgunlaşmak. Ol indi Türkmenistan bilen kemsiz öwrenişdi. ÖWRENIŞMEKLIK [öwrönüşmöklük], iş ady. Öwrenişmek ýagdaýy. ÖWRENIŞMEZLIK [öwrönüşmözlük], iş ady. Ysnyşmazlyk, öwrenişip bilmezlik. ÖWRENJELIK [öwrönjölük], at. Öwrenje bolmaklyk. ÖWRENME [öwrönmö], iş ady. Öwrenmek ýagdaýy. ÖWRENMEK [öwrönmök], işl. 1. Okamak arkaly göz ýetirmek, okuw geçip özleşdirmek; elýeterli ýollaryň hemmesinden peýdalanyp, başarnygy, endikleri, bir käri, senedi ele almak. Aýdym-saz öwrenmäge ýykgyn edýänlere ýolbaşçylyk edýärdim (T. Taganow). Iňlis dilini öwrenmek. Matematikany öwrenmek. Aýdym-saz öwrenmek. Köwüş tikmegi öwrenmek. 2. Ylmy-derňew ýoly bilen barlamak. Eflatunyň, Firdöwsiniň, Nyzamynyň, Nowaýynyň eserlerini-de ylham alyjylyk bilen öwrenipdi (G. Kulyýew). 3. Ünsli synlamak arkaly göz ýetirmek. Ýagdaýlary öwrenýärdi. 4. Endik etmek, werdiş etmek, öwrendekli bolmak. Hemişe köpçüligiň gürrüňçiligine öwrenen Garly ussanyň ýüregi gysdy (A. Gowşudow). Öwreneni ýaman kimdir biri hakynda gürrüň barýarka endigi gowy dal diýen manyda ulanylýan aňlatma. Ejesi ogluna: Öňüňde nahar goýuldygy, öwreneniň ýaman, gijisi alyp barýan ýaly, göz-ýüzüňi sypap ugraýaň diýdi. ÖWRENMEZLIK [öwrönmözlük], iş ady. Bilimiňi, düşünjäňi artdyrmazlyk, senedi ele almazlyk. ÖWRETME [öwötmö], iş ady. Öwretmek ýagdaýy. Mugallym öwretmesine-hä gowy öwredýär. ÖWRETMEK [öwrötmök], işl. 1. Bilim bermek, biriniň bir käri, hünäri, senedi öwrenmegini gazanmak, düşünjesini artdyrmak. Nemes we fransuz dillerini çuňlaşdyryp öwredýäris ( Türkmenistan ). 2. Endik etdirmek, türgenleşdirmek. Azda-kände 176 işlemegi öwrenenden soň, gyz oňa hammalçylyk etmekligi öwredipdir (Halk ertekilerinden). 3. Nesihat bermek, akyl bermek, ündemek. Şu günki serçe düýnki serçä jyk-jyk etmegi öwreder (Nakyl). ÖWRETMEKLIK [öwrötmöklük], iş ady. Öwretmek ýagdaýy. ÖWRETMEZLIK [öwrötmözlük], iş ady. Bilim bermezlik, okatmazlyk. ÖWRÜLIŞIK [öwrülşük], at. Ösüş döwründäki düýpli taryhy özgeriş. ÖWRÜLIP [öwrülüp], hal. Mundan beýläk, dagy-duwara, indikide, indikile, dolanyp, gaýdyp. Öwrülip, garasyny görkezse, nädersiň! ÖWRÜLMEK [öwrülmök], işl. 1. Bir görnüşden başga görnüşe geçmek. Gyzgyn suw buga öwrüldi. 2. Biriniň ýa-da bir zadyň daşyna aýlanmak, daşyny gurşap almak. Ýaş oglanlar gürrüňçi garrynyň daşyna öwrüldiler. 3. Bir zadyň görnüşini üýtgetmek, täze görnüşe salmak. 4. Beýleki ýüzüne agdarylmak, dönderilmek. 5. Hereketiňi, ýüzüňi we ş.m. öňki ugrundan başga ugra gönükdirmek; yzyňa aýlanmak, yzyňa gaýtmak, dolanmak. Magtymguly oňa tarap öwrülip, edeplilik bilen salam berdi (T. Taganow). Maşyn öwrülip geldi. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling