Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ORMAKLYK [ormokluk], iş ady. Ormak  ýagdaýy.  ORNABERMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet261/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   257   258   259   260   261   262   263   264   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ORMAKLYK [ormokluk], iş ady. Ormak 
ýagdaýy. 
ORNABERMEK [orna:vermek], işl. Bir ýerde 
orun tutubermek, ornaşybermek. 
ORNADYLMAK 
[ornodulmok], 
işl., ser. 
Ornaşdyrylmak
ORNAMA [ornomo], iş ady. Ornamak ýagdaýy. 
ORNAMAK [ornomok], işl. 1. Bir ýerde ýer 
almak, orun almak, ýerleşmek. 2. Bir ýerde 
berkemek, kök urup gitmek. 3. göç.m. Täsir etmek, 
degmek, ýetmek; siňmek. Ak köýnegine gök syrkynyň 
reňki ornapdyr (B. Annageldiýew). Ajaýyp manyly 
ajaýyp sözler, Süňňüňe şeýle bir ornaýar başdan (K. 
Gurbannepesow). 
ORNAMAKLYK [ornomokluk], iş ady. Ornamak 
ýagdaýy. 
ORNAŞDYRMAK [ornoşdurmok], işl. 1. Bir 
ýerde orun bermek, orun tutdurmak, ýerleşdirmek. 2
Demokratiýa barada aýdylanda bolsa, bu näzik 
substansiýany taýýar daşary ýurt modellerini ulanyp 
ornaşdyryp 
bolmaýar 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, 
halky söýmek bagtdyr). 3. Aňyna ýetirmek, aňyna 
siňdirmek, girizmek, düşündirmek. Elbetde, beýle 
şygyrlary halkyň beýnisine ornaşdyrmak kyn 
meselelerdi (H. Derýaýew).
ORNAŞDYRYLMAK [ornoşdurulmok], işl. Iş 
ýüzüne geçirilmek, ulanylyşa girizilmek. Täze 
teklipleriň 
ornaşdyrylmagy 
netijesinde 
önüm 
öndürilişi artýar. 
ORNAŞMAK [ornoşmok], işl. 1. Bir ýerde kem-
kemden ýer almak, ýerleşmek, mesgen tutmak, orun 
baglamak. Olar sag-aman gelip, öňki ýurtlarynda 
ornaşdylar (A. Gowşudow). 2. Iş ýüzüne geçmek, 
ýaýramak, girmek. Kuwwatly tehnika önümçilige 
gitdigiçe ornaşýar. 3. Bir ýerde kök urmak, orun 
tutmak, berkeşip galmak. Ýöne ýüregimiň gizlin 
ýerinde ornaşan syrymy bu gezek hem açyp 
bilmändim (R. Gelenow). 4. Reňki çykmak, siňmek. 
Köýnegime gyrmyzdonyň reňki ornapdyr. 5göç.m. 


146 
Aňyňa ýetmek, aňyňa siňmek, ýerleşmek, girmek. Bu 
pikir onuň beýnisine pugta ornaşdy (B. Seýtäkow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   257   258   259   260   261   262   263   264   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling