Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet271/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   267   268   269   270   271   272   273   274   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OTURYBERMEK [oturuvermek], işl. Iki 
dyzyňy epip, bir ýerde ornaşybermek. 
OTURYLMAK [oturulmok], işl. 1. Belli bir 
ýerde ýerleşip ýaşalmak, mesgen tutulmak. Öňler bu 
ýerlerde-de oturylýardy. 2. Uzak oturmak, bir ýerde 
oturyp galmak, köp bolmak. Myhmançylykda köp 
oturylaýypdyr. 
OTURYLYŞYK [oturulşuk], at. Ýygnanyşyk, 
üýşmeleň, kiçeňräk toý, oturyşma. Biz baranymyzda 
oturylyşyk mazaly gyzan eken (G. Kulyýew).
OTURYMLY [oturumly], syp. Göçüp-gonup 
ýörmeýän, hemişe bir ýerde ýaşaýan, ýerli. Oturymly 
ilat. 
OTURYMLYLYK [oturumluluk], at. Hemişe bir 
ýerde ýaşamaklyk, oturymly bolmaklyk, ýerlilik. 
OTURYP-TURMAK [oturup-turmok], işl1. Ilki 
aýagyňy epip, soňundan dik durmak. 2. Gymyldydan 
galmazlyk, adam üçin zerur herekleri edip bilmek. Bu 
ýaşdan soň oturyp-turmaga ýarasam oňýan-la. 
OTURYŞ [oturuş], iş ady. Oturmak ýagdaýy. 
Onuň oturyşy gaty arkaýyn görünýär
OTURYŞMAK [oturuşmok], işl. 1Kem-kemden 
oturmak, ýerleşişmek. Goçmyrat we başgalar geçip 
oturyşdylar (A. Gowşudow). 2. Oturylyşyk etmek, 
üýşmeleň, ýygnanyşyk etmek, kiçeňräk toý etmek, 
gellebäri (gelbäri) etmek. 
OTURYP-TURUŞ [oturup-turuş], at. Edep-
ekram, özüňi alyp baryş. Bir ýigidiň aslyn bileý 
diýseňiz, 
Märekede 
oturup-turuşyn 
görüň 
(Magtymguly). Onuň häsiýeti, oturyp-turşy edil 
atasyna çekipdir.
OTURYP-TURUŞMAK [oturşup-turuşmok],işl. 
Biri bilen baryş-geliş etmek, ýakyn aragatnaşyk 
saklamak, biri-biriň bilen gatnaşmak. Onuň atasy 
atly-abraýly adamlar bilen oturyp-turşan adam. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   267   268   269   270   271   272   273   274   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling