Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
OMRAKAÝ [omrokoý], hal. 1
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
OMRAKAÝ [omrokoý], hal. 1. Bol, köp, ep-esli.
Agzyndakyny ýuwudyp, ýagdan omrakaý aldy (B. Kerbabaýew). 2. Ýokarrakdan, burnuň üstünden ýaşynmak (ýaşmak hakynda). Birdenkä bolsa aljyraňňylyga düşüp, ýaşmagyny omrakaý ýaşyndy (B. Kerbabaýew). 3. Ýogyn, togalak (düwün düwlüşi hakynda).Çyplak eýerlenen ulaglaryň guýruklary omrakaý düwlüp, uýanlary gaňtarylyp goýulýardy (B. Kerbabaýew). OMRUBERMEK [omruvermek], işl. Iki bölüp, döwüp aýrybermek, döwübermek. OMRUGRAK [omruğra:k], syp. Biraz, sähel omruk. OMRUK, syp. Erňegi uçan, döwlen (ser. Ommuk). Omruk küýze. OMRULMAK [omrulmok], işl. Döwlüp aýrylmak, döwülmek, uçmak. Elbetde, iki goç götinläp, zarba bilen baş uranda, biriniň ýa şahy uçmaly ýa-da oňurgasy omrulmaly bolýar (H. Derýaýew). 140 OMRULYŞMAK [omruluşmok], işl. Köpüsi, bary omrulmak. Görsem, käýerdäki baglaryň äpet şahalary omrulyşyp ýatan eken (R. Gelenow). OMRUŞ, iş ady. Omurmak ýagdaýy. OMRUŞDYRMAK [omruşdurmok], işl. Hemmesini döwüşdirmek, ýykyşdyrmak, ýumruşdyrmak, omurmak. Ala sygyr agaçlaryň şahalaryny omruşdyrypdyr. OMRUŞMAK [omruşmok], işl. 1. Omurmaga kömek etmek. Agajyň guran şahalaryny omruşmak. 2. Bilelikde omurmak. Olar ýogyn ojarlary omruşyp ýördi. OMURDAN [omurdon],at. 1. Goluň bedene birigýän ýeri, çigin. El uzadanyň goluny omurdanyndan omrup taşlaryn (B. Kerbabaýew). 2. Egin-eşigiň ýeňiniň omza birigen ýeri. Biriniň jalbary elhal syrdambitin bolsa, köýnegi omurdanyndan düşüp, çigni gyzaryp durdy (H. Derýaýew). OMUR-JOMUR: omur-jomur etmek güýç talap edýän bir işi derrew ýerine ýetirmek, çalt hötdesinden gelmek. Ýaşulynyň edenli ogly bar, suw tutmalam bolsa, ýer depmelem bolsa, ýandak ýatyrmalam bolsa, öňünde iş duranok – edil ýöne omur-jomur edip barýar. OMURMA [omurmo] I, iş ady. Omurmak ýagdaýy. OMURMA [omurmo] II, at, ser. Goşa. Şeýle çus bolsa-da, oslagsyz oturan pyýada omurmasyna ok salýança, çöl guşy asmana göterildi ( Edebiýat we sungat ). OMURMAK [omurmok], işl. Iki bölmek, döwüp aýyrmak, döwmek. OMURMAKLYK [omurmokluk], iş ady. Omurmak ýagdaýy. OMURTDYRMAK [omurtdurmok], işl. Bir zady birine omurtmak. OMURTMAK [omurtmok], işl. Omrular ýaly etdirmek. Howludaky ýogyn ojar Atamyrat aga omurdar öýdemok. OMUZ, at. 1. Bedeniň boýun bilen gol aralygyndaky bölegi, egin, omurdan. Özüniň güýçli bilegine, omuzlaryna daýanyp, garşydaşynyň bilini alardy (Ý. Mämmediýew). 2. Egin-eşigiň ýakasy bilen ýeňiniň aralygyndaky bölegi. Onuň çep omzunda nämelerdir bir zatlar ýazylgy tegelek demir bardy ( Edebiýat we sungat ). OMUZLAGRAK [omuzloğra:k], syp. Biraz omuzlak. OMUZLAK [omuzlok], syp. Ýasy çiginli, eginlek, gerdenlek. Bu on bäş ýaşly omuzlak ýigitdi (A. Atajanow). OMUZLAMA [omuzlomo], iş ady. Omuzlamak ýagdaýy. OMUZLAMAK [omuzlomok], işl. Türkmen göreşinde biri-biriňe omzuňy diräp tutluşmak. Pälwanlar biri-birini omuzlap, gaçarak saklanyşyp, eýläk-beýläk itnişip, tegelegiň içinde öwrüm etdiler ( Edebiýat we sungat ). OMUZLAŞMAK [omuzloşmok], işl. Biri-birine omuz direşmek, biri-birini omuzlamak. Aýdurdyň erkegi birden kellesini sypdyryp, Ýagmyryň erkegi bilen omuzlaşdy (N. Pomma). OMUZLAÝYŞ [omuzloýuş], iş ady. Omuzlamak ýagdaýy. OMYN [o:muýn], at. Alla kabul etsin, goý şeýle bolsun diýen manyda ulanylýan söz. Baryň, ýoluňyz ýagty, maňlaýyňyz açyk bolsun! Omyn! (G. Kulyýew). Omyn diýip galmak ekilen ekinler gowy gögermek, ösmek. Omyn etmek aýat-töwwir etmek, töwwir galdyryp bermek; töwwir galdyrmak. OMZABERMEK [omza:vermek], işl. Omzap ugramak. OMZAMA [omzomo], iş ady. Omzamak ýagdaýy. OMZAMAK [omzomok], işl. 1. Güýç bilen öňe dyzamak, öňe süýşmäge çalyşmak. öňe sürünmek. Dyknyşyga düşen ýigit bar güýji bilen omzap, jaýyň daşyna çykmak isledi. 2. Oturan ýerinden birine tarap golaý süýşmek, sürünmek. Oturan ýeriňe suw çykdymy, ýöne maňa baka omzap gelýäň?!. OMZAMAKLYK [omzomokluk], iş ady. Omzamak ýagdaýy. OMZAŞMAK [omzoşmok], işl. Birnäçe bolup, öňe omzamak. Olar ony ykjam diňlemek üçin ileri- ileri omzaşdylar (A. Nazarow). OMZATMAK [omzotmok], işl. Bar güýji bilen uzatmak. Ol üzeňňili aýagyny ilerräk omzadyp, arkan gaýyşdy (B. Kerbabaýew). OMZAÝYŞ [omzoýuş], iş ady. Omzamak ýagdaýy. ON [o:n], san. 10 belginiň ady we onuň aňladýan sany. Halysynyň kenary, on barmagnyň hünäri (Hüwdüden). On iki synaň gowşamak tutuş bedeniňde gowşaklyk duýmak, lagşamak, ysgynsyzlanmak. Onuň on iki synasynyň bary birden gowşady, endamyny sowuk der gaplap aldy (B. Kerbabaýew). ONBAŞY [o:nmaşy], at. 1. taryh. On esgeriň serkerdesi. 2. Oglana dakylýan at. ONBAŞYLYK [o:nmaşylyk], at. Onbaşynyň wezipesi, ýagdaýy. ONBEGI [o:nmeği], at. 1. ser. Onbaşy. Onbegi nämäniň nämedigine diňe şonda düşünip galdy (Ý. Pirgulyýew).2. Adam ady. ONBEGILIK [o:nmeğilik], at. Onbeginiň ýagdaýy. ONBIRATAR [onmi:ratar], at. Daragyna on bir ok ýerleşýän tüpeň. ONBIRÇILLE [onmi:rçille], at. Tara daragynyň syklygyny we inini, şonuň ýaly-da dokalan matanyň inini aňladýan ölçeg birligi. ONÇA [onço], çal. 1. Onuň ýaly ýagdaý, beýle ýagdaý. Ol işi bitirmi, bitirmezmi, onçasyny bilemok (B. Seýtäkow). 2. Onuň ýaly köp mukdardaky. Toba! Toba! Onça puly nätjek? (A. Nazarow). 3. Göz öňünde tutulýan adamça, onuň ýaly, onuňça, biriçe. Men, näme, onça ýokmy, onuň başaranyny başarmaz 141 öýdýärmiň? 4. Deňeşdirilýän zatça. Bu matany-ha onça göremok. ONÇAKLY [onçokly], hal. O diýen, şeýle bir, beýle. Biz şol işi wagtynda onçakly başarmadyk (H. Derýaýew). ONÇA-MUNÇA [onço-munço], syp. Onuň ýaly, munuň ýaly, eýle-beýle. Onça-munça zatlary geňläp oturasy iş ýok. ONÇA-ONÇA [onço-onço], syp. Şolar ýaly, olar ýaly, şonuň ýaly, onuň ýaly, ol hili. Onça-onça kynçylyga döz geljek bolmaly. ONÇILLE [o:nçille], syp. Tarada dokalýan matanyň ini on çilleden ybarat (ser. Çille). Onçille keteni. ONDA [onno], hal. Soňky ýagdaýda, indiki ýagdaýda.Okasyň gelmeýän bolsa, onda näme işlejek? ONDA-MUNDA [onno-munno], çal. 1. Her ýerde, käbir ýerlerde. Häli-şindi, onda-munda raketalar atylyp, gijäni gündizlige öwürýärdi (H. Ysmaýylow). Daň ýyldyzy ýokary galdygyça, aşagy agaryp, onda-munda gögerişip oturan çöp-çalamlar görnüşip, töwerek giňän ýaly bolup başlady (H. Derýaýew). 2. Her hili geňlenäýmegi mümkin ýerde. Saňa onda-munda görünýärmişiň diýýärler, şol aýdylýanlar ugrunda barmy? ONDAK-MUNDAK [onnok-munnok]: agzyňy ondak-mundak urmak birine diliňe gelen hapa sözleri aýtmak. Sen agzyňy ondak-mundak uran bolma. ONDAN-MUNDAN [onnon-munnon], çal. O ýerden – bu ýerden, her ýerden, nirelerdendir bir ýerden, eýleden-beýleden. Ýelli ondan-mundan eşiden sözlerini ýadyna saldy (A. Gowşudow). Iki goja şeýdip, ondan-mundan söz açyp, ýerlerinden turman işlediler (G. Kulyýew). ONDAN-OŇA [onnon-oňo], çal. Bir ýerden başga bir ýere, ol ýerden başga bir ýere, iki ýana. – ...Buşluk! – diýip, habar berýän çagalar oba arasynda ondan-oňa ylgaşýardylar (B. Kerbabaýew). Tüsseleç bulut bölekleri ondan-oňa asuda göçüp-gonup ýör ( Edebiýat we sungat ). ONGÜNLÜK [o:nğünlük], at. 1. Aýyň üçden biri, on günüň içindäki wagt. Aýyň birinji ongünlüginde howa maýyl boldy. 2. On gün möhlet bilen dowam edýän medeni çäre. Bu kitap türkmen edebiýatynyň we sungatynyň golaýda geçiriljek ongünlügine gabatlanyp çykaryldy. ONKOLOG [onko:lok], at. Onkologiýa boýunça hünärmen (lukman). ONKOLOGIÝA [onkolo:ğiýa], at. Lukmançylygyň çişleriň ýüze çykmagynyň sebäplerini, olaryň ösüşini, şeýle-de çişli keselleriň döremeginiň öňüni almagy we olary bejermegi öwrenýän bölümi. ONLAMA [o:nlomo], at, edeb. Goşgy düzülişiniň on setirden durýan görnüşi. ONLARÇA [o:nlorço], syp. Ençeme ondan ybarat . ONLUK [o:nluk], at. 1. 10 belgini görkezýän sanyň ady. Olaryň gözündäki onluk, ýüzlük, bäş ýüzlük nomerleri seljerdi (B. Kerbabaýew). 2. On manatlyk kagyz ýa-da gyzyl metal pul. Ol jübüsinden bir onluk çykaryp berdi. 3. Oýnalýan on gülli kart. Kim bilýär bankçy oňa näme biýr, Onluk gelip düzelermi ýigrimbir (A. Kekilow). 4. Käbir zatlaryň ölçegini kesgitleýän, görkezýän san. Ol ýanyp duran onluk çyranyň ýagtysyna kitap okaýardy (A. Gowşudow). ONSOŇ, hal, ser. Soňra. ONSUZ, hal. Ol ýok bolsa, ol bolmasa, ol bolmadyk halatynda. Onsuz günümiz geçmez. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling