Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
MUGT [muğut], syp., hal. Hiç hili çykdajysyz,
pulsuz, hak-heşdek tölenmän. Mugt almak. Mugt bermek. Mugtuň bäri ýany örän arzan, gaty arzan. Ýangyç we jemgyýetçilik ulaglarynda gatnamak üçin tölegler mugtuň bäri ýany bolmagynda galar (Gurbanguly Berdimuhamedow. Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). MUGTHOR [muğutho:r], syp., at. Biriniň hasabyna ýaşaýan, kesekiniň zähmetiniň mürdüni çürtýän, mugtiýen. MUGTHORÇULYK [muğutho:rçuluk], at, ser. Mugthorluk. MUGTHORLUK [muğutho:rluk], at. Biriniň hasabyna, kesekiniň zähmetine ýaşamaklyk. MUGTIÝEN [muğtiýen], syp., ser. Mugthor. MUGTUNA [muğtuno], syp., hal., ser. Mugt. MUGYR [muğuýr]: mugyra getirmek syndyrmak, gözüniň oduny almak. MUHABBET [muhopbet], at, şahyr. Ýakyn aragatnaşyk, dostlukly söýgi, mähir. Rakyp bolsa, arasynda dostlaryň, Bir-birine muhabbeti az olar (Kätibi). MUHABBETLI [muhopbetli], syp. Muhabbeti bar bolan, söýgüli, dostlukly, mähirli. Şatlyk ýaşy düwmelände gözlerde, Muhabbetli garaş bardy ýüzlerde (A. Kekilow). MUHAMMES [muhommes], at. 1. Bäş setirden ybarat bolan şygyr bendi. Naçar ondan soň zar-zar aglap: Dilberimden aýryldym! diýip, pelekden şikaýat edip, bir muhammes aýtdy ( Zöhre – Tahyr ). 2. Goşgy düzülişiniň bir görnüşi, bäşleme. MUHANNES [muhonnes], at. Namart, bigaýrat, gorkak. Muhannesiň bolmaz namysy, ary (Magtymguly). MUHURMAK [muhurmok], işl, gepl.d. Iýmek, symyşlamak; sygnamak. Ol uzyn günläp pagta meýdanynda işlänsoň, işşek goýnuň tagamly etini işdä bilen muhurýardy. MUKADDES [mukotdes], syp. 1. Keramatly. Mukaddes ýerler. 2. Ähmiýeti boýunça örän uly we hormatly, iň ýokary, iň gymmatly. Mukaddes raýatlyk borjy. 3. Iň eziz, iň ýakyn, has arzyly. Mukaddes duýgy. Mukaddes ene pendi. MUKADDESLIK [mukotdeslik], at. Mukaddes hasaplanýan zat, saýylýan zat, mukaddes görülýän zat. Watanyň mukaddeslikleri. MUKAM [muka:m], at, sazç. Şahyrlaryň sözlerine döredilmän, diňe özbaşdak (sözsüz) eser hökmünde döredilen köp bolümli saz eseri. Goňurbaş mukamy. Gökdepe mukamy. Erkeklik mukamy. Aýralyk mukamy. Mukamlar başy. Berkeli çokaý mukamy. Şadilli mukamy. Mukam saz mukam orkestriniň ýerine ýetirmegi üçin niýetlenen saz. MUKAMÇY [muka:mçy], at. 1. Mukam saz eserini döredýän sazanda. 2. Mukam çalýan sazanda. MUKAMLYK [muka:mlyk], syp. Mukama mynasyp, mukam döredere esas bolarlyk, mukama laýyk. MUKDAR [mukda:r], at. 1. San ululygyny, möçberi, göwrümi görkezýän söz. Her bir sagylýan sygyrdan alynýan süýdüň mukdary dört esse diýen ýaly köpeldi. 2. filos. Daşky dünýäniň zatlaryny we hadysalaryny göwrüm, san, ösüş derejesi taýdan häsiýetlendirýän birlik. Mukdar üýtgeşmeleri. Mukdar sanlar sanalmada zatlaryň mukdaryny, sanyny aňladýan sanlar. MUKYM [mukuým], at. 1.Bir ýerde oturymly ýerleşen, jaýlaşan, bir ýerde mesgen tutan. Mukym işini tutan myhmana nazar eýle (Magtymguly). 2. Oglana dakylýan at. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling