Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet240/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   236   237   238   239   240   241   242   243   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OBALY [o:voly], syp. 1. Obada ýaşaýan, obanyň 
ýaşaýjysy. Obaly oglan. 2. Oba bilen bagly, oba 
dahylly. Ýygnakda oba hakynda kän gürrüň edilipdir 
diýýärler, ahyrynda obaly gürrüň näme bilen 
gutardyka? 
OBALYK [o:voluk], at. 1. Oba ýeri, oba bolup 
oturylan ýer, oba bar bolan ýer, obaçylyk, obaly ýer. 
Tilkijik ýola düşüp gidip barýarka, duşundan bir 
obalyk çykýar (Halk ertekisinden). Obalykda 
jarçynyň sesi ýaňlandy (A. Gowşudow). Onuň bir 
ujy ilerki gum eteginden başlap, gaýraky 
obalyklaryň eteginde gutarýardy (B. Seýtäkow). 
OBAMA-OBA [o:vomo-o:vo], hal. Gezek-
gezegine hemme obalara, ol obadan beýleki oba.  
Onuň ýol boýy obama-oba sowlup, öz dostlarynyň 
ýanyna baryp, ine şu hem gelşi eken (A. 
Gowşudow). Şatlykly habary obama-oba aýdyp 
çykdyk. 
OBA-OBA [o:vo-o:vo], hal, ser. Obama-oba
Aýlansaň-da oba-oba, Taýmaz ýaly bälçik baba 
Tapaýmarsyň, tapaýmarsyň... (K. Gurbannepesow). 
OBA-ŞÄHER [o:vo-şäher], at. Oba hem şäher. 
Oba-şäherlerimizde abadançylyk işleri güýçli depgin 
bilen alnyp barylýar. 
OBLAST [o:blast], at, taryh. TSSR 
döwründe iri bäş sany administratiw-çäk birligi. 
Aşgabat oblasty, Mary oblasty, Daşhowuz oblasty, 
Çärjew 
oblasty, 
Krasnowodsk 
oblasty.
 
Berdimuhamet Annaýew on ýyldanam gowrak wagt 
mundan öň, Aşgabat oblast magaryf bölüminiň 
ýollamasy bilen şu oba mekdep direktory bellenipdi 
(Gurbanguly Berdimuhamedow, Döwlet guşy). 
OBRAZ 
[o:buroz], 
at. 
Çeper 
eseriň 
gahrymanynyň häsiýeti, keşbi. B. Kerbabaýewiň 

Aýgytly ädim

romanynyň baş gahrymany Artygyň 
obrazy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   236   237   238   239   240   241   242   243   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling