Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
MÜŇKÜRÇILIK
[müňkürçülük], at, ser.Müňkürlik. Müňkürçilik etmek. MÜŇKÜRLENMEK [müňkürlönmök], işl. Müňkür bolmak, bir zat hakynda gümürtik pikirde bolmak, betgümanlyk etmek. Onuň indi özi hem hatyň güýjüne müňkürlenip, keýpi bozuldy (N. Saryhanow). MÜŇKÜRLIK [müňkürlük], at. Müňkür bolmaklyk, betgümanlyk, şübhelilik. Şol gidip baryşlaryna Agaýunusyň göwnüne bir müňkürlik gitdi ( Görogly ). MÜŇLERÇE [müňlörçö], syp. Birnäçe müňden ybarat bolan. MÜŇŇÜRT, at. Balygyň bir görnüşi. MÜŇÝYLLYK, at. 1000 ýyl aralygyndaky, içindäki döwür, wagt, on asyrlyk döwür. MÜŇZEME [müňzömö], iş ady. Müňzemek ýagdaýy. MÜŇZEMEK [müňzömök], işl. Güýç bilen öňe hereket etmek, öňe omzamak, ümüdigiň öňe tarap edip dyzamak. Traktor müňzäp ugrady. MÜŇZEMEKLIK [müňzömöklük], iş ady. Müňzemek ýagdaýy. MÜŇZEŞMEK [müňzöşmök], işl. Ýerli-ýerden müňzemek, köp bolup omzamak. MÜŇZETMEK [müňzötmök], işl. Öňe tarap omzatmak, uly güýç bilen dyzatmak. Ol ýene traktory müňzetdi. MÜŇZEÝIŞ [müňzöýüş], iş ady. Müňzemek ýagdaýy. MÜRÇE-MIÝAN [mürçö-miýa:n], at, k.d. Garynja billi, inçe billi (gelin-gyzlaryň bili hakynda). Mürçe-miýan bil. MÜRÄHET, at. Edilýän hödür, hödür-kerem, hormat. Mürähet etmek teklip etmek, hödürlemek, hödür-kerem etmek, hormat etmek. Mürähede ýakyn hödür-kerem edilerine mähetdel, suw meýilli, çagyrybildigi bes, göwünjeň. 109 MÜRÄHETSIZ [mürähessiz], syp. Çagyryşa, hödür-kereme, hormata garaşman; mürähet edilmezden. Işiginde durdy-da, Mürähetsiz ätlemän, Salam berdi ardynyp, Golun gowşuryp durman (O. Täçnazarow). MÜREPBE [müröpbö], at. Şeker goşulyp gaýnadylan miwe önümi. Erik mürepbesi. Şetdaly mürepbesi. MÜREWWET [müröwwet], at,k.d. Rehim- şepagat,rehimdarlyk, ýagşylyk; nurbat,aman. Bir mürewwet eýläň bize, Köňlümniň armany, gyzlar ( Kasym oglan ). Duşmanyň hem düşer bolsa goluňa, Owwal başda bir mürewwet gerekdir (Magtymguly). MÜREWWETLI [müröwwetli], syp. Mürewweti bolan, mürewwet edýän, rehim-şepagatly. Meni mundan alyp gitdi, Mürewwetli jaýa eltdi ( Görogly ). MÜREWWETLILIK [müröwwetlilik], at. Mürewweti, rehim-şepagaty barlyk, mürewwete eýelik. MÜRIT [mürüýt], at, dini. Piriň şägirdi, pire gol beren, sopy. Pir azman, mürit azmaz (Nakyl). Altmyşymda pire mürit bolmuşam, Pygamber ýaşyny ýaşan günlerim (Magtymguly). MÜRRELIŞ [mürrölüş], iş ady. Mürrelmek ýagdaýy. MÜRRELIŞMEK [mürrölüşmök], işl. Kem- kemden mürrelmek; dura-bara mürrelmek, gysylyp, sykylyp mürrük bolmak. Mürrelişen narjagazlar heniz hem sallanyşyp dur (G. Kulyýew). MÜRRELME [mürrölmö], iş ady. Mürrelmek ýagdaýy. MÜRRELMEK [mürrölmök], işl. 1. Doly boýuny alman, mürrük, mürşük bolmak, ýygyrt- ýygyrt bolmak, mürşermek, mürüşmek, ýüzi ýygyrt- ýygyrt bolmak. MÜRRELMEKLIK [mürrölmöklük], iş ady. Mürrelmek ýagdaýy. MÜRRELTMEK [mürröltmök], işl. Mürrük ýagdaýa getirtmek, mürrelmäge mejbur etmek. Uky mürreldip barýan bolsa ýatyber. MÜRRÜK, syp. Kadaly ösmändigi sebäpli boýuny alman mürrelen, mürşük (gawun-garpyz, miwe hakynda). Hem hoz gerek, hem hozuň mürrügi (Nakyl). MÜRŞERIŞ [mürşörüş], iş ady. Mürşermek ýagdaýy. MÜRŞERIŞMEK [mürşörüşmök], işl. Dura-bara mürşermek, birnäçe zat mürşermek. MÜRŞERME [mürşörmö], iş ady. Mürşermek ýagdaýy. MÜRŞERMEK [mürşörmök], işl., ser. Mürrelmek. Garpyz güldüýbüleriniň bir-iki sanysy saralyp, mürşerip başlapdyr (N. Esenmyradow). MÜRŞERMEKLIK [mürşörmöklük], iş ady. Mürşermek ýagdaýy. MÜRŞERTMEK [mürşörtmök], işl. Mürşük ýagdaýa getirmek. Ol göwnüne deglen ýaly, ýüzüni mürşerdip, naýynjarlyk bilen egnini gysdy (N. Jumaýew). MÜRŞIT [mürşüýt], at. Pirleriň, sopularyň ýolbaşçysy. Bir mürşit goluny tutmasam bolmaz ( Şasenem – Garyp ). MÜRŞITLIK [mürşüýtlük], at. Mürşidiň käri, wezipesi. MÜRŞÜK, syp. Ýygyrt-ýygyrt bolan, gasyn- gasyn, mürşen. Ýüzi mürşük adam. Mürşük alma. MÜRT: mürdüni iýmek (çürtmek) iň oňat zatlary öz şahsy bähbidiň üçin peýdalanmak, gülüni çirtmek. MÜRTÜK, syp. Göýdük. Mürtük tokly. MÜRÜŞGÄR [mürüşğä:r], at. Aw öwredilýän guşlaryň seýsi, aw guşlary bilen meşgullanýan. Mürüşgärler guş edinjek bolanlarynda, eger olar höwürtgeden elguşuň ýumurtgasyny tapaýsalar, ony düýe ýüňüne dolap, biline daňýarlar ( Watan ). MÜRÜŞDIRMEK [mürüşdürmök], işl. Mürşük ýagdaýa getirtmek, mürşük etmek. Ol gelşiksiz ýüzüni mürüşdirdi. MÜRÜŞME [mürüşmö], iş ady. Mürüşmek ýagdaýy. MÜRÜŞMEK [mürüşmök], işl. Ýygyrt-ýygyrt bolup mürrelmek, mürşermek, ýygrylmak. Ukynyň derdinden ýüzi mürşüpdir, gasyn-gasyn bolupdyr. MÜRZE [mürzö], at. 1. Edaranyň ýazuw işlerini alyp barýan işgär, kätip. 2. Oglana dakylýan at. MÜSMINSOKAR [müsmüýnsokor], syp., ser. Misginsokar. MÜSÜR: müsür turmak bol hasyl bermek. MÜSÜRLI [müsürlü], at, ser. Müsürliler. MÜSÜRLILER [müsürlülör], at. Müsüriň esasy ilaty. MÜŞGILÇILIK [müşğüýlçülük], at, k.d. ser. Müşgillik. MÜŞGILLIK [müşğüýllük], at, k.d. Müşgil ýagdaý, agyr ýagdaý, kynlyk, kynçylyk, müşgilçilik. MÜŞK [müşük], at, k.d. Keýigiň belli tohumynyň göbeginden, şeýle hem käbir ösümlikleriň kökünden, tohumyndan alynýan ýiti ysly madda. Saçyna sepdigim müşk ile anbar ( Saýatly – Hemra ). Saçy müşk ysly ýufar, sünbüli-reýhan, bäri gel! (Mollanepes). MÜŞKI-ANBAR [müşkü-ammar], at, ser. Müşk.Müşki-anbar sepilen sümmül saçyňa (Mollanepes). MÜTDET [mütdöt], at. 1. ser. Möhlet. Geler mütdetinden ötüp baradyr ( Görogly ). 2. Wagt, pursat, halat. Ynha, bu mütdet her günde diňe iki gezek gaýtalanýardy (H. Derýaýew). MÜTGEL [mütgöl], at, gepl.d., ser. Mytgal.Egnimdäki mütgel köýnegim hem öl- myžžyk(B. Öwezow). MÜTI [mütüý], syp., gepl.d. Özüne berk, tutanýerli, ýerlikli, pugta, düşbi. Müti oglan MÜTIJE [mütüýjö], syp., gepl.d. Özüne berkje, ýerliklije, pugtaja, düşbüje. Mütije çaga göreniňden tanadýar. 110 MÜTRÜK [mütürük], at. Haýwanlara, guşlara düşýän goňrumtyl reňkli sakyrtga görnüşli möjejik. Mütrük ýaly ýapyşyp, ýelmeşip ýatan (adam hakynda). MÜTRÜKLEME [mütürüklömö], iş ady. Mütrüklemek ýagdaýy. MÜTRÜKLEMEK [mütürüklömök], işl. Mütrük düşmek, mütrük ýapyşmak. Köşek mütrükläpdir. MÜTRÜKLEMEZLIK [mütürüklömözlük], iş ady. Mütrük düşmezlik. MÜTRÜKLETMEK [mütürüklötmök], işl. Mütrük ýapyşmagyna ýol bermek, mütrük düşürmek. Wagtynda esewan etmän, köşegi mütrükledipsiň-dä. MÜTRÜKLEÝIŞ [mütürüklöýüş], iş ady. Mütrüklemek ýagdaýy. MÜWESSA [müwössa:] syp., kön.s. 1. Ýerlikli, maksadalaýyk, dogry, göwnejaý. Bular oýlap- ölçerişenlerinden soň ikisi iki ýerden hereket edip, barar ýaly ýere barmaly, nähak işiň bolmagyna ýol bermeli däl diýen karara geldiler we gijikdirmän, ertir ugruna çykmagy müwessa bildiler (A. Gowşudow). 2. syp. Laýyk, amatly. Bu bize tüýs müwessa ulag eken. MÜÝN,at. 1. Aýyp, ýazyk, etmiş, kemçilik. Ol henizem özünde müýn bardyr öýdenok (A. Durdyýew). 2. Edilen etmiş sebäpli döreýän utanç, çekinjeňlik, ýygralyk. Ýaş ýigidiň ýüzünden müýn perdesi syryldy (G. Kulyýew). MÜÝNLI [müýnlü], syp. Müýni bar, kemçiligi bar bolan, aýyply, ýazykly, etmişli. Nurjan öz töwereginde hiç kime gözi ilmänsoň, birhili müýnli ýaly daýandy (B. Kerbabaýew). MÜÝNLÜLIK [müýnlülük], at. Müýni barlyk, müýnli bolmaklyk, müýnsüz dällik. Wüşi kel müýnlülik bilen gaňrylyp, gapa seretdi (A. Gowşudow). MÜÝNSÜZ, syp. Müýni bolmadyk, müýni ýok, müýnli däl. Bir müýnsüz gözel bolmaz diýen ýaly, belki, bir kemçiliksiz adam hem azdyr (B. Kerbabaýew). Bir müýnsüz bolup özüni bir kemsiz hasaplap. Töre geçen aýal maşgala bir müýnsüz bolup, töweregine serenjam berýärdi. MÜÝNSÜZLIK [müýnsüzlük], at. Müýnsüz bolmaklyk, müýnli dällik. MÜÝNÜRGEME [müýnürğömö], iş ady. Müýnürgemek ýagdaýy. MÜÝNÜRGEMEK [müýnürğömök], işl. Ýerliksiz aýdan sözüň, bolgusyz hereketiň we ş.m. ýadyňa düşüp, özüňi günäli duýmak. Müýnürgäýin diýmezlik edenje ýaramaz hereketi ýadyna düşüp dursa-da, özüniň günälidigini boýun almazlyk, müýnürgejek bolmazlyk. Edeni-hä edeni weli, asyl müýnürgäýinem diýenok. MÜÝNÜRGEMEKLIK [müýnürğömöklük], iş ady. Müýnürgemek ýagdaýy. MÜÝNÜRGEMEZLIK [müýnürğömözlük], iş ady. Ýerliksiz aýdan sözüň, bolgusyz hereketiň we ş.m. üçin özüňi günäli duýmazlyk. MÜÝNÜRGEŞMEK [müýnürğöşmök], işl. Birnäçe bolup müýnürgemek. MÜÝNÜRGETMEK [müýnürğötmök], işl. Biriniň özüni müýnli saýmagyna sebäp bolmak, müýnürgemäge mejbur etmek. Olar jakgyldaşyp gülüşdiler, Ogulgözeli müýnürgetdiler (B. Kerbabaýew). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling