PASLY-BAHAR, at. Bahar aýlary, ýaz wagty,
bahar wagty.
PASMANDA [pasmanna], syp., gepl.d.Hiç işi
başarmaýan, emelsiz. Özüm pasmanda bolsam-da,
göwnüm asmanda (Aýtgy).
PASPORT [pa:sport], at. 1. Eýesiniň şahsyýetini
we raýatlygyny tassyklaýan resminama. 2. Maşynyň,
hojalyk abzallarynyň, gurallarynyň hasaba alyş
resminamasy.
PASYBAN [pa:syva:n], at, kön.s.Garawul, sakçy.
Işigiňde gije-gündiz pasyban oldum ýene (Şah
Ysmaýyl).
PASYK [pa:syk], syp. Bozuk, ýaramaz (adam
hakynda).
PASYL, at. 1. Ýylyň ýaz, tomus, güýz we gyş
möwsümleriniň birini öz içine alýan, üç aýdan ybarat
bolan wagt, döwür. Gyş pasly sähra merdanlary üçin
has jogapkärli möwsüm (
Türkmenistan
). 2. Belli
bir wagt aralygyny öz içine alýan wagt, salym,
mütdet. Baharda açylan reňbe-reň güller, Bir pasyl
açylar, ýaza myhmandyr (Magtymguly).
PASYLLAÝYN, hal. Her bir pasylda bolup
geçýän, pasylma-pasyl bolup durýan, paslyň
dowamynda ýerine ýetirilýän.Pasyllaýyn iş.
PASYRDAMA, iş ady. Pasyrdamak ýagdaýy.
PASYRDAMAK, işl. 1. Ganat kakmak, ganat
kakyp uçmak (guş hakynda). Symrug bolsa pasyrdap,
asmana galýar (
Türkmen halk ertekileri
). 2. Ýeliň,
şemalyň ugruna galgap, pasyrdyly ses emele gelmek,
seslenmek (baýdak we ş.m. hakynda).
PASYRDAMAKLYK, iş ady. Pasyrdamak
ýagdaýy.
PASYRDAŞMAK,
işl.
Köpçülikleýin
pasyrdamak, birnäçesi bilelikde pasyrdamak. Guşlar
pasyrdaşyp uçup gitdiler. Jaýlaryň depesindäki
baýdaklar şemala pasyrdaşýardy.
Do'stlaringiz bilan baham: |