Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÖRKLEME [örüklömö], iş ady. Örklemek  ýagdaýy.  ÖRKLEMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet298/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   294   295   296   297   298   299   300   301   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖRKLEME [örüklömö], iş ady. Örklemek 
ýagdaýy. 
ÖRKLEMEK [örüklömök], işl1. Sygyr, at ýaly 
maly otluk ýerde uzyn ýüpde gazyga baglap goýmak. 
Mallary suwa ýakyp, sygry örklemek meniň paýyma 
düşdi. Ol bir uly çynaryň üstünden bardy we onuň 
saýasynda atyny örkläp, dynç almakçy boldy 
(

Türkmen halk ertekileri

). 2göç.m. Duýgy taýdan 
baglamak, bent etmek. 
ÖRKLEMEKLIK [örüklömöklük], iş ady. 
Örklemek ýagdaýy.  
ÖRKLEMEZLIK [örüklömözlük], iş ady.
Örklemek işi ýerine ýetirilmezlik. 
ÖRKLENMEK [örüklönmök], işl. Otladylmak 
üçin otluk ýerde daňylmak. Sygyr suwly ýabyň 
boýunda örklenipdir. 
ÖRKLEŞMEK [örüklöşmök], işl. 1. Örklemäge 
kömekleşmek. Sen jigiňe sygyrlary örkleş. 2
Bilelikde örklemek. Olar mallaryny örkleşip ýör. 
ÖRKLETMEK [örüklötmök], işl. Örklemek 
işini birine etdirmek. 
ÖRKLÄBERMEK [örüklä:vermek], işl. Örkläp 
başlamak. 
ÖRKLI [örüklü], hal. 1. Otlamak üçin otly ýerde 
baglanyp goýlan, daňlyp goýlan. Bir ýigit örkli duran 
iş ýabylaryndan birini münüp, gala bakan ýüzin 
salyp gidýär (A. Gowşudow). 2. göç.m. Bendiwan; 
ýüpsüz daňlan, bagly, golgarama. Nirä gitsem, çekip 
dursuň erşimden, Ömürboýy örkli saňa ýüregim (M. 
Seýidow). 
ÖRKLÜLIK [örüklülük], at. 1. Örklenilip 
goýlan halda bolmaklyk. 2. Garaşlylyk, baglylyk, 
golgaramalyk. 
ÖRKÜÇ, at. 1. Düýäniň arkasyndaky ýag 
gatlagyndan emele gelýän gerşi. Dogrudan hem, 
ýükçi arwanalaryň ýük çekmekden ýaňa örküjiniň 
gapdallary ýagyr bolardy (A. Gowşudow). 2. Dagyň, 
suw tolkunlarynyň, depäniň we ş.m. beýgelýän ýeri, 
gerşi. Syrgyn süren gar depeleriniň kesmir-kesmir 
örküçleri Garagumuň ürgün gum depelerini ýadyňa 
salýardy (B. Gurbanow). 3. göç.m. Bir döwrüň, 
paslyň ýa-da wakanyň çürbaşy, depesi, aýgytly 
wagty. Gyşyň örküjinde güpläp, agyr gar düşýär.  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   294   295   296   297   298   299   300   301   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling