Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Nepesiňi dürsemek, durlamak


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet224/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   220   221   222   223   224   225   226   227   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Nepesiňi dürsemek, durlamak demiňi 
dürsemek, durlamak, özüňi rastlamak, ynjalyk 
tapmak. Ol alňasaklyk bilen elindäki işini bir gapdala 
taşlap, nepesini dürsedi (

Edebiýat we sungat

). 
NEPIS [nepi:s], syp. Çeper ýerine ýetirilen, 
dokalan. Nepis haly.
NEPISLIK [nepi:slik], at. Owadanlyk, näziklik, 
ajaýyplyk, inçelik. Biziň halylarymyz nepisligi bilen 
göreni haýran galdyrýar. 
NEPÝAG [nepýa:ğ], at, gepl.d. Çyra guýulýan 
ýangyç, nebit. Gara çyraň peltesinden, Nepýagjyk-da 
ýokuşdyrdym (K. Gurbannepesow). 
NER, at. Bugra bilen arwanadan bolan erkek 
düýe iner. Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz 


123 
(Nakyl). Ner düýäniň örküji ýüňlek bolar, ýar-ýar 
(Toý aýdymyndan). 
NERESSE, 1. Ýetginjeklik ýaşyna ýetmedik, 
kemala gelmedik, ýetişmedik; ýaşajyk, gögele. 
Neresse çaga.2. göç.m. Biçäre, görgüli, görjegini 
görüp ýetişmedik (köplenç, ýaş ýogalan adam 
hakynda aýdylýar). Neresse zor sazandady.
NERKESat. Ak ýa-da sary gülli ösümlik, gül.  

 Nerkes göz owadan göz.
NERMEat. Döwek döwlende harmanyň daşyna 
halkalaýyn aýlanan däne gatyşykly saman üýşmegi, 
döwlüp, atmaga taýýar edilen ak ekin. Ýel güýçli 
bolmany üçin, nermäni olar örän ýokary zyňýardylar 
(B. Kerbabaýew). 


Nerme näzik sähel zada öýkeläp duran, sähel 
zady göwnüne alýan. Ne beýle nerme näzik bolupsyň. 
Nermeden doýan ýaly özüni hondanbärsi saýýan, 
gopbamsy (adam).
NERREKat. Kümüş we beýleki gymmat bahaly 
zatlardan ýasalýan bezeg şaýlaryň ýüzüne her hili 
görnüşde deşik deşmek üçin ulanylýan gural.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   220   221   222   223   224   225   226   227   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling