Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet257/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   253   254   255   256   257   258   259   260   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OŇURGA [oňurğo], at. Adamlarda, käbir 
haýwanlarda: göwräni kelle bilen birikdirýän içi 
ýilikli süňk. Oňurga süňkleri. 
OŇURGAGÖL [oňurğoğö:l], at. Halylaryň 
gölüne salynýan oňurga görnüşli nagyş. 
OŇURGALYLAR [oňurğolulor], at. Köpsanly 
oňurgaly haýwanlar toparynyň ady. 
OŇURMA [oňurmo], iş ady. Oňurmak ýagdaýy. 
OŇURMAK [oňurmok], işl. Gaňryp bognundan 
ýazdyrmak, gaňryp döwmek, omurmak. 
OŇURMAKLYK 
[oňurmokluk], 
iş 
ady. 
Oňurmak ýagdaýy. 
OŇURTMAK [oňurtmok], işl. Oňurmak işi 
başartmak, oňurmaga hötde gelmek. Eti pudarlap 
oturan adam oňurga özüne oňurdar öýtse-de, ony eli 
bilen ýazdyryp bilmedi.  
OŇUŞ, iş ady. Oňmak ýagdaýy. Az iýip oňşuna 
haýran galdym
OŇUŞDYRMAK [oňuşdurmok], işl Biri-biri 
bilen oňşar ýaly etmek, ylalaşdyrmak. 
OŇUŞMAK [oňuşmok], işl 1. Biri-biri bilen 
oňşuk etmek, oňşukly bolmak, arkalaşykly, agzybir 
bolmak. Şeýle gylykly adam bilen oňuşmak elbetde, 
aňsat düşmez (B. Kerbabaýew). 2. Oňňut etmek, 
mydar 
etmek, 
razylaşmak, 
ylalaşmak, 
kanagatlanmak. Sowuk bilen hem oňuşmak boljakdy 
weli, ony ýatyrmadyk zat pikirdi (B. Seýtäkow).
OŇUŞMAZLYK [oňuşmozluk], at. Biri bilen 
oňşukly bolmazlyk, arkalaşykly, agzybir bolmazlyk.
OŇYN [oňuýn], syp. Ýerlikli, şowly, peýdaly, 
oňat, gowy.
OŇYNLYGYNA [oňuýnluğno], hal, ser. Oňyn
OŇYNLYK [oňuýnluk], at. Oňyn zat, bir zadyň 
oňyn netijesi. 
OPERA [o:pera], at, sazç. 1. Sahnada sazly-
şahyrana keşpler janlandyrylan sazly drama eseri.
2. Opera degişli drama eser. 3. Drama eseriniň 
goýulýan, sahnalaşdyrylýan ýeri, edarasy. Ozaldan 
garaşylyşy ýaly, operanyň görkezilişi şowly geçdi 
(

Edebiýat we sungat

).  
OPERASIÝA [opera:siýa], at. 1. Käbir 
kesellerde, doga ýetmezçiliklerde we şikes ýeten 
halatynda dokumalara we beden agzalaryna
hirurgiýa ýoly bilen täsir etmek arkaly ýerine 
ýetirilýän gaýragoýulmasyz bejergisi, kömegi. 2ser
Amal.

Operasiýa etmek dokumalara we beden 
agzalaryna hirurgiýa ýoly bilen täsir etmek arkaly 
bejergi işini amala aşyrmak. 
OPERATOR [opera:tor], at. 1. Haýsydyr bir 
enjamyň işlemegini ýola goýýan we oňa hyzmat 
edýän hünärmen. 2. Kinofilmi surata düşürýän 
hünärmen.
OPERETTA [opere:tta], at, sazç. Kiçi sazly 
drama eseri (tans, aýdym we gepleşik bilen geçýän 
gülki häsiýetli sazly drama eseri). 
OPMA [opmo], iş ady. Opmak ýagdaýy. 
OPMAK [opmok], işl. Yzgar çekmegi sebäpli 
ýykylmak, aşak çökmek, hopmak. Haýatyň aşagy 
opupdyr. 
OPMAKLYK [opmokluk], iş ady. Opmak 
ýagdaýy. 
OPTIKA [o:ptika], at. Fizikanyň aýry-aýry 
ýagdaýlarda ýagtylygyň ýaýraýşyny we onuň başga 
jisimler bilen özara täsirini öwrenýän bölümi. 2
Optiki enjamlaryň we sistemalaryň umumy ady. 
Optika önümçiligi. 
OPTIKI [o:ptiki], syp. Optika degişli. Optiki 
enjamlar. 
OPUBERMEK 
[opuvermek], 
işl. 
Opup 
ýumrulybermek, opurylyp çökübermek. 
OPURMA [opurmo], iş ady. Opurmak ýagdaýy. 
OPURMAK [opurmok], işl. 1. Goparyp 
aýyrmak, oýup goparmak, ýykmak. Ýagan güýçli 
ýagyş derýanyň hanasynyň gyralaryny opurypdyr. 2
göç.m. Ýok etmek, ýüz öwürmek. Gadymy zyýanly 
pikirleri opuryp taşlajak, täze pikirler döretjek, täze 
düşünjeler öwretjek, täze göreldeler görkezjek biz 
dälmidiris (B. Kerbabaýew). 3göç.m. Haýsydyr bir 
ýerde ýykgynçylyk edip, galmaz ýaly zyýan 
ýetirmek, opurylyşyga alyp barýan hereketleri etmek.
OPURMAKLYK 
[opurmokluk], 
iş 
ady. 
Opurmak ýagdaýy. 


144 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   253   254   255   256   257   258   259   260   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling