Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet259/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   255   256   257   258   259   260   261   262   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

bilen orak ormak dilde işi aňsat etmek, 
emgenmezlik.
ORAKÇY [orokçy], at. Orak orýan adam, orak 
ormak bilen meşgullanýan adam. Ata, aga mährin 
görjek wagtymyz, Dagda orakçydyk, çöllerde çoluk 
(K. Gurbannepesow). 
ORAKÇYLYK [orokçuluk], at. Orakçynyň käri, 
ýagdaýy, orakçy bolup işlemeklik. Öňler bir obadan 
ikinji bir oba orakçylyga gidilerdi.  
ORAKDIŞ [orokdi:ş], at. Hala we beýleki el 
işlerine diş-diş görnüşinde keseräge-de salynýan 
gyýçak nagyş. 
ORAL [orol], syp. Ýaşy birçene baran, ortadan 
agan (aýal maşgala hakynda). Meň ýaly oral heleýiň 
gülýaka nämesine derkar (Ý. Mämmediýew). 
ORALAMA [orolomo], iş ady. Oralamak 
ýagdaýy. 
ORALAMAK [orolomok], işl. Gaýta-gaýta 
oramak (ser. Oramak I). Mämmetweli ýuka 
gabygyny galdyryp, sakgaljygyny barmagyna oralady 
(B. Kerbabaýew). 
ORALAMAKLYK [orolomokluk], iş ady. 
Oralamak ýagdaýy. 
ORALAÝYŞ [oroloýuş], iş ady. Oralamak 
ýagdaýy. 
ORALGY [orolğy], syp. Bir zadyň daşyna 
saralan, dolanan.
ORALMAK [orolmok], işl. Bir zadyň daşyna 
saralmak, dolanmak. Biline gowanyň bagy oralan 
ýogyn pürs durdugyça batlanyp aýlanýardy (A. 
Gowşudow). 
ORAMA [oromo], iş ady. Oramak ýagdaýy. 
ORAMAK [oromok] Iişl. 1. Ýüpi, simi we ş.m. 
bir zadyň daşyna aýlamak, saramak. Ol şol hemişeki 
ak donuny geýnip, biline hem uzyn ak guşagyny 
birnäçe sapar orapdyr (A. Gowşudow). 2. Bir zadyň 
daşyny gabamak, daşyna gabaw etmek, daşyna aýlaw 
etmek, egelenmek.
ORAMAK IIat,ýerli g. Gyňaç, başbogy. Birlän-
ikilän ak oramakly aýallar käte adamlaryň arasynda 
göze ilip gidýärdiler (B. Seýtäkow). 
ORAMAKLYK [oromokluk], iş ady. Oramak 
ýagdaýy. 
ORAMÇY [oromçy], at, kön.s.Kerep örýän, köp 
aýakly, çakmaýan möjejik, düşdüş, leňkebut. Oramçy 
dek hemişe tor eder sen (Sopy Allaýar). 
ORANMAK [oronmok], işl. 1. Köplenç, gyňajy 
kelläň daşyndan aýlap saramak. Keten köýnek 
egniňde, başa öýme oranyp, Saz eýleýir karkaraň, 
seýle çyksaň bezenip (Mollanepes). 2. Çekmek üçin 
kagyzyň içine temmäki salyp dolamak. Paşy ýene 
çilim oranmaga durdy (B. Hudaýnazarow).
ORAŞAN [oroşa:n], syp., at. Aç-açan, aýdyň, 
açyk, anyk; aýdyň görnüş, boljak zat, waka (röwşen 
sözüniň gadymy şekili, görnüşi). Öten agşamky gören 
düýşüm oraşan geldi (H. Derýaýew). Garry ene 
oraşanyny gören eken, ertesi agtygy uruşdan sag-
aman gaýdyp gelýär. 
ORAŞDYRMAK [oroşdurmok], işl. Orap 
çykmak, köp oramak, dolaşdyrmak. Kakasy-da 
aýagyna oraşdyran ýüplerini çözleşdirdi (A. 
Durdyýew). 
ORAŞMA [oroşmo], iş ady. Oraşmak ýagdaýy. 
ORAŞMAK [oroşmok], işl. 1gepl.d.Çolaşmak. 
2. Bir zady oramaga kömek etmek. 3. Birnäçe bolup 
oramak. 
ORAŞMAKLYK 
[oroşmokluk], 
iş 
ady. 
Oraşmak ýagdaýy. 


145 
ORATDYRMAK [orotdurmok], işl. 1. Oramak 
işini başa bardyrmak. Bu sim bize agajyň daşyna 
oratdyrsa -da biri, ozi-ha gaty ýogyn eken. 2
Oramaga mejbur etmek, oramak işini başga birine 
etdirmek.
ORATMAK [orotmok], işl. Birine bir zady 
oramaga ýol bermek; oramaga mejbur etmek. Gaýyny 
gelniniň başyna gyňaç oradasy ýok, başyna ýaglyk 
atynsa-da bolar diýýär.  
ORAÝANY [ora:ýa:ny], syp. Goňras gyzyl reňk. 
Çylgym-çylgym ýylgynlar oraýany gyzyl güller bilen 
bezenip otyrdy (B. Kerbabaýew). Şarkyň gyzy 
oraýany ýaglygy, Sypap-sypap maňlaýyna daňypdyr 
(M. Seýidow). 
ORAZA [ora:za], at. 1. Musulman ýyl hasaby 
boýunça ýylyň dokuzynjy aýynyň ady, remezan. 2
Agyz beklemek däbi. 

Oraza baýramy musulmanlaryň metjitlere ýa-
da öwlüýälere ýygnanyp baş pitre, sadaka bermek
köpçülik bolup namaz okamak bilen geçirilýän, 
orazanyň 30-njy güni agşam başlanýan baýramy. 
Oraza tutmak yslam dininde: oraza aýynda 
gündizine hiç zat iýip-içmän agyz beklemek. 
ORDA [o:rdo], at. 1. taryh. Orta asyrlar 
döwründe käbir döwletleriň ady, şonuň ýaly-da 
olaryň häkiminiň mesgeni, ýerleşýän ýeri. 2. Ýyrtyjy 
haýwanlaryň sürüsi. Möjek ordasy. 3göç.m. Duşman 
leşgerleri. Çingiziň ordasy gözel şäheri haraba 
halyna aýlandyrypdy (B. Kerbabaýew). 

Ordasy bilen barmak (gelmek) toýa-tomga 
üýşüp barmak, köp bolup barmak (oňlanmaýan äheň 
bilen aýdylýar). Olar-a toýa ordasy bilen geläýendir. 
ORDEN [o:rden], at. Zähmetde, gullukda we 
ş.m. görkezilen ajaýyp hyzmat üçin sylag berilýän 
ýörite tapawutlandyryş nyşany.
ORDURMAK [ordurmok], işl. Başga birine 
ormaga bermek, ormak işini etdirmek. Bugdaý 
ordurmak. Ýorunja ordurmak. 
ORFOEPIÝA [orfoe:piýa], at, dil.b. Edebi dilde 
dürs aýdylyşy kesgitleýän kadalar ulgamy, dürs 
aýdylyş. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   255   256   257   258   259   260   261   262   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling