Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet204/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   200   201   202   203   204   205   206   207   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MYHMANSÖÝÜJILIK [my:hma:nsöýüjülük], 
at, ser. Myhmansöýerlik. Biz ähli ýerlerde 
myhmansöýüjiligi, mähremligi, ýürekdeşligi gördük 
(

Edebiýat we sungat

). 
MYJABAT [myja:vat], at. Nähak ýere ýöňkelen 
günä, töhmet, şyltak. 
MYJABATÇY [myja:vatçy], at. Töhmet atyjy, 
şyltakçy, ýersiz ýere birine aýyp ýöňkeýji. 
MYJABATÇYLYK [myja:vatçylyk], at. Töhmet 
atyjylyk, şyltakçylyk, aýyp ýöňkeýjilik. 
MYŽŽARMAiş ady. Myžžarmak ýagdaýy. 
MYŽŽARMAKişl. Suwy, şiresi çykyp durmak, 
ezilip, owlup, zaýalanyp myžžyk bolmak. Çelekdäki 
üzümler birnäçe gün geçenden soň myžžaryp başlady, 
MYŽŽARTMAK, işl. 1. Myžžyk etmek, ezip, 
basyp, suwuny, şiresini çykarmak. Erän gurşun ýaly 
ürgün çäge onuň dabanynyň astynda myžžaryp, 
yzynda 
hatara 
çukanak 
galdyrýardy 
(B. 


112 
Kerbabaýew). 2. göç.m. Myžžygyny çykarmak
mynjyratmak.
MYŽŽYKsyp. Suwa mazaly ezilen, öl bolan, öl-
suw, sykybermeli. Derlemekden ýaňa onuň köýnegi 
myžžyk boldy (N. Jumaýew). 

Myžžygyny çykarmak birini mazaly urmak
suwasalma edip urmak, gaty urmak.
MYKRAZ [mykyra:z], at. Sakgal, murt bejermek 
üçin ulanylýan kiçijikgaýçy. Meret mykraz haltany 
alyp, tamyň güneş ýüzüne çykdy (A. Durdyýew). 
MYLAKAT 
[myla:kat], 
at. 
Hoşamaýlyk, 
mylaýymlyk, ýakymlylyk, mähir, ýüzi açyklyk. Är 
öýüne är ger, mylakat görse, Ýüz tapmasa, gelmez 
çagyrmak bilen (Zelili). 
MYLAKATLY [myla:katly], syp. Mylakaty bar 
bolan, mylaýym, ýakymly, hoşamaý. Müdir pessaý 
ses bilen mylakatly sözledi (B. Kerbabaýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   200   201   202   203   204   205   206   207   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling