Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


  Möhür basylyp beklenmek,  baglanmak.  Dükanyň agzy möhürlendi.  MÖHÜRLETMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet190/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   186   187   188   189   190   191   192   193   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

2
Möhür basylyp beklenmek, 
baglanmak.  Dükanyň agzy möhürlendi. 
MÖHÜRLETMEK 
[möhürlötmök], 
işl. 
Möhürlemek işini başga birine etdirmek (ser
Möhürlemek 1 we 2). 
MÖHÜRLEÝIŞ 
[möhürlöýüş], 
iş 
ady. 
Möhürlemek ýagdaýy. 
MÖHÜRLI [möhürlü], syp. 1. Möhürlenen,
möhür basylyp tassyklanan. Möhürli hat. 2.Tagmaly, 
bellikli, alamatly, nyşanly. 
MÖHÜRLILIK [möhürlülük], at. Möhürli 
bolmaklyk, möhüri barlyk. 
MÖHÜT, at, gepl.d. Töhmet,myjabat. Ýelli 
özüniň hile we mekirligi bilen ýok ýerden toslan 
möhüdiniň bitiren işine şatlandy (A. Gowşudow). 

Möhüt etmek töhmet atmak, myjabat etmek
garalyk ýapmak. Şonuň üçin: 

Belki, bu ýigide möhüt 
edýändirler

diýen oý bilen biraz pikire gitdi (B. 
Kerbabaýew). 
MÖJEJIK [mö:jöjük], at. Owunjak jandar, mör-
möjek. Howanyň ýüzünde kiçijik möjejikler gaýyşyp 
ýördi. 
MÖJEK [mö:jök], at. 1. Daş sypaty ite meňzeş 
ýyrtyjy, wagşy haýwan, gurt, böri, gelegurt. Bu tilki 
ajygyp gezip ýörkä, onuň öňünden bir towşanyň 
yzyndan öler ýaly bolup, kowup gelýän möjek 
çykypdyr (

Türkmen halk ertekileri

). 2. Mör-möjek, 
möjejik. 3. Oglana dakylýan at. 
MÖLE [mö:lö], syp. Mölerip duran, alaryp duran, 
gözüň agy-garasy saýlanyp duran, uludan ala (göz 
hakynda). Gözleri uludy, möledi (B. Seýtäkow).
MÖLELIK [mö:lölük], at. Uly ala gözlülik, 
gözüniň agy köplük. Onuň gözüniň möleligi gyza 
ýaramady (

Edebiýat we sungat

). 
MÖLEMEK [mö:lömök], işl. 

Mö-ö

edip 
seslenmek (göle hakynda). Gölejik birden möledi. 
MÖLERDIŞMEK [mö:lördüşmök], işl. Birnäçe 
bolup, ýerli-ýerden gözlerini mölertmek. Gözlerini 
mölerdişip, 
günäli 
ýaly, 
beýle 
taraplaryna 
bakýardylar (B. Seýtäkow). 
MÖLERILMEK [mö:lörülmök], işl. Gözüňi 
giňden açyp, bir zada aňkarylyp durmak, gözleriňi 
elek-çelek edip, geňirgenip seretmek. Mikola onuň 
näme üçin beýle diýenligine düşünmän, mölerilip 
seretdi (H. Ysmaýylow). 
MÖLERIŞMEK [mö:lörüşmök], işl. Birnäçe 
bolup mölermek. Çagalar mölerişdiler. 
MÖLERMEK [mö:lörmök], işl. Bir zada 
aňkaryp, gözüň agyny köpeldip seretmek, aňk bolup 
galmak, mönlük bilen garamak. 
MÖLERTMEK [mö:lörtmök], işl. Gözüň agyny 
köpeltmek, gözüňi giňden açyp seretmek. 
MÖLEŞMEK [mö:löşmök], işl. Birnäçe bolup, 
ýerli-ýerden mölemek. Oba aralaşan sygyrlara gözi 
düşen daňylgy göleler gazyklarynyň daşynda 
aýlanmak bilen möleşýärdiler (B. Kerbabaýew). 


103 
MÖLTEK [mö:ltök], syp., ser. Mön. Ol ilki işe 
gelende möltek bir oglandy. 
MÖLTEKLIK [mö:ltöklük], at, ser. Mönlük. 
MÖLTERMEK 
[mö:ltörmök], 
işl., 
ser. 
Mölermek. Ol ilki gelende ýuwaşja mölterip, gören 
we eşiden zatlaryna haýran galyp duran oglandy (N. 
Saryhanow). 
MÖMIN [mö:müýn], at. 1. Hakyňýoluny tutýan 
adam, şerigatyň kada-kanunlaryny berjaý edýän 
musulman. 2. Oglana dakylýan at. 
MÖMINLIK [mö:müýnlük], at. Hakyňýoluny 
tutujylyk, dine ynanyjylyk, dinçilik.
MÖMINSIREMEK [mö:müýnsürömök], işl. 
Dinçi adam bolan bolmak. 
MÖN [mö:n], syp. Sada, ýönekeý, türk, türkana. 
Çerkezi näçe gyssasalar-da, hiç bir zady boýun 
almady, gaýta ol özüni mön görkezmäge çalyşdy (B. 
Kerbabaýew).
MÖNLÜK [mö:nlük], at. Sadalyk, ýönekeýlik, 
türklük, türkanalyk. 

Mönlüge salmak mönsüremek, hilegärligiňi
ýaşyrmak, bilmezlige salmak. 
MÖNSÜREME 
[mö:nsürömö], 
iş 
ady. 
Mönsüremek ýagdaýy. 
MÖNSÜREMEK [mö:nsürömök], işl. Bir zady 
bilmediksirän bolmak, bilmezlige salmak, mekirlik 
edip, aňkaw bolan bolmak. 
MÖNSÜREMEKLIK [mö:nsürömöklük], iş ady. 
Mönsüremek ýagdaýy. 
MÖNSÜREŞMEK [mö:nsüröşmök], işl. Ýerli-
ýerden mönsüremek, birnäçe bolup, bilelikde
mönsüremek. 
MÖNSÜREÝIŞ 
[mö:nsüröýüş], 
iş 
ady. 
Mönsüremek ýagdaýy. 
MÖŇŇÜRME [möňňürmö], iş ady. Möňňürmek 
ýagdaýy. 
MÖŇŇÜRMEK [möňňürmök], işl. Gaty sesli 
aglamak. Ol saklanyp bilmän, möňňürmäge başlady 
(Ö. Abdyllaýew).
MÖŇŇÜRMEKLIK [möňňürmöklük], iş ady. 
Möňňürmek ýagdaýy. 
MÖR-MÖJEK [mö:r-mö:jök], at. Bogun bedenli 
oňurgasyz kiçijik möjejikler, owunjak jandarlar. 
Ýazyň çykmagy bilen çölde ýylan, içýan, möý ýaly 
mör-möjekler hem görnüp başlaýar. 
MÖR-MÖJEKLIK [mö:r-mö:jöklük], at. Mör-
möjegiň köp ýeri. 
MÖWÇ, at, şahyr. : möwç almak (urmak) 
möwjemek, hyjuwlanmak, güýçlenmek, joşmak. 
Lemmer-lemmer möwç uran, Ol derýalar galmazlar 
(Magtymguly). 
MÖWJEME [möwjömö], iş ady. Möwjemek 
ýagdaýy. 
MÖWJEMEK [möwjömök], işl. Möwç almak, 
güýji artmak, güýçlenmek, joşmak, joş urmak. 
Gajaryň ýüreginde düşnüksiz täsin bir galagoply 
duýgy möwjeýärdi (N. Jumaýew).
MÖWJEÝIŞ [möwjöýüş], iş ady. Möwjemek 
ýagdaýy. 
MÖWLA [möwla:], at, k. d., ser. Mowlam 1
Ýarganat diýr: Ýa Möwla, Saldyň meni bu ýola... 
(Magtymguly). 
MÖWLAM [möwla:m], at.1. dini. Allanyň bir 
ady. Möwlam, ýetir mesgenime, ýurduma, Ýüzüm 
düşsün arslanyma, gurduma (Magtymguly). 2
Oglana dakylýan at.
MÖWRIT [möwrüýt], at.Her bir zadyň bolmaly 
wagty, döwri. Herki zadyň öz möwriti bar eken (R. 
Gelenow). Möwriti geçen zatlar.  
MÖWSÜM,at.1. Pasyl, gyş, ýaz, tomus we güýz 
pasyllaryny görkezýän döwür, wagt aralygy. Bahar 
möwsümi ýetende, Dag başynda siller galmaz 
(Seýdi). 2. Ýylyň dürli pasyllarynda wagty ýeten, 
gaýragoýulmasyz iş we onuň dowam edýän döwri. 
3.göç.m. Adam ömrüniň belli-belli pursatlary, belli-
belli ýaşlary içine alýan ömür menzilleri. Ýigitlik 
möwsümi. 

Möwsümiňi sowmak 1) bir zatda gezegiňi 
geçirmek, haýsydyr bir edilýän işi edip dynmak.  2) 
öýlendirmek, durmuşa çykarmak we ş.m. borçlaryňy 
ýerine ýetirmek. Sen ýöne tizräk şunuň ugruna çyk, 
şunuň bir möwsümini sowaly (A. Durdyýew). 
Möwsüm sowan etmek tutan tutumly işiňi el 
ujundan etdim adyny edip ýerine ýetirmek.
MÖWSÜMARA 
[möwsüma:ra], 
syp. 
Iki 
möwsümiň aralygyna degişli. Möwsümara ýer işleri
MÖWSÜMLEÝIN [möwsümlöýün], syp. Belli 
bir möwsümde ýerine ýetirilýän, möwsüm boýunça 
amala aşyrylýan. Olar bejeriş işlerine möwsümleýin 
iş hökmünde garaýarlar. 
MÖWSÜMLIK 
[möwsümlük], 
syp. 
Bir 
möwsüme degişli, belli bir wagta çekýän; 
möwsümleýin. 
MÖÝ [mö:ý], at. Köplenç, kerepde ýaşaýan 
zäherli hem zähersiz bognaýakly mör-möjek.

Möý okan ýaly yzyny üzmän gürleýän, 
samyrdaýan, dyngysyz iňirdeýän, bir zady heçjikläp 
ýürege düşýän. Bu heleý-ä möý okan ýaly okap, 
meniň başymy çaşyrdy (A. Durdyýew). Möý pytran 
(dargan) ýaly bolmak her kim bir tarapa duw-dagyn 
bolmak, başly-barat dargamak. Mundan soň dostlary 
onuň ýanyndan möý pytran ýaly bolup dagadylar. 
MÖÝLI [mö:ýlü], syp.1. Möý ýaşaýan, möý bar 
bolan. Möýli küme. 2. Möý dahylly, möýe degişli, 
möý bilen baglanyşykly. – Soň siziň möýli gürrüňiňiz 
nähili gutardy?  
MÖÝLÜK [mö:ýlük], at. Möý köp duşýan (ýyl, 
ýer we ş.m.). Şu ýyl gaty möýlük boldy. 
MUAMMA [muwamma], at, edeb. Şahyrana 
şygyr sungatynyň gizlin manyly bir görnüşi. 
MUGALLYM [muğollum], at. Mekdepde, 
ýokary we ýörite okuw mekdeplerinde we ş.m. 
okadýan, sapak berýän, ders berýän hünärmen.
MUGALLYMÇYLYK [muğollumçuluk], at. 1. 
ser. Mugallymlyk. Ol on bäş ýyldan bäri bir 
mekdepde mugallymçylyk edýärdi (R. Alyýew). 2
syp. Mugallymlary taýýarlaýan, mugallym hünärini 
berýän, mugallym ýetişdirýän. Mugallymçylyk 
instituty. 


104 
MUGALLYMLYK 
[muğollumluk], 
at. 
Mugallymyň käri, wezipesi. Ol mugallymlygynyň 
daşyndan döredijilik işi bilen hem meşgullanýar. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   186   187   188   189   190   191   192   193   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling