MARŞALLYK [ma:rşallyk], at. Marşalyň harby
derejesi, ady.
MARŞAW [ma:rşow], at, zergärç. Kümşe
meňzeş demirsöwak renkli garyndyly metal.
MART, at. Milady senenamasy boýunça ýylyň
üçünji aýy. 8-nji mart gelin-gyzlaryň halkara
baýramydyr.
MAS: mas ýüklemek kän ýüklemek, ýeterlik
basyp ýüklemek, ýükläbileniňi ýüklemek. Her sapar
Rahym ýylma atyny mas ýükläp gelende, Ýaban bir
ölüp bilmezdi (O. Ödäýew).
MASGARA [masğara], syp. 1. Biabraý, abraýsyz,
ile gülki, betnam, wejera. Bu gürrüň Baharyň hem
gulagyna ýeten bolsa, men masgaranyň hem
masgarasy
bolupdyryn
(A.
Gowşudow).2.
Uýalmaýan, bihaýa, utançsyz (adam).
Masgaranyň aýry mazary ýok masgara
bolmak ilde ýok zat däl.
MASGARABAZ [masğarava:z], at. 1. Sirk
hokgaçysy.
Sirkdäki
masgarabazyň
adamlary
güldürmäge ökdedigini gören bolsaň, senem haýran
galardyň. 2. gepl.d. Ýomak atyp ýören, oýunbaz,
wäşi. 3. göç.m. Masgaraçylykly hereketleri edýän.
Özüniň pitige mündürilendiginden we märeke, meýlis
halkasynda masgarabaz hökmünde oýnadylýanyndan
Pökgeniň habary ýokdy (A. Gowşudow).
MASGARABAZÇYLYK [masğarava:zçylyk],
at, ser. Masgarabazlyk.
MASGARABAZLYK
[masğarava:zlyk],
at.
Masgarabazyň
gylyk-häsiýeti;
masgarabazyň
ýagdaýy, hünäri, işi.
MASGARAÇYLYK
[masğaraçylyk],
at,
ser.Masgaralyk.
MASGARALAMA [masğaralama], iş ady.
Masgaralamak ýagdaýy.
MASGARALAMAK [masğaralamak], işl. Birini
masgara etmek, biabraý etmek, aýbyny ile ýaýmak,
ile gülki etmek, abraýdan düşürmek.
Do'stlaringiz bilan baham: |