Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


LEZGI [lezği], at, ser. Lezgiler


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet133/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   129   130   131   132   133   134   135   136   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

LEZGI [lezği], at, ser. Lezgiler. Lezgi dili. Lezgi 
edebiýaty. 
LEZGILER [lezğiler], at. Dagystanda hem-de 
Azerbaýjanyň käbir ýerinde ýaşaýan kawkazly 
halkyýet. 
LEZGINKA [lezğinka], at. Kawkaz halklarynyň 
haýallyk bilen ýerine ýetirýän tansy we onuň sazy. 
LEZZET, at. 1. Iýilýän, içilýän zatlardan alynýan
keýp, maza. Togsan dürli tagam bolsa gaşyňda, Ne 
lezzet içinde duz hem bolmasa (Magtymguly). 
2.Döreýän kanagatlanma duýgusynyň aňrybaş 
derejesi. Dutaryň owazyndan alynýan lezzete deň 
geljek zat ýok. 
LEZZETLENIŞ, iş ady. Lezzetlenmek derejesi. 
LEZZETLENMEK, işl. Lezzet almak. 
LEZZETLI, syp. 1. Lezzet berýän, mazaly, süýji,
tagamly. Lezzetli nahardan soň çaý içdik. 2göç. m. 
Keýpli, eşretli, ýakymly.  Şol geçen lezzetli pursatlar, 
günler Indi diňe ýaşar ýörer hyýalda (I. Nuryýew).
LEZZETLILIK, at. 1. Lezzetli bolmaklyk, 
lezzeti barlyk, lezzetsiz dällik. 
LEZZETSIZ [lezzessiz], syp. 1. Lezzeti ýok, 
mazasy bolmadyk, süýji däl, tagamsyz, mazasyz. 
Lezzetsiz tagam. Lezzetsiz nahar. 2. göç. m. Lezzeti 
bolmadyk, lezzet bermeýän, tolgundyrmaýan. Käbir 
goşgular juda lezzetsizdi. 
LEZZETSIZLIK [lezzessizlik], at. Lezzetsiz 
bolmaklyk, lezzeti ýokluk, lezzetli dällik. 
 [lä:], sazç. Saz ses hatarynyň altynjy sesi we 
şol sesi aňladýan saz belgisi.
LÄBIK [lä:vik], at. 1. Suwuk palçyk, lüýk, laý, 
laýly suw. 2. Ýanardag (wulkan) atylanda onuň 
ýokarsyndan ýeriň üstüne eräp çykýan mineral 
jisimler.
LÄGIRIŞ [lä:ğiriş], iş ady. Lägirmek ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   129   130   131   132   133   134   135   136   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling