Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


NESIHAT [nesi:hat], at. Birine bir mesele, iş  hakynda berilýän öwüt-ündew, maslahat. NESIHATÇY


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet226/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   222   223   224   225   226   227   228   229   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

NESIHAT [nesi:hat], at. Birine bir mesele, iş 
hakynda berilýän öwüt-ündew, maslahat.
NESIHATÇY [nesi:hatçy], at. Nesihat, öwüt 
berýän adam, maslahatçy. Men seni nesihatçy bagşy 
diýip eşitdim (

Görogly

).
NESIHATLY [nesi:hatly], syp. Öwüt-ündewli, 
maslahatly. 
NESTEREN, at, kön.s. Ýabany bägül; itburun. 
Ýa reb, ol gülgün ýaňagyň gülmüdir ýa nesteren (Şah 
Ysmaýyl). 
NESÝE, at. Belli bir möhlete çenli bahasy, puly 
berilmän alnan, puly nagt berilmedik, nyrhy 
tölenmedik. Myraly goýunlaryny nesýe satjagyny 
aýdypdyr (

Myraly

).

 Nesýä geçmek nesýe almak, ynamyny ödemek, 
nagt tölemän almaga mynasyp bolmak; alyş-berişde 
ygtybarly hasaplanmak. 
NESÝE-NOWGAN [nesýe-nowğa:n], hal, ser. 
Nesýe. Çykarman ol hem sesini, Nesýe-nowgan 
kömek etdi (Ç. Aşyrow). 
NEŞDER, at. 1. Ujy ýiti dilkaw pyçajyk, gan 
almak üçin ulanylýan pyçajyk. Ol tenine neşder urlan 
ýaly tisgindi. 2. gepl.d.Ary, möý ýaly käbir mör-
möjekleriň çakýan ýiti iňňesi. Şol zarbada bat alyp
Çakdy neşderin dürtüp (B. Kerbabaýew). 3. göç.m. 
Şöhle. Günüň neşderleri depäňi deşip barýar (B. 
Hudaýnazarow).
NEŞE, at. 1. Tirýek, meň ýaly saglyk üçin 
zyýanly bolan humarlandyryjy jisimleriň umumy ady. 
Hemmeler neşe nogsanyna garşy aýaga galmaly 
(

Türkmenistan

). 2. Tirýek, meň çekmek, arak, 
çakyr içmek we ş.m. zatlar netijesinde adamda ýüze 
çykýan ýelgin, keýp. Biz olaryň ýanynda maşyny 
sakga durzup, olaryň neşesini uçurdyk (N. Pomma).3
göç.m. Ýykgyn edilýän zat, ýoň, nysak, ýörelge. 
Soňky döwurde gaty kop maşynly gelin getirmek neşe 
bolupdyr. 

Neşe bilmek bir zady dereje hasaplamak, öz 
artykmaçlygyňy görkezýän alamatdyr öýtmek, 
mertebe saýmak. Öňde-de biri sapançasynyň boş 
gabynyň içine daş hem aňry-bäri dykyp, biline 
guşanar eken, şony hem özüne neşe biler eken (A. 
Gowşudow). Neşäň gaçmak (uçmak) keýpiň 
bozulmak, keýpiň gaçmak. Waheý, bar neşämi 
gaçyrdyň-la, gyz (G. Muhtarow, G. Seýitliýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   222   223   224   225   226   227   228   229   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling