Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


NÄMÄLIMLIK [nä:mä:limlik], at.1


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet228/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   224   225   226   227   228   229   230   231   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NÄMÄLIMLIK [nä:mä:limlik], at.1. Mälim, 
belli dällik, aýan bolmazlyk, gümürtiklik. Ýüreginde 
turan howsala, gorky, nämälimlik barha güýjeýärdi 
(B. Seýtäkow). 2. Tanyş dällik, nätanyşlyk. 
NÄNE [nä:ne], at. Ýapragy we baldagy 
gyzylymtyl, ýiti narpyz ysly, iýilýän ot. 
NÄRAHAT 
[nä:ra:hat], 
syp. 
Rahat däl, 
ynjalyksyz, rahady ýok, rahatsyz, galagop. Närahat 
ýürek. Närahat orun
NÄRAHATLYK [nä:ra:hatlyk], at. Rahat dällik, 
ynjalyksyzlyk, 
rahady 
ýokluk, 
rahatsyzlyk; 
galagoplyk. Onuň derde dözümli kalby närahatlyk 
bilen urýardy (G. Kulyýew). 
NÄRAZY [nä:ra:zy / nä:ra:zy:], syp. Birinden ýa-
da bir zatdan razy bolmadyk, razy däl.
NÄRAZYÇYLYK 
[nä:ra:zyçylyk 

nä:ra:zy:çylyk], at, ser. Närazylyk. Iki tarapda hem 
närazyçylyk bolmasyn.. 
NÄRAZYLYK [nä:ra:zylyk / nä:ra:zy:lyk], at. 
Birinden ýa-da bir zatdan razy bolmazlyk, razy 
dällik, 
makul 
bilmezlik, 
göwnejaý 
dällik. 
Ýoldaşlarynyň ýüzüne närazylyk bilen seretdi. 
NÄRSE [nä:rse], ser. Zat. Ol ne gözdür, kirpigi 
ýok, gaşy ýok? Gözlülerden ýagşy närseler görmüş 
(Magtymguly). 
NÄSAG [nä:sağ], syp. Sag däl, kesele duçar 
bolan, nähoş, syrkaw. Hekim näsagyň ýagdaýyny 
bilenden soň, uludan demini aldy.
NÄSAGÇYLYK 
[nä:sağçylyk], 
at, 
ser. 
NäsaglykOnuň gürrüň bermegine görä, näsagçylyk 
ilerki obalara-da ýaýrapdyr (G. Kulyýew). 
NÄSAGLAMA 
[nä:sağlama], 
iş 
ady. 
Näsaglamak, ýarawsyzlyk ýagdaýy. 
NÄSAGLAMAK [nä:sağlamak], işl. Kesele 
duçar bolmak, ýarawsyz bolmak, syrkawlamak, 
hassalamak, nähoşlamak. Birhili, bagrym sançýar, 
ýüregimiň ugry ýok, näsaglap ýörün öýdýän 
(

Edebiýat we sungat

).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   224   225   226   227   228   229   230   231   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling