OÝUNÇY, at. 1. Oýun oýnaýjy, oýna gatnaşyjy.
Oýunçy utulanyny bilse ýagşy (Nakyl). 2. syp.
Bälçik, degişgen, alçak, şoh, oýunbaz.
Oýunçy utulanyny bilse ýagşy döwüň
pesdigine düşünmek, ýeňlenligiňi boýun almak.
OÝUN-ÇYN,at.
Oýundan
ýa-da
çyndan
aýdylýan söz, edilýän hereket. Ol oýna-çyna
düşünýän ýigitdir. Onuň oýnuny-çynyny bilip
bolmaz.
OÝUNDAN-ÇYNDAN [oýunnon-çynnan], hal.
Oýunlyga salyp ýa-da çynyň bilen, hiç haçan, hiç
hili ýagdaýda. Oýundan-çyndan jigiňe azar beräýme.
OÝUNJAK [oýunjok], 1. at, ser. Oýnawaç.
Onda näme bir oýunjak alsaň, ýekeje özüň oýna
diýýärdiň (B. Pürliýew). 2. syp., göç.m. Aňsat, ýeňil,
ýönekeý. Ussa aga, elbetde, bu iş bir oýunjak iş däl
(A. Gowşudow).
OÝUN-OÝUNJAK [oýun-oýunjok], syp., ser.
Oýunjak 2.Ol öz eden işiniň oýun-oýunjak zat
däldigini bilip hopukdy.
OÝUN-TOMAŞA
[oýun-tomoşo],
at.
Şadyýanlyk, hezillik, şadyhorramlyk. Hany, Aman
poşçy, bu gün agşam täze oýun-tomaşalar
görmezmiň? (A. Gowşudow).
OÝURGANDYRMAK [o:ýurğonnurmok], işl.
Oýa çümdürmek, oýa batyrmak, pikirlendirmek.
OÝURGANMA
[o:ýurğonmo],
iş
ady.
Oýurganmak ýagdaýy.
OÝURGANMAK [o:ýurğonmok], işl. Oýa
çümmek, oýa batmak, oýlanmak; pikirlenmek. Teklip
duýdansyz bolanlygy üçin ol ýerinden turup, biraz
oýurgandy (G. Ezizow).
OÝURGANMAKLYK [o:ýurğonmokluk], iş
ady. Oýurganmak ýagdaýy.
OÝURGANYBERMEK [o:ýurğonuvermek],işl.
Oýurganyp
ugramak,
oýa
batybermek,
pikirlenibermek.
Do'stlaringiz bilan baham: |