Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet294/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   290   291   292   293   294   295   296   297   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÖNÜMLI [ö:nümlü], syp. Önümi köp berýän, 
hasylly, öndürijilikli. Watan önümli işlemekligi talap 
edýär (A. Durdyýew). 
ÖNÜMLILIK [ö:nümlülük], at. Köp önüm 
önmeklik, önümi artmaklyk, önümi köp berijilik
öndümlilik. Mallaryň önümliligi artýar. 
ÖNÜP-ÖSMEK [ö:nüv-ösmök], işl. Dünýä 
inmek we kemala gelmek, ulalmak. Bir obada önüp-
ösen Garýagdy bilen Muhat duşuşdylar (H. 
Ysmaýylow).
ÖNÜŞ [ö:nüş], iş ady. Önmek ýagdaýy. 
ÖŇhal. 1. Biriniň, bir zadyň alyn, ýüz tarapy we 
şol tarapdaky ýer, giňişlik, meýdança. Jaýyň öňi. 
Myhmanyň öňünde saçak ýazyldy. 2. Häzirki 
wagtdan ozal. Meniň bilen gitjek bolsaň, öň näme 
işlediň, ýatladaýsaň bolmaýrmy?. 3. Beýlekilerden 
ilki. Onuň aty ýaryşa goşulan beýleki atlardan at 
gaýtarym öň geldi. 

Öňe düşmek (çykmak) ýolbaşçylyk etmek, ýol 
görkezmek. Öňe sürmek teklip etmek, üýtgeşiklik 
girizmek. Medeniýet işleriniň has giňelmegi üçin 
möhüm çäreler öňe sürüldi. Öňünde durmak hötde 
gelip bilmek. Adam gören ýaly-ha bolaýarsyň weli, 
men munuň öňünde nähili durarkam? (B. 
Seýtäkow). Öňünden çykmak 1) ýoluna çykyp 
garşylamak, garşy almak.Çagalar kakalarynyň 
öňünden çykdylar. 2) gaýtawul bermek. Indi onuň 
öňünden çykjak tapylarmyka? Öňünden gaçmak 
irgözin gamyny iýmek, öňünden taýynlanmak. 
Arman, sen öňünden gaçdyň, ýogsa bu ýumşa sen 
gitmelidiň. Öňünden geçmek ussatdan pata almak
özbaşdak işlär ýaly ygtyýar almak. Öňüni almak  
amala aşmazlygy üçin öňünden çäresini görmek, 
öňünden döremek mümkinçiligini ýok etmek, bir 
zadyň bolmagyna ýol bermezlik. Öňüni başlamak 
bir işe ilkinji bolup girişmek, başyny başlamak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   290   291   292   293   294   295   296   297   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling