LERZAN [lerza:n]: lerzana gelmek güýçli zarba
sebäpli titremek, elenmek, sandyramak. Zemin
jünbüş eýläp, geldi lerzana (Magtymguly).Gopup
çaganyň ýüregi, ýaş süňňi lerzana geldi (Ç. Aşyrow).
Lerzan urmak ser. Lerzana gelmek. Süýeklerim
lerzan urar sözüňden, Jisminiň şährine talaň salan
ýar (Halk aýdymyndan).
LEŞGER [leşğer], at. 1. Goşun. Han babamyň
gaşyna men baraýyn, Agyr hazyna, bol leşger alaýyn
(
Kitaby dedem Gorkut
). Soňra weziri bilen
leşgerlerini alyp, atlanyp, oglanlarynyň öňünden
çykdy (
Hüýrlukga – Hemra
). 2. göç. m. Nöker,
biriniň yzyna eýerýän adamlar topary.
LEŞGERBAŞY [leşğervaşy], at. Leşgeriň
ýolbaşçysy, leşgeriň serdary.
LET: let iýmek birinden käýinmek, azar-
ýamanyny görmek. Şol çagadan tarap halys let
iýdim.
LETDE, at. Esgi, jinde, köne-sana, ýyrtyk-ýyrtyk
zatlar. Eliniň ýagyny letde bilen süpürdi (O.
Akmämmedow). Nebit siňen letdäniň ajymtyk ysy
burnuňa urýardy (Ý. Durdyýew).
LEÝIS, syp. Dagap ýatan, pytrap ýatan (köp zat
hakda).
70
◊ Leýis bolmak köp mukdarda dagap, çaşyp
ýatmak, bol bolmak, dökün bolmak. Her ýerde
gawun, her ýerde garpyz leýis bolup ýatyrdy (B.
Kerbabaýew). Leýis bolup ýatyr gulanyň eti (A.
Salyh). Leýis etmek köp sanlysyny ýere ýazmak,
dagytmak.
LEÝLISAÇ, at, ösüml.d.Söwüdiň inçe ýaprakly
çybyklarynyň ýere sallanyşyp duran görnüşi.
LEÝMUN [leýmu:n], at, kön. s., ser. Limon.
Narynjy, turunjy, leýmun, almalar, Bir abadan baga
düşdüm, ýaranlar (Magtymguly).
LEÝTENANT [leýtena:nt], at, harby. Goşunda
kiçi serkerdelik at ýa-da dereje we şol at berlen adam.
Kiçi leýtenant. Uly leýtenant.
LEÝTENANTLYK
[leýtena:ntlyk],
at.
Leýtenantyň gulluk ýagdaýy, harby derejesi. Oňa
täzelikde leýtenantlyk berildi.
LEÝZANGÜL [leýza:nğül], at,gepl.d. Halk
döredijiliginiň
aýal-gyzlar
tarapyndan
ýerine
ýetirilýän läle görnüşli bir žanry. Daglara gar
düşüpdir, leýzangül, Ýadyma ýar düşüpdir, leýzangül
(Halk döredijiliginden).
Do'stlaringiz bilan baham: |