Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


MÖÇÜGIŞ [möçüğüş], iş ady. Möçükmek  ýagdaýy.  MÖÇÜKDIRME


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet188/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   184   185   186   187   188   189   190   191   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

MÖÇÜGIŞ [möçüğüş], iş ady. Möçükmek 
ýagdaýy. 
MÖÇÜKDIRME 
[möçükdürmö], 
iş 
ady. 
Möçükdirmek ýagdaýy. 
MÖÇÜKDIRMEK [möçükdürmök], işl. Biriniň 
bir ýerine gaty urup, mazaly agyrtmak, awundyrmak, 
içikdirmek. Sen meni möçükdirjek bolup bilgeşländen 
uransyň! (B. Kerbabaýew). 
MÖÇÜKDIRMEKLIK [möçükdürmöklük], iş 
ady. Möçükdirmek ýagdaýy. 


102 
MÖÇÜKMEK [möçükmök], işl. Bir zadyň gaty 
degmegi, urulmagy sebäpli bir ýeriň gaty agyrmak
şikes ýetmek, zeper ýetmek; awunmak. 
MÖHLET [möhlöt], at. 1. Bir işi ýerine ýetirmek 
üçin belli bir wagt aralygy, pursat, müddet. 2. gepl.d. 
Salym, sellem.  Tebip bir möhlet oýa batdy. 
MÖHLETLEÝIN [möhlötlöýün], syp. Belli bir 
möhlete, wagta çaklanan, kesgitli bir müddet bilen 
çäklenýän, möhlet bilen kesgitlenýän. Uzak 
möhletleýin hyzmatdaşlyk. 
MÖHLETLEÝINLIK [möhlötlöýünlük], at. 
Wagt, pursat taýdan çäklilik, belli bir möhlete 
çenlilik. Şertnamanyň möhletleýinligi. 
MÖHLETLI [möhlötlü], syp. Belli bir wagt
pursat bilen çäklendirilen, möhlet goýlan, möhleti 
kesgitlenen. Alty aýlyk möhletli okuw. 
MÖHLETSIZ [möhlössüz], syp. Belli bir 
möhlet, mütdet bilen çäklendirilmedik, wagty 
kesgitlenmedik. Möhletsiz pasport. 
MÖHLETSIZLIK [möhlössüzlük], at. Belli 
wagta bagly dällik, mütdetsizlik, wagt taýdan 
çäksizlik. 
MÖHRE [möhrö], at. Suw degirmeninde: 
meseneden degirmen daşyň aşagyndaky pere batly 
suw indirmek üçin daşdan örülen turba, suw ötügi. 
Harazyň ýykylyp giden möhresine seretdi (R. 
Gelenow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   184   185   186   187   188   189   190   191   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling