Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


OBURMA [o:vurmo], iş ady. Oburmak ýagdaýy. OBURMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet241/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   237   238   239   240   241   242   243   244   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

OBURMA [o:vurmo], iş ady. Oburmak ýagdaýy.
OBURMAK [o:vurmok], işl. Bir zadyň içini, 
ýüzüni, gyrasyny oýmak; goparmak. Güýçli gelen 
suw derýanyň hanasynyň gyralaryny oburupdyr
Çukuryň gyrasyny oburmak. 

Näme, haýatyň 
düýbüni oburyp çykdyňyz?

 diýip, çagajyklaryň ejesi 
gatyrgandy. 
OBURMAKLYK 
[o:vurmokluk], 
iş ady. 
Oburmak ýagdaýy. 
OBURTMAK [o:vurtmok], işl. Bir zadyň içini, 
ýüzüni, gyrasyny oýdurmak, oýular ýaly, gopar ýaly 
etdirmek. 
OBURYLMAK [o:vurulmok], işl. Bir zadyň içi, 
ýüzi, gyrasy oýulmak, gopup aýrylmak. Haýatyň 
käbir ýeri oburylypdyr. 
OBURYLYŞMAK [o:vurluşmok], işl. Belli 
derejede, birneme oburylmak. 
OBURYŞ [o:vuruş], iş ady. Oburmak ýagdaýy. 
OBURYŞMAK [o:vuruşmok], işl. 1. Oburmaga 
kömek etmek. 2. Bilelikde oburmak. Çagajyklar 
elleri kiçijik pilli haýatyň düýbüni oburyşyp durdular


133 
OÇERK [o:çerk], at, edeb. Durmuşy wakany 
beýan edýän uly bolmadyk edebi eser. Ylaýta-da 
türkmen nebitçileriniň durmuşyndan hekaýalary we 
oçerkleri köpräk çap etmek gerek (

Watan

). 
ODA [o:do] I, at,edeb. Taryhy wakanyň ýa-da 
belli şahsyň hormatyna dabaraly äheňde ýazylan 
şygyr, waspnama.
ODA-KÖZE [o:do-kö:zö]: oda-köze düşmek 
ynjalygyň gaçyp, iki ýana urunmak, howsalaly 
ýagdaýa düşmek, gyssanmak. Ogulnur bu habary 
eşidip, oda-köze düşdi (H. Derýaýew). 
ODANMA [o:donmo], iş ady. Odanmak ýagdaýy. 
ODANMAK 
[o:donmok], 
işl. 
Bir 
zada 
gynanmak, bir zadyň ugrunda oda-köze düşmek. 
Onuň sözleri Garlynyň gahar bilen odanýan ýüregini 
sowadyp bilmedi (N. Jumaýew). Gyzlar näçe 
odansalaram, mundan artyk anyklap bilen zatlary 
bolmady (

Edebiýat we sungat

). Sygyrlar, gök 
ýorunja gözleri düşüp, odanyp başladylar
ODANMAKLYK 
[o:donmokluk], 
iş 
ady. 
Odanmak ýagdaýy. 
ODANYŞ [o:donuş], iş ady. Odanmak ýagdaýy. 
ODANYŞMAK [o:donuşmok], işl. Bilelikde 
birnäçe bolup odanmak. 
ODUGYBERMEK [o:duğuvermek], işl. Hyjuwy 
artybermek, öjügibermek, gyzybermek. 
ODUGYŞ [o:duğuş], iş ady.Odukmak ýagdaýy. 
ODUK-BUDUK, at. Aňry-bäri, ojuk-bujuk zat. 
Bar, mamaňa aýt, iýmäge-de oduk-buduk taýynlasyn 
(G. Kulyýew). Horjuna oduk-buduk salyşdyr (A. 
Nazarow). 
ODUKDYRMAK [o:dukdurmok], işl. Odugar 
ýaly etmek, odukmak derejesine ýetirmek. Perman 
ony has-da odukdyrmak üçin, ýüzüni bir gapdala 
sowup, çalaja ýylgyrdy (A. Gowşudow). Şol 
gürrüňler Aýnany 
büs-bütin odukdyrdy 
(B. 
Kerbabaýew). 
ODUKDYRYJY [o:dukdurujy], syp. Hyjuwyny 
artdyryjy, öňküden hem beter gazabyny artdyryjy, 
öjükdiriji. Olaryň ikisi-de sap söýginiň odukdyryjy 
güýjüni diňe indi duýup galdy (G. Kulyýew).
ODUKMA [o:dukmo], iş ady. Odukmak ýagdaýy. 
ODUKMAK [o:dukmok], işl. Hyjuwy has 
artmak, öňküden hem beter gyzmak, öjükmek. Sagjak 
ýaly edip aşagyndan geçmekçi bolanda, ota odugyp 
duran düýe ony depip goýberipdir (N. Pomma).
ODUKMAKLYK 
[o:dukmokluk], 
iş ady. 
Odukmak ýagdaýy. 
ODUN [o:dun], at. Ýangyç üçin böleklenen, 
owradylan ojar, çeti-çerkez ýaly agaçlar. Oduny 
ýygana ýakdyr, maly gazanana bakdyr (Nakyl). 
ODUN-ÇÖP [o:dun-çöp], at, ser. Odun. Olam 
agşama 
çenli 
odun-çöp 
ýygyp, 
çaý-çörek 
taýýarlamalydy (B. Annageldiýew). 
ODUNÇY [o:dunçy], at. Odun taýýarlamak bilen 
meşgul bolýan adam, odun ýygýan adam. Ýetim gözi 
çemçede, odunçyňky omçada (Nakyl). 
ODUNÇYLYK [o:dunçuluk], at. Odunyň, odun-
çöpüň köp ýeri, odunyň bol ýeri. 
ODUNLY [o:dunly], syp. Oduny bar bolan, 
oduny bol. 
ODUNLYK [o:dunluk], syp. 1. Odun üçin 
ulanylýan, ýakylýan (agaç). Odunlyk agaç. 2. at. 
Odunyň bol ýeri. Odunlyk meýdan. 
ODUNLYLYK [o:dunluluk], at. Oduny barlyk. 
ODUNSYZ [o:dunsuz], syp. Oduny ýok, oduny 
bolmadyk. 
ODUNSYZLYK [o:dunsuzluk], at. Odunsyz 
bolmaklyk, oduny ýokluk. 
ODUNHANA [o:dunha:na], at. Odun saklanýan 
jaý, tam. 
ODUR-BUDUR [odur-vudur], at. Aňry-bäri, 
oduk-buduk, ojuk-bujuk, ownuk-uşak. Ol eli sypynan 
wagty odur-budur ýasamak bilen meşgullanýardy 
(

Edebiýat we sungat

).
OFISER [ofise:r], at, taryh. Ýaragly Güýçleriň 
ýolbaşçylar düzümine girýän harby gullukçy (ser
Serkerde). Serhetçi esgerler, ofiserler-de, Gelip 
myhman bolardylar bu ýerde (M. Seýidow).
OGAR-OGAR [oğor-oğor], at, çagalaryň biri-
biriniň yzyna hatara düzülip oýnaýan oýny.

Ogar-ogar oýnamak biri-biriniň yzyna hatara 
düzülip oýnamak. Ogar-ogar oýnaýas diýsene (G. 
Muhtarow, G. Seýitliýew). Ogar-ogar bolup 
ýörmek söw-söw syryşyp ýörmek, işsiz aýlanyşyp 
ýörmek, toparlanyşyp, bikär gezmek. Henizlerem 
gidip 
barýan 
ogar-ogar, 
togar-togar 
(K. 
Gurbannepesow). 
OGLAN [oğlon], at. 1. Erkek jynsly çaga, ogul 
çaga. Oglanlary kemala gelenlerinden soň, ikisi 
çopan-çoluk bolup gitdi, biri talabançylyk edip 
başlady (A. Gowşudow). 2. gepl.d., ser. Çaga
Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer (Nakyl). 
Oglana ýumuş buýur, yzyndan özüň ýüwür (Nakyl). 
3. Ýetginjek, ýigdekçe, ýigit; ýaş. Gözenekden 
bakma, oglan, Göz-gaşyňy kakma, oglan (Halk 
döredijiliginden). 4. göç.m. Ýetginjeklere, ýaş 
ýigitlere, köplenç, gyzlar, ýaş gelinler tarapyndan 
ýüzlenilende aýdylýan söz. Ýeri, oglan, sen bu ýerde 
näme işleýärsiň? (B. Kerbabaýew). 

Oglanlaryň ejesi erkek adamlaryň öz aýalynyň 
adynyň deregine käwagtlar ulanýan aňlatmasy. 
Geçen ýyl oglanlaryň ejesi çagalary bilen 
mellegimizi dyrmaşdyryp tohum atdy, ine ep-esli 
bugdaý 
çykdy 
duruberdi 
(A. 
Gowşudow). 
Oglanlaryň 
kakasy 
aýal 
maşgalalaryň 
öz 
adamsynyň adynyň deregine käwagtlar ulanýan 
aňlatmasy. 
OGLANLY [oğlonly], 1syp. Oglany, çagasy bar. 
Oglanly öý  bazar, oglansyz öý  mazar (Nakyl). 2
Oba ady. 
OGLANLYGYNA [oğlonluğno], hal. Entek 
oglanka, oglan wagtynda. Ol oglanlygna surat 
çekmegi arzuw edip başlapdy.
OGLANLYK 
[oğlonluk], 
at. 
Çagalyk, 
ýetginjeklik ýaşyna çenli bolan döwür, kiçilik. 
Bularyň üçüsi-de şu obada önüp-ösen, oglanlykdan 
bile gezen deň-duşlardy (A. Gowşudow). 


134 

Oglanlyk etmek ýaşlygy, tejribesizligi sebäpli 
kemter hereket etmek. Oglan ýaly ýaşy oglanlykdan 
geçen-de bolsa, hereketi, edim-gylymy, pikirlenişi
ogalnyňka meňzeş bolan, sada. Adam çykypsyň, 
oglan ýaly bolmasana. 
OGLANLYLYK [oğlonluluk], at. Erkek oglany 
bar bolmaklyk, oglanly bolmaklyk. 
OGLAN-OGLANJYK [oğlon-oğlonjuk]: oglan-
oglanjyk däl ýaş däl, çaga däl, zat görmedik däl, 
tejribesiz däl. 
OGLANSYRAMA [oğlonsuromo], iş ady. 
Oglansyramak ýagdaýy. 
OGLANSYRAMAK [oğlonsuromok], işl. Özüňi 
ýaş oglan ýaly alyp barmak. 
OGLANSYRAMAKLYK [oğlonsuromokluk], iş 
ady. Oglansyramak ýagdaýy. 
OGLANSYRAÝYŞ [oğlonsuroýuş], iş ady. 
Oglansyramak ýagdaýy. 
OGLANSYZ [oğlonsuz], syp. Ogly, oglany ýok, 
çagasyz . 
OGLANSYZLYK [oğlonsuzluk], at. Oglansyz 
bolmaklyk. 
OGLANTAK [oğlontok], syp. Entek ýaş, 
kämillige ýetmedik, oglanrak. Seni oglantak 
wagtymda görenim ýadymda. 
OGLAN-UŞAK [oğlon-uşok], at. Ýaş çagalar, 
bala-çagalar, kiçijik çagalar. – Goýun gelýä! – diýen 
gykylyk bilen aýal-erkek, oglan-uşak barysy, goýnuň 
öňünden çykyp, sürüli goýun-guzyny ýaňky 
Garaçuňňula gabadylar (H. Derýaýew). 
OGRAŞ [oğroş], at, syp., göd. s. Oýnaş. 
OGRAŞLYK [oğroşluk], at,göd. s. Özüňi ýeňles 
alyp barmaklyk, ahlak taýdan bozuklyk, orramsylyk. 
OGRUÇYLYK [oğruçuluk], at, ser. Ogrulyk
OGRULYK [oğruluk], at, 1. Ogrynyň kesbi.
2. Ogurlanan zat. Eziz atly iberip, ogrulyk 
ýöňkelýän ýigidi getirtdi (B. Kerbabaýew).
OGRY [oğry], at. Ogurlyk edýän adam, ogurlyk 
bilen meşgul bolýan adam. Ýalançy ýarymaz, ogry 
baýymaz (Nakyl). 

Ogry syrty gowşak nädogry iş edeni üçin 
müýnürgeýän, batyrgaý deprenmeýän. Kelekbaýyň 
hoşallyk bilen razy bolanyny gören märeke: 

Hä, 
ogry syrty gowşak bolýan eken

diýip düşündi (B. 
Kerbabaýew). 
OGRY-JÜMRI [oğru-jümrü], at, ser. Ogry
OGRY-KEZZAP [oğru-kezza:p], at. Ogry we 
hilegär, mekir, kezzap. Ogry-kezzap bilen obadaş 
bolma, 
Malyňdan 
aýyryp, 
aç 
eder 
seni 
(Magtymguly).
OGRYN [oğruýn], hal. Ýaşyrynlyk bilen, gizlin, 
bildirmän, duýdurman. O-da iller ýaly ätiýaç etdi, 
Kän gezek galpyldap ogryn seretdi (A. Kekilow). 
OGRYNÇA [oğruýnço], hal. Gizlinlik bilen, 
ýaşyrynlyk bilen, assyrynlyk bilen, ýuwaşlyk bilen, 
bildirmän, gizlin, ýaşyryn. Ol ogrynça kellesini 
öwrüp, Anton aganyň ýüzüne assyrynlyk bilen seretdi 
(H. Ysmaýylow).
OGRYN-DOGRYN [oğruýn-noğruýn], hal. Kä 
gizlin, käte-de açyk, ýaşyryn hem aýdyň, bildirip hem 
bildirmän. Ogryn-dogryn baksam gyza-geline, şonda-
da gelmezmiň ýigitlik çagy (Kemine). 
OGRYN-DOGRYNLYK [oğruýn-noğruýnluk], 
at. Gizlinlik hem açyklyk, ýaşyrynlyk hem aýdyňlyk, 
bildirip hem bildirmmän. Ogryn-dogrynlyk bilen iş 
görýänlere çäre görülýär.  
OGRYNLYK 
[oğruýnluk], 
at. 
Bildirmän 
gizlinlik bilen bir zat etmeklik. Emma weli, ogrynlyk 
bilen Gözele seretmesini kesmeýärdi (A. Durdyýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   237   238   239   240   241   242   243   244   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling