Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


NEMLEME, iş ady. Nemlemek ýagdaýy.  NEMLEMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet223/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   219   220   221   222   223   224   225   226   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NEMLEMEiş ady. Nemlemek ýagdaýy. 
NEMLEMEK, işl. Yzgar çekmek, çyg çekmek, 
öl çekmek, nemli bolmak.  
NEMLENMEK, işl. Yzgar almak, yzgarlamak, 
öllenmek. Ýagyş suwundan kemsiz nemlenen meýdan 
ýaşyl mahmal bürendi.
NEMLI, syp. Çyg çeken, yzgar alan, yzgarly, 
çygly. Niredendir bir ýerden üstüne ýagyş sepelän 
gury syzanyň, şor garaganyň şorumtyk nemli ysy 
şemala aralaşyp gelýärdi (A. Gowşudow).
NEMLILIKat. Çyg, yzgar alanlyk, yzgarlylyk, 
çyglylyk. 
NEMSIZsyp. Yzgarsyz, çygsyz, nem çekmedik, 
gury.
NEMSIZLIK, at. Yzgarsyzlyk, çygsyzlyk, öl 
dällik, gurulyk. 
NEMUNA [nemu:no]at, k.d.  Nusga.
NENEŇ

Nähili, nätüýsli, neneňsi

ýaly 
manylary aňladýan sorag çalyşmasy. Berdi aga, şol 
ogluň üçin gelmäge ýüzüň-gözüň neneň çydaýar? (A. 
Durdyýew).
NENEŇ-NIÇIK: neneň-niçik bolmak belli 
bolmak, bir ýaňalyk bolmak, belli netijä gelinmek. 
Men neneň-niçik bolandygyny düşündirdim. 
NENEŇSIçal.,ser. NeneňBegenjimden neneňsi 
öýe gelenimi hem bilmedim (R. Gelenow). 
NENES [ne:nes], at, ser. Nenesler
NENESLER [ne:nesler], at. Russiýada Kola 
ýarym adasyndan Ýeniseý derýasyna çenli aralykda 
ýaşaýan halk. 
NEOLIT [neýoli:t], at, arheol. Daş asyrynyň has 
soňky döwri, täze daş asyry. 
NEP, at. Peýda, haýyr. Şu dermanyň nepi 
degäýdi. 
NEPAGA [nepağa], at, kön.s. Nep. Munuň içki, 
aýratyn-da aşgazan agyrysyna nepagasy kän 
(

Saglyk

).
NEPES, at, kön.s. 1. Dem. Ellerinden dür 
dökülýän baharyň, Nepesi durlady çygly howasy (G. 
Ezizow). 2. Oglana dakylýan at. 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   219   220   221   222   223   224   225   226   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling