Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet341/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   337   338   339   340   341   342   343   344   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PATDYLDAMAK [patdyllamak], işl. 1. Bir zat 
ýokardan gaçanda patdyldyly ses çykmak. 2. Ýaňy 
aýak biten çaga ýaly aýagyňy pat-pat edip ýere urup, 
zordan ýöremek. Patdyldap barmak. 
PATDYLDAŞMAK [patdyllaşmak], işl. Birnäçe 
bolup patdyldap ýöremek. 
PATDYLDATMAK 
[patdyllatmak], 
işl. 
Aýagyňy, açyk eliň iç ýüzüni we ş.m. ýere urup, 
patdyldyly ses çykarmak. 
PATDYLDY [patdylly], at. Ýörelende, bir zat
ýokardan ýere urlanda we ş.m. ýagdaýda çykýan 
sesiň ady. 
PATLAK,at. Baldagy ýaprakly, çal reňkli 
ösümlik. 
PATLAMAK [patylamak], işl. Agyr ýa-da gaty 
zat zarp bilen başga bir zada urlanda, ýere gaçanda 
ş.m. ýagdaýda patdyldyly ses çykmak, patdyldyly 
seslenmek. Kem-kemden bir tarapa agyp ugran 
göwre ahyry patlap düşdi (N. Jumaýew).
PATLAŞMAK [patylaşmak],işl. Ýere gaçýan 
birtopar zatdan patdyldyly ses çykmak. Agaçdaky 
almalar patlaşyp gaçdy. 
PATLATMAK [patylatmak], işl. 1. Agyr ýa-da 
gaty zady zarp bilen urup, gaçyryp, patdyldyly ses 
çykarmak, patdyldyly ses etdirmek. Kepje bilen bir 
gaýra böwediň öňüne patlatdy (

Edebiýat we 
sungat

). 2gepl d. Urmak. Onuň arkasyna eli bilen 
patladyp goýberdi.  
PATRAK [patyrak], at. Gowrulanda patraşyp, 
gowy açylan mekgejöwen dänesi. Etmekçidim patrak, 
Boldy bary çetrek (Halk döredijiliginden). Men saňa 
häzirjik patrak edip bereýin (G. Seýitmädow).
PATRAMAK [patyramak], işl. Patrak ýaly 
açylmak, ýagty şöhle saçmak, ýalpyldamak. Gozalar 
patrap açylypdyr. 
PATRAŞMAK [patyraşmak], işl. Patrak ýaly 
agaryşmak. Ynha, derýa hiç darykman akyp dur
Ýyldyzlar patraşyp, maňa bakyp dur (N. Pomma). 
PATY-PUTY, at. Ownuk-uşak öý goşy, goş-
golam, odur-budur. Düýämiziň üstüne paty-putymyzy 
atdym (

Edebiýat we sungat

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   337   338   339   340   341   342   343   344   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling