Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet336/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   332   333   334   335   336   337   338   339   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Prezident partasy iň ökde okuwçy oturdylýan 
öň hatardaky parta. 
PARTAW 
[partow], 
syp. 
Ekilmedik, 
özleşdirilmedik, boz (ýer hakynda). Partaw ýer. 
PARTIÝA [pa:rtyýa], at. 1. Haýsy hem bolsa bir 
dünýä garaýşyň öňde baryjy işjeň bölegi bolup 
durýan, onuň bähbitlerini goraýan syýasy gurama. 2
Hor, orkestr üçin ýazylan saz eserleriniň aýratyn 
bölümi. Çeper höwesjeňlerden gelen Annagülem 
şonda Zöhräniň partiýasyny aýdypdy (

Edebiýat we 
sungat

). 
PARTLADYLMAK, işl. Partladyjy jisim (däri, 
dinamit we ş.m.) bilen ýarylmak. 
PARTLAMAiş ady. Partlamak ýagdaýy. 
PARTLAMAK, işl. 1. Partyldyly ses çykaryp, 
güýçli ýarylmak, gaty atylmak. 2. Darka ýarylmak, 
bölünmek (köplenç, gawun hakynda). 
PARTLAMAKLYK,iş ady. Partlamak ýagdaýy. 
PARTLAŞMAK, işl. Yzly-yzyna partlamak, 
ýarylmak, bölünmek (köp zat hakynda). 


191 
PARTLATDYRMAKişl., ser. Partlatmak
PARTLATMAK, işl. Bir zady gaty güýçli 
ýarmak. 
PARTLAWUK [partlowuk], at. 1. Güýçli 
ýarylýan, partlap ses çykarýan. 2ser. Partlaýjy
PARTLAÝJY, at. Partlap ýarylýan, partlap 
atylýan, partlamak häsiýetine eýe bolan. 
PARTLAÝYŞiş ady. Partlamak ýagdaýy. 
PARZat, dini. 1. Yslam dininde hökmany ýerine 
ýetirilmeli iş. Kyýamat gün güwämiz - sünnet bilen 
parz dälmi? (Magtymguly). 2. Hökmany ýerine 
ýetirilmeli iş, hökmany düzgün. Ýagşyny görmek parz 
(Nakyl). 
PARZY-WAJYP [parzy-wa:jy:p], at. Yslam 
dininiň düzgünlerine görä hökman ýerine ýetirilýän 
işler.Ýagşylar yzynda ýörsem dowamat, Parzy-wajyp, 
terk etmesem hem sünnet (Magtymguly). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   332   333   334   335   336   337   338   339   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling