Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet189/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   185   186   187   188   189   190   191   192   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MÖHÜM,1.syp.Gaýragoýulmasyz, 
wajyp, 
ähmiýetli, zerur. 2.at. Ýerine ýetirilmegi biri 
tarapyndan haýyş edilýän ýumuş. Ýüz möhüm et, 
biriň ýerine ýetmez, Akly bolan kişä hyýanat etmez 
(Baýly şahyr). 

Möhüm bitirmek biriniň haýyşyny, ýumşuny 
ýerine ýetirmek. Bahyla ugramaň, güler ýüz bermäň, 
Möhüm bitirmäge kipaýat ýagşy (Magtymguly). 
MÖHÜMLI [möhümlü], hal. Birinden haýyşly, 
bitirilmeli ýumuşly. Siz onuň ýanyna möhümli 
bardyňyzmy? 
MÖHÜR, at. 1.Ýuridik ýa-da fiziki şahsyň doly 
ady görkezilen tekstiň şekiliniň basma harplary ýa 
harplaryň arasy (düşegi) oýulyp ýasalýan hem-de 
kagyzyň we ş.m.ýüzüne basylýan enjam. 2. Bir zadyň 
goýup giden yzy, sudury, tagmasy. Onuň ýüzünde 
ýyllaryň salan möhüri görünýär. 3.göç.m. Bir zatdan 
galan täsir, duýgy, ýatlama. Halkyň aňynda ol öçmez 
möhür galdyrypdy (

Edebiýat we sungat

). 
MÖHÜRDAR [möhürda:r], at, taryh. Köne 
döwürde möhür saklaýan wezipeli adam. Ähli 
emeldarlar, miraplar, möhürdarlar gala ýygnandy (B. 
Seýtäkow). 
MÖHÜRDARLYK [möhürda:rlyk], at, taryh.
Möhürdaryň kesp-käri, ýagdaýy. 
MÖHÜRLEME 
[möhürlömö], 
iş 
ady. 
Möhürlemek ýagdaýy. 
MÖHÜRLEMEK [möhürlömök], işl.  1. Möhür
basmak, möhür goýmak, möhür bilen tassyklamak. 
Resminamany möhürläp tassyklamak.2. Möhür basyp 
beklemek, baglamak. Ammaryň agzyny möhürlemek. 
MÖHÜRLEMEKLIK [möhürlömöklük], iş ady. 
Möhürlemek ýagdaýy. 
MÖHÜRLENMEK [möhürlönmök], işl. 1. Biri 
tarapyndan möhür basylmak, möhür goýulmak, 
möhür bilen tassyklanmak. Çapardan iberiljek hat 
möhürlendi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   185   186   187   188   189   190   191   192   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling