Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet129/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   125   126   127   128   129   130   131   132   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

LEJIKDIRMEK, işl. Irizmek, ýadatmak. 
Günüň-gününe şol bir zady iýseň, kimem bolsaň 
lejikdirýän eken 
LEJIKME, iş ady. Lejikmek ýagdaýy. 
LEJIKMEK, işl. Halys bizar bolmak, lejiň 
çykmak, irmek, ýadamak. Gurban bu ýumuşlardan 
lejigenden soň, baýyň aýalyna we ogluna ýüzlenip:  
Zol Gurban bolup dur-la?! – diýip zeýrendi (A. 
Durdyýew). 
LEJIKMEKLIK,iş ady. Lejikmek ýagdaýy.
LEK, at, kön.s. Ýüz müň adamdan ybarat goşun 
bölümi. Elgaraz, ýedi lek goşun jem boldy (

Saýatly 
– Hemra

).
LEK [le:k], at. Albaniýanyň pul birligi. 
LEKIN, kön. s. Emma, ýöne. Özi açyp girjek 
boldy, lekin gapysyny açyp bolmady (

Görogly


LEKLEKI, at. Taraçylykda ýüpek, ýüplük 
keleplenende daşyna kelep saralýan el guraly. 
LEKSIKA [le:ksika], at, dil. b. Diliň düzümine 
girýän sözleriň jemi; awtoryň eserleriniň sözlük 
düzümi ýa-da durmuşyň belli bir ugrunda ulanylýan 
sözleriň jemi. 
LEKSIÝA [le:ksiýa], at, Mugallymyň haýsy 
hem bolsa bir temany ýa-da ýörite sapagy ýatdan, dil 
üsti bilen beýan etmegi. 
LELLERIŞMEK, işl. Köpçülik bolup, bilelikde 
lellermek. 


69 
LELLERMEK, işl. Suslanmak, ysgynsyzlanmak, 
gowşamak, başarnyksyz bolmak. 
LELLERIŞ, iş ady. Lellermek ýagdaýy. 
LELLIM, syp. Agzyny öweldip ýören, örän 
gowşak, başarnyksyz, nalajedeýin. Bilýän bolsaň, hiç 
wagtda lellim bolmagyn! (B. Kerbabaýew).
LELLIMLIK, at. Lellime mahsus gylyk-häsiýet, 
lellim bolmaklyk.  Sizem şu işde lellimlik etmäň (G. 
Kulyýew).
LEMMER, at. Üsti-üstüne toplanan, üýşen, 
toplum. Lemmer bulutlar haýal süýşýärdi (

Edebiýat 
we sungat

). 
LEMMER-LEMMER, syp. Has köp, gat-gat, 
topbak-topbak, toplum-toplum. 
Lemmer-lemmer 
möwç uran, Ol derýalar galmazlar (Magtymguly). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   125   126   127   128   129   130   131   132   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling