Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


bermek erk bermek, özbaşdak hereket etmäge  ygtyýar bermek.  NOGTALAMA


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet231/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   227   228   229   230   231   232   233   234   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

bermek erk bermek, özbaşdak hereket etmäge 
ygtyýar bermek. 
NOGTALAMA [noğtolomo], iş ady. Nogtalamak 
ýagdaýy. 
NOGTALAMAK [noğtolomok], işl. 1. Nogta 
salmak. Ol eşegi nogtalap mündi. 2. göç.m. Erk-
ygtyýaryny ele almak, ugruna goýbermän, özüňe 
garaşly etmek. Iki ýüregi biri-birine baglan güýji 
nogtalamak kyndy. 
NOGTALAMAKLYK [noğtolomokluk], iş ady. 
Nogtalamak ýagdaýy. 
NOGTALANMAK [noğtolonmok], işl. 1. Nogta 
salynmak.Onuň joşgunly höwesi birbada nogtalanan 
tez mal ýaly suslandy (B. Kerbabaýew). 2. Erki 
elinden alynmak, garaşly edilmek, örüsi daraldylmak. 
Ol özüniň nogtalanyny soň bilip galdy. 
NOGTALAŞMAK [noğtoloşmok], işl. 1. Nogta 
salmaga kömekleşmek. Öküzçäni nogtalaşmasaň, 
maňa başardanok. 2. Bilelikde nogtalamak.Oglanlar 
köşeklerini nogtalaşyp durdular
NOGTALATMAK 
[noğtolotmok], 
işl. 
Nogtalamak işini başga birine etdirmek, nogta 
saldyrmak. Göläni nogtalatmak. 
NOGTALAÝYŞ 
[noğtoloýuş], 
iş 
ady. 
Nogtalamak ýagdaýy. 
NOGTALY [noğtoly], syp. 1. Nogta salnan, 
nogtalanan. Nogtaly göle. 2. göç.m. Erk-ygtyýary 
alnan, erksiz, ygtyýarsyz. 
NOGTASYZ [noğtosuz], syp. 1. Kellesine nogta 
salynmadyk. 2. göç.m. Erk-ygtyýary alynmadyk, 
hereketi çäklendirilmedik. 
NOGUL [noğul], at. Köplenç, içi miwe huruşly 
togalak süýji. Gartaň aýallar aňyrdan gelýän 
adamlaryň üstünden pişme, nogul, nabat seçýärdiler
(B. Kerbabaýew).
NOGUL-NABAT [nogul-naba:t], at. Dürli 
görnüşdäki süýjüleriň, noguldyr nabadyň umumy 
ady. Nogul-nabat seçdi alyp tabagy, Ene arzuw edip 
ýagşydan-ýagşy (M. Myşyýew).
NOHUT, at. Kösükli birýyllyk ösümlik, şeýle 
hem onuň togalajyk dänesi, hasyly. – Biz suwly 
ýerden künji alyp bilemizok, sen künjini, nohudy 
düme ýerden aljak bolýaň diýip, oturan ýerinden 
hümürdedi (A. Gowşudow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   227   228   229   230   231   232   233   234   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling