Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
OKLAMAK [oklomok] I, işl. Bir zady bir ýerden
başga bir ýere zyňmak, taşlamak. Jübüsindäki petde kagyzy patladyp, onuň öňüne oklady (B. Kerbabaýew). Gaçyran köwşüni aldy-da, päheý diýip, iç işige gowuşgynsyz oklap goýberdi (H. Derýaýew). OKLAMAK [oklomok] II, işl. l. Ot açýan ýaraglaryň agzyna ok sürmek. 2. Peşeňiň içine däridir seçme, gülle salyp taýýarlamak. OKLAMAKLYK [oklomokluk] I, II, iş ady. Oklamak ýagdaýy. OKLANMAK [oklonmok] I, işl. Biri ýa-da bir zat nirädir bir ýere zyňylmak, taşlanmak. Itiň öňüne uly bir omaça oklandy. OKLANMAK [oklonmok] II, işl. Ýaraga ok sürülmek, salynmak. Tüpeňler oklandy. OKLAŞDYRMAK [okloşdurmok] I, işl. Oklap çykmak, hemmesini taşlaşdyrmak, zyňyşdyrmak. Çöregiň ýeke-ýekeden arkasyny gazaşdyryp, saçagyň üstüne oklaşdyrdy (A. Durdyýew). OKLAŞDYRMAK [okloşdurmok] II, işl. Ot açýan ýaraglara ok sürüp çykmak; gülle bilen gülleläp çykmak. OKLAŞMAK [okloşmok] I, işl. 1. Zyňmaga, oklamaga kömekleşmek. Jaý salýan ussa kerpiç oklaşmak. 2. Bilelikde oklamak. Adamlar garpyzlary biri-birine oklaşyp, derrew maşyna ýüklediler. OKLAŞMAK [okloşmok] II, işl. Birine peşeňiň içine däridir seçme salyşmak. OKLATMAK [oklotmok] I, işl. Zyňmaga, oklamaga ýol bermek, mümkinçilik döretmek, mejbur etmek. OKLATMAK [oklotmok] II, işl. Ýaraga ok sürdürmek; peşeňi ok-däri bilen doldurtmak. OKLAW [oklow], at. Hamyr ýaýmak üçin ulanylýan, çybyk şekilli edilip, agaçdan ýasalýan bir ujy inçemik aşhana guraly. Oklaw ýaly gös-göni, dos-dogry, hiç ýana gyşarmaýan. Oklaw ýaly köçeler. Oklaw (agaç) ýuwdan ýaly dim-dik bolup duran, dikelip duran, doňan ýaly bolup duran. Ol oklaw ýuwdan ýaly bolup, dim-dik bolup durdy. 138 OKLAÝYŞ [okloýuş] I, II, iş ady. Oklamak ýagdaýy. OKLUK, at. Ok gaby; sagdak. OKLUKIRPI, at. Gemrijiler maşgalasyndan bolan, bedeni syh-syh, ala uzyn tikenli süýdemdiriji haýwan. OKLY, syp. Ok sürlen, içinde oky bolan (tüpeň hakynda). OKLY-GÖKLI [oklu-ğöklü], hal, gepl.d. Biri bilen gatnaşygy aňrybaş derejede erbet, gaty ters. Okly-gökli bolmak. OKSUZ, syp. Ok sürülmedik, okhanada oky bolmadyk. OKSUZLANDYRMAK [oksuzlonnurmok], işl. Ot açýan ýaragyň okuny çykarmak, aýyrmak. OKTÝABR [oktyýa:vyr], at. Milady senenamasy boýunça ýylyň onunjy aýy. OKUMA [okumo], at. Eliň barmaklarynyň bognundan çykýan ýiti agyryly çykuw. OKUMYŞ [okumuş], at. 1. Bilimli, ylymly, köp okan adam. Asyl okumyş adamynyň sözleri bir başga, ap-aýry bolaýýar (A. Gowşudow). 2. göç.m. Köpbilmişlik,mekirlik edýän, köpbilmiş, mekir, hilegär. Serwijan özüni okumyş bilip ýördi ( Görogly ). OKUMYŞLYK [okumuşluk], at. Okumyşyň ýagdaýy, okumyş bolmaklyk. OKUNMAK [okunmok]: duşman okunmak özüňe duşman bilmek, duşman saýmak, duşmandyr öýtmek.Biderek ýerden duşman okunmak nämä gerek (A. Gowşudow). OKURYK [okuruk], at. Juwazyň ýüküni (leňňerini) malyň boýny bilen birleşdirýän agaç. OKUW, at. 1. Bilimi, taglymaty, endigi özleşdirmek, türgenleşdirmek, ele almak üçin geçirilýän çäre. 2. Aýry-aýry derslere bagyşlanan sapak. 3. gepl. d. Okuw jaýynda berilýän hünär. Hoşgeldi, ýogsa-da, seniň gutaran okuwyň haýsy ugurdandyr (A. Gowşudow). OKUWÇY, at. 1. Başlangyç, orta, ýörite orta, hünärment mekdeplerinde okaýan oglan, gyz. 2. Biriniň ýolbaşçylyk etmeginde ylym alyp, onuň taglymatlaryny dowam etdirýän adam, şägirt. Beýik alymyň okuwçysy. 3. Bir hünäri, senedi öwrenýän öwreniji. OKUWÇYLYK [okuwçuluk], at. Okuwçynyň ýagdaýy, okuwçy bolup okamaklyk. Bu sowal oňa okuwçylyk döwründe-de ynjalyk bermeýärdi (B. Seýtäkow). OKUWLY, syp. Okap sowat alan, bilimli, ylymly. Ol okuwly hem örän görmegeý adamdy (H. Derýaýew). OKUWLYLYK [okuwluluk], at. Okuwy barlyk, okuwly bolmaklyk. OKUWSYZ [okuwsuz], syp. Ýörite bilim almadyk, bisowat. OKUWSYZLYK [okuwsuzluk], at. Okuwly dällik, okuwy ýokluk, sowatsyzlyk, bilimsizlik. Okuwsyzlyk görer göze körlükdir, Tä ölýänçäň öz janyňa horlukdyr (Mollamurt). OKYJY [okuýjy], at. 1. Çeper, ylmy we ş.m. eserleri okaýan, okamak bilen meşgullanýan adam. 2. Jemgyýetçilik kitaphanalaryna, okalgalara gatnap, kitap okaýan adam. Etrap merkezinde ýerleşen kitaphana okyjylara göreldeli hyzmat edýär. OKÝAP [okýa:p], at. Esasy göni ýap. ...Ol okýabyň boýy bilen gowaça meýdanynyň ortasyna baka ýöräp ugrady (Ö. Abdyllaýew). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling