Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet193/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   189   190   191   192   193   194   195   196   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Mumly ýüplüge dönmek bir wakadan, 
ýagdaýdan soň ýuwaşamak, mylaýym, mylakatly, 


105 
salyhatly bolmak (adamyň häsiýeti hakynda). Ol 
häzir mumly ýüplüge dönüpdir (B. Pürliýew). Mumly 
ýüplük ýaly bolmak ser. Mumly ýüplüge dönmek. 
Ynha, äri bir gelsin bakaly, asyl mumly ýüplük ýaly 
bolarlar (H. Derýaýew). 
MUMYÝA [mu:muýa], at. Dagyň kert gaýasynyň 
jaýrygyndan çykýan, tebipçilikde ulanylýan, köplenç, 
garamtyl-goňur reňkli tebigy jisim. Şol döwügi 
seýiklärlik tebip tapyljagyna, şol döwügiň sepini 
kebşirlejek mumyýa el ýetjegine onuň akyly çatmandy 
(B. Kerbabaýew).

Mumyýa tüpeňlän ýaly ýerine ýetirmesi örän 
kyn, çetin (iş, mesele hakynda). 
MUNAZARA [muna:zara], at, kön.s. 1. Gadymy 
çeper edebiýatda şygyr düzülişiniň bir görnüşi. 2. 
Jedel, çekişme. 
MUNÇA [munço], hal. 1. Şeýle köp, şeýle 
mukdardaky, şunça, şeýle sandaky. Munça adam 
nireden ýygnandyka? (B. Seýtäkow). 2. Munuň ýaly, 
beýle, şeýle derejede. Ok degende munça akmandy 
ýaşyň, Aga begim, geňeşdarym, näme boldy? 
(

Görogly

). 
MUŇSY: çala muňsy çala mydar, çala başy 
gowşan. Çala muňsy jaýjagaz salan bolupdyrlar. 
MUŇSARMAK [muňsormok], işl., gepl.d. 
Gaýgylanmak, gamlanmak. Seýliň agyr güne galyp, 
muňsaryp durşuna dözmedik Nepes aga oňaýsyz 
ýagdaýa düşdi (

Garagum

). 
MUR [mu:r], at, k. d., ser. Garynja. Süleýman 
sen, mura bir gulak goýgul, Sözüni diňlegil, jogabyn 
aýgyl (Magtymguly). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   189   190   191   192   193   194   195   196   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling