Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet131/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   127   128   129   130   131   132   133   134   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

LEŇKILDEÝIŞ 
[leňkilleýiş], 
iş 
ady. 
Leňkildemek ýagdaýy. 
LEŇKILDI [leňkilli], at. Leňk-leňk edip 
ýörelende döreýän şekiliň ady. 
LEŇK-LEŇK, s. ş. aňl. söz. Leňk-leňk edip 
ýörelende döreýän şekil. 
LEŇŇEÇ, at. Sekiz aýakly, gysgyç agyzly, uzyn 
murtly, iki tarapyna hem ýöreýän, suwda ýaşaýan 
jandar. Deňiz leňňeçleri. 
Leňňeç ýaly ugur-utgasyz, gepinde-sözünde 
belli bir ugur bolmadyk (ýaramaz adam hakynda). Ol 
edil leňňeç ýalydyr, ilki bir zat diýer, yzyndanam 
başga zat diýer. 
LEŇŇER,at. 1gepl.d. Bir zadyň agramy. Gara 
dag gara ýeriň leňňeri (Nakyl). Ýeliň zarby hem onuň 
öz leňňeri wyşkany iki-baka näçe yrasa-da, güýçli 
traktorlar onuň ýykylmagyna maý bermeýärdi (B. 
Kerbabaýew). Garry ene: 

Torbanyň-a agram, 
leňňeri ýok eken, özümem äkidip biljek

 diýdi2. Bir 
zadyň mäkäm durmagy üçin agramlyk daş ýa-da 
başga bir zat. Degirmen daşynyň üstünde goýulýan 
leňňer agyr goýulsa, un maýda üwelýär, ýeňil 
goýulsa, un irimçik bolýar. 
 Leňňer atmak agramyna yranyp durmak. Gämi 
deňizde leňňer atyp durdy. 
LEPBERILMEK, 
işl, 
ser. 
Lepbermek. 
Lepberilip oturan ýeriňden bize nobat bermän, 
gürrüň edip otursaň näderdik?! (N. Pomma).
LEPBERIŞ, iş ady. Lepbermek ýagdaýy. 
LEPBERME, iş ady. Lepbermek ýagdaýy. 
LEPBERMEK, işl. Ýapyrylyp oturmak, biliňi 
büküp, eplenen ýaly bolup oturmak, ýapbaşyp 
oturmak. Ol giç öýlä çenli lepberip oturdy. 
LEPBEÝ, ugrukd. 

Hyzmatyňa taýýar, gulluk, 
bolýar

diýen ýaly manyda birinji şahs tarapyndan 
aýdylýan söz. Sen ýöne biziň diýenjigimizi et-de, 
näme buýursak, 

lepbeý

diý-de, işledejik ýör (A. 
Durdyýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   127   128   129   130   131   132   133   134   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling