Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


NOWELLAÇY [nowe:llaçy], at. Nowella  ýazýan ýazyjy.  NOWGÜL


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet236/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   232   233   234   235   236   237   238   239   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NOWELLAÇY [nowe:llaçy], at. Nowella 
ýazýan ýazyjy. 
NOWGÜL [nowğül], at. 1. Täze gül, täze, ýaňy 
açylan gül. 2. Söýgüli ýar, gözel gyz-gelin. Başym 
gurban täze gelen nowgüle (Aýdymdan). 3. Gyza
dakylýan at. 
NOWHA [nowho], at. Agyly derdinme 
görnüşindäki aýdym. Aşyk bolan jandan umydyn üzer, 
Gijeler dynmaýyn nowhalar düzer (

Şasenem – 
Garyp

). 
NOWHANA [nowha:na], at. Derýadan baş, saka 
alýan giň uly ýap. Tejen derýasynyň özeni bolan 
nowhana örän çuňňurdy (B. Kerbabaýew). 
 NOWJUWAN [nowjuwa:n], syp. Ýaş ýigit; ýaş 
gyz. Eý soltan, bir nowjuwan, Bize otlar saldy gitdi 
(

Görogly

). Aýyp kylmaň, eý ýaranlar, nowjuwan 
elden gider (Mätäji). 
NOWRUZ, at. 1. Käbir Gündogar ýurtlarynyň 
hasaby boýunça täze ýyl çalşygy, täze ýyl çalşygynyň 
ilkinji güni, täze gün. Nowruzyň garyna bäsdeşlik 
edip oturan pagta synym oturmanam durmady (H. 
Garabaýew). 2. Oglana dakylýan at.

Nowruz baýramy Alynky Aziýada, Ýakyn we 
Orta Gündogarda, Orta Aziýada, şol sanda 
Türkmenistanda we Zakawkazýede ýazyň gelmegi 
bilen bellenýän baýram. 
NOWRUZGÜL [nowruzğül], at. 1. ösüml.d. 
Baldagy şahasyz we ýapraksyz, gülleri sary, gülgün, 
gyzyl reňkli köpýyllyk ösümlik. 2. Gyza dakylýan at. 
NOÝABR [noýa:vyr], at. Milady senenamasy 
boýunça ýylyň on birinji aýy. 
NOÝBA [no:ývo], at. Uzyn kösükli birýyllyk 
ösümlik, şeýle hem onuň süýri däneli hasyly. Noýba 
hasylyny ýygnamak. 
NOÝBALY [no:ývoly], syp. Noýba goşulan, 
noýba atylan, noýba garylyp bişirilen. Noýbaly unaş. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   232   233   234   235   236   237   238   239   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling