Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- MAÝALYLYK
- MAÝASYZLYK
- Maýda söwda
- MAÝDALAMA
- MAÝDALANMAK
- MAÝDALAWJY
- MAÝLAMA
- MAÝLAMAZLYK
- MAÝLAŞMAK
- MAÝOR
- MAÝRYKLYK, at. Maýryk ýagdaýda bolmaklyk, maýrygyň ýagdaýy. Maýryklygy oňa goldaşmaga-da mümkinçilik bermeýärdi. MAÝRYLMAK
- MAÝRYŞ
MAÝALY [ma:ýaly] II, syp. Maýa, gönezlik,
hamyrmaýa ýaly zatlar goşulan. MAÝALYK [ma:ýalyk] I, syp. Maýa hökmünde goýlan (pul, goýum). MAÝALYK [ma:ýalyk] II, syp. Towugyň ketegine atmak üçin niýetlenen (ýumurtga). MAÝALYK [ma:ýalyk] III, syp. Ajatmak, turşatmak üçin niýetlenen (gönezlik, hamyrmaýa ýaly zatlar). MAÝALYLYK [ma:ýalylyk], at. Maýasy barlyk, barjamlylyk, gorlulyk. MAÝAPETIR [ma:ýapeti:r], syp. Hamyrmaýa goşulan, emma doly aldyrylmadyk hamyrdan ýüzi dürtülip bişirilýän tamdyr çörek. MAÝASYZ [ma:ýasyz] I, syp. Malsyz-mülksüz, pulsuz, emläksiz, gory bolmadyk. MAÝASYZ [ma:ýasyz] II, syp. Maýa, gönezlik, hamyrmaýa atylmadyk. MAÝASYZLYK [ma:ýasyzlyk], at. Maýasy, gory ýokluk. MAÝDA, syp. Kiçi, ownuk, uşak. Maýda daşlar. Maýda gezer atyň ýöreýşiniň bir görnüşi. Artyk atyny maýda gezerine sürüp, yzyna garanjaklaýardy 85 (B. Kerbabaýew).Maýda söwda lomaý däl söwda, harytlaryň az-azdan satylýan söwdasy, ownuk söwda. MAÝDA-ÇÜÝDE [maýda-çüýdö], syp. Ownuk- uşak, bölek-büçek. Maýda-çüýde zat. MAÝDAÇYL, syp., gepl.d. Ownukçyl. Maýdaçyl adam. MAÝDAL, hal. 1. Adamyň, haýwanyň kadaly hereket ýagdaýy, aram, aralyk tizlikdäki asuda hereket; howlukman, arkaýyn. Alaşanyň başyny öz maýdalyna goýberip, hemmäniň öňünden barýardy (B. Seýtäkow). 2. Hereketiň, wakanyň gidiş, baryş derejesi, depgini. Öňki maýdal bilen gidip, sürümi, döküni güýçlendirip, ýokary hasyl almak hakynda pikir edýärdi. MAÝDALAMA, iş ady. Maýdalamak ýagdaýy. MAÝDALAMAK, işl. 1. Bir zady bölek-bölek etmek, kiçi böleklere bölmek, owratmak, uşatmak. Çagly maýdalamak. 2. göç.m. Owratmak, ownutmak, hyrdalamak, bölmek (iri pul hakynda). MAÝDALAMAKLYK, iş ady. Maýdalamak ýagdaýy. MAÝDALAMAZLYK, iş ady. Böleklere bölmezlik, owratmazlyk. MAÝDALANMAK, işl. Ownuk, uşak, bölek görnüşe getirilmek, böleklere bölünmek. MAÝDALAŞMAK, işl. Birine maýdalamaga kömekleşmek. MAÝDALATMAK, işl. Birine bitin zady böldürmek. Iri puly maýdalatmak. MAÝDALAWJY [maýdalowjy], at, mat. Tutuş bir sanyň näçä deň bölünýändigini görkezýän san. MAÝDALAÝYŞ, iş ady. Maýdalamak ýagdaýy. MAÝDA-MAÝDA: maýda-maýda bolmak çym-pytrak bolmak, kül-uşak bolmak, bölek-bölek bolmak. Maýda-maýda etmek bölek-bölek etmek. MAÝKA [ma:ýka], at. Köýnegiň içinden geýilýän ýeňsiz içki geýim. MAÝLAMA, iş ady. Maýlamak ýagdaýy. MAÝLAMAK, işl. 1.Maýyl bolmak, ýylamak, maýyllyk aralaşmak. Howa maýlady. 2.göç.m. Gowulyk bolmak, rahatlyk aralaşmak, keýpiň göterilmek, göwnüň açylmak. Sen ýylgyrsaň, bütin jahan maýlaýar, Gaşyň çytsaň, gyş gamçysyn aýlaýar (M. Seýidow). MAÝLAMAZLYK, iş ady. Howa maýyl bolmazlyk, maýylganlyk aralaşmazlyk. MAÝLANMAK, işl. Maý almak, çemelenmek, amatly pursat, wagt aramak. Ol mazaly maýlanyp, soňra onuň üstüne bökdi. MAÝLAŞMAK, işl. Maýyl bolup başlamak, dura-bara maýlamak. Howa indi birneme maýlaşýar. MAÝLAÝYŞ, iş ady. Maýlamak ýagdaýy. MAÝMYN, at. 1. Bedeniniň gurluşy boýunça adama meňzeşräk, jeňňellikde, tokaýda ýaşaýan süýdemdiriji haýwan. 2. gepl.d. Betgelşik, maýmynpisint adam. Maýmyn ýaly çalasyn hereket edýän, alyp- ýolup barýan, bir minut hem dek durmaýan, ýyrtyjy ýaly (adam hakynda). MAÝMYNLYK, at. Maýmyna meňzeşlik, maýmyn ýalylyk. Maýmynlygyňy etmesene. MAÝOR [maýo:r], at. Kapitandan soňra berilýän harby at. MAÝORLYK [maýo:rluk], at. Maýoryň gulluk wezipesi; maýor derejesi. MAÝRYK, syp. Belli bir sebäbe görä aýagyna, ýanbaşyna, biline şikes ýeten, maýyp bolan, maýrylan, maýtyk (adam, haýwan we ş.m. hakynda). MAÝRYKLYK, at. Maýryk ýagdaýda bolmaklyk, maýrygyň ýagdaýy. Maýryklygy oňa goldaşmaga-da mümkinçilik bermeýärdi. MAÝRYLMAK, işl. 1. Agyr zähmetden, keselden ýa-da başga zatdan aýagyňa, biliňe zeper ýetip maýryk bolmak. 2.göç.m. Agyr durmuş, gaýgy, gam-gussa sebäpli saglygyňy ýitirmek. Nätsin, ömür hemrasyndan aýryldy, Aglaý-aglaý dert astynda maýryldy (G. Gylyjow). MAÝRYŞ,iş ady. Maýyrmak ýagdaýy. MAÝSA, at. 1. Başlamadyk galla ekinleriniň körpe gök ösümligi, heniz başlamadyk arpa-bugdaý. Gök maýsalar gowy boý alyp, birgeňsi penjeläp otyr ( Türkmenistan ). 2. Gyza dakylýan at. MAÝSALYK, at. Ýaş arpa-bugdaý gögerip oturan meýdan, başlamadyk ak ekinlik ýer. Ol ýazyň sap howasyny demine darta-darta, gök maýsalyga göz gezdire-gezdire, öz ýanyndan göwün ýüwürtdi (B. Kerbabaýew). MAÝŞARMAK, işl. Üstüne düşýän agyr ýük sebäpli egilmek, maýyşmak, agyrlykdan ýegşermek. Eşek näçe daýaw bolsa-da, uzak ýolda agyr ýük astynda maýşarýardy. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling