Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


MUKYT [mukuýt], syp. Jür, berk, mäkäm, pugta.   Mukyt adam.   Mukyt bolmak


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet192/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   188   189   190   191   192   193   194   195   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MUKYT [mukuýt], syp. Jür, berk, mäkäm, pugta.  
Mukyt adam. 

Mukyt bolmak jür bolmak, berk bolmak
mäkäm bolmak, pugta bolmak.
MUKYTLYK [mukuýtluk], at. Jürlük, berklik, 
mäkämlik, pugtalyk. Mukytlygy çaga ýaşdan 
öwretmeli. 
MUM [mu:m], at. 1. Bal arylarynyň işläp 
çykarýan we öýjük ýasamak üçin material hökmünde 
ulanýan maddasy, şeýle-de şoňa meňzeş ösümlik 
maddasy. 2. Ädik, possun we ş.m. tikmek işlerinde 
berklik üçin sapaga çalynýan serişde.
MUM-HELIM 
[mu:m-heli:m]: 
mum-helim 
bolmak ser. Mum-helime dönmek (öwrülmek).  
Gör, indi mum-helim bolşuna seret. Mum-helime 
dönmek (öwrülmek) 1) ýumşamak, gaty owranmak, 
gumak bolup gitmek, mum-helim bolmak. Gaýrasy 
gum, ilersi dag, düz meýdan, Depelenip, mum-helime 
dönüpdir (A. Kekilow). 2) göç.m. ýuwaşamak, 
ýumşamak, mylaýym, salyhatly bolmak. Iru-giç 
düşersiň meniň elime, Şonda öwrülersiň muma-
helime (D. Baýmyradow). 
MUMLAMA [mu:mlomo], iş ady. Mumlamak 
ýagdaýy. 
MUMLAMAK [mu:mlomok], işl. Mum çalmak, 
mum sürtmek. Sapagy mumlamak. 
MUMLAMAKLYK [mu:mlomokluk], iş ady. 
Mumlamak ýagdaýy. 
MUMLANMAK [mu:mlonmok], işl. Mum 
çalynmak, mum sürtülmek. Ädikçi mumlanan 
sapaklary üýşürip goýdy. 
MUMLAŞMAK [mu:mloşmok], işl. 1. Kimdir 
birine mumlamaga kömekleşmek. 2. Iki ýa birnäçe 
bolup sapaga mum çalmak.  
MUMLATMAK [mu:mlotmok], işl. Mumlamak 
işini başga birine etdirmek. Garry ussa sapaklary
köplenç, agtygyna mumladardy. 
MUMLAÝYŞ [mu:mloýuş], iş ady. Mumlamak 
ýagdaýy. 
MUMLY [mu:mly], syp. Mumlanan, mum 
çalnan, mum sürtülen. Ana, bir dükanda ädikçiler, 
aýakgapçylar iki dyzlarynyň arasyndaky gönlerden 
mumly sapaklary eýläk-beýläk çaltlyk bilen çekýärler 
(B. Kerbabaýew). 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   188   189   190   191   192   193   194   195   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling