ÖKJE [ökjö] II, at. Gazy-haşar işiniň gutaran
ýeri, aýagujy.
ÖKMEK [ökmök], at, zergärç. Aýallaryň
gursagyna dakynýan şaý-sepi.
ÖKÜNÇ, at. Edilen iş, hereket üçin çekilýän
ahmyr, puşman, bildirilýän gynanç. Olaryň kimsi
ökünç bilen, kimsi gahar bilen biri-biriniň ýüzlerine
seredişdiler (Ý. Mämmediýew).
ÖKÜNÇLI [ökünüşlü], syp. Ahmyrly, puşman
edijilikli. Ussanyň sesi ökünçli çykdy (H.
Garabaýew).
ÖKÜNÇLILIK [ökünüşlülük], at. Ahmyrlylyk,
puşman edijilik.
ÖKÜNDIRMEK [ökünnürmök], işl. Birini eden
nädogry hereketi, işi üçin ökünmäge mejbur etmek,
ahmyr etdirmek.
ÖKÜNIBERMEK [ökünüvermek], işl. Edilen
nädogry iş, hereket üçin ökünip başlamak, ahmyr
edibermek, puşman edip başlamak.
ÖKÜNILMEK [ökünülmök], işl. Nädogry edilen
işe, herekete puşman edilmek. Inim, indi näler
ökünilýändir, yzyndan ýetip bilemok (A. Durdyýew).
ÖKÜNIŞ [ökünüş], iş ady. Ökünmek ýagdaýy.
Eden ýalňyş işine onuň ökünişi ýaly ökünene gabat
gelmändim.
ÖKÜNIŞMEK [ökünüşmök], işl. Nädogry edilen
işe, herekete birnäçe bolup ökünmek, puşman etmek.
ÖKÜNME [ökünmö], iş ady. Ökünmek ýagdaýy.
Ökünme näme işlesin, ol-a özüni günäkärdirinem
öýdenok.
ÖKÜNMEK [ökünmök], işl. Nädogry eden işiň,
hereketiň üçin ahmyr, puşman etmek, gynanmak.
Men ulagsyz gaýdanyma ökünýän (G. Kulyýew).
ÖKÜNMEKLIK
[ökünmöklük],
iş
ady.
Ökünmek ýagdaýy.
ÖKÜNMEZLIK [ökünmözlük], iş ady. Eden
işiň, hereketiň üçin ahmyr çekmezlik, puşman
etmezlik, gynanmazlyk.
ÖKÜZ, at. Iri şahly gara malyň erkegi. Ýer gaty
bolsa, öküz öküzden görer (Nakyl). Ýatan öküze iým
ýok (Nakyl).
Do'stlaringiz bilan baham: |