MONITOR [monito:r], at. teh. 1. Ekran arkaly
seretmek, görmek üçin gurnalýan çylşyrymly
gözegçilik enjamy. Telewizoryň monitory. 2. Ýüzüne
teksti we grafiki maglumatlary çykarmak üçin
kompýuteriň ekrany.
MONITORING [monito:ring], at. Hemişelik
alnyp barylýan gözegçiligiň netijesinde haýsydyr bir
tebigy ýa-da durmuşy obýektde we ş.m. bolup geçýän
özgermelere berilýän bahalaryň çaklamalaryň
ulgamy, sistemasy.
MONTY, at. Ak üzümiň togalak iri görnüşi.
Gelinbarmak, monty üzümiň tüýsi, Miweler bol bitýär
biziň ýerlerde (A. Salyh).
MONTÝOR
[mantyýo:r],
at.
Elektrik
abzallaryny gurnamak, oturtmak we ş.m. boýunça
hünärmen.
MOR [mo:r], syp. Gyzgylt-goňur reňk. Mor
sakgally adam.
MORTA [morto], syp. Duýdansyz hem gödek,
birden, çürt-kesik, zoňtar, gönümel. Men Sara morta
sorag berdim (N. Baýramow).
MORULYK [mo:ruluk], syp., gepl.d. Mory eder
ýaly, mory etmäge ýaramly.
MORUK [mo:ruk], at,gepl.d. Jaýyň diwarynyň
içinden geçirilen tüsseçykar.
MORY [mo:ry], at, gepl.d. Jaýlaryň diwarynyň
içinden, burçundan tüsse çykar ýaly ýasalýan ojak,
otýakar.
MOTAL [motol], at, gepl.d. Gatan duzly peýniriň
owradylyp, uzak wagtlap sanaçda süýt bilen saklanan
görnüşi.
MOTOR [mato:r], at. 1. Içinden ot alýan ýa-da
elektrik güýji arkaly herekete gelýän hereketlendiriji
(dwigatel). Az salymdan soň motor sesi eşidilip
başlady (K. Berdiýew). 2.gepl.d. Iki, üç tigirli
aýagulag, motosikl. Motor dünýäni alagalmagal edip,
bir salymyň içinde merkezden saýlandy (T.
Gurbanow).
MOWZUK,at, kön.s. Eseriň, gazetiň, žurnalyň
bir bölüminiň ýokary başynda görkezilýän ady.
Çalasowat Pökgen esewan bolan hem bolsa,
makalalarynyň
we
başgalarynyň
diňe
baş
mowzuklaryny zordan okady (A. Gowşudow).
MOÝ [mo:ý], at. Çäýnek-käse ýaly gaplarda urgy
netijesinde emele gelýän çat, döwük çyzygy. Hum
çäýnegiň moýy bar.
Do'stlaringiz bilan baham: |