Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
LAPYKEÇLIK [la:pykeşlik], at. Lapykeç ýagdaýda bolmaklyk, keýpi bozuklyk
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- LARKY
- LARK-LARK
- LARSYLDAMA [larsyllama], iş ady. Larsyldamak ýagdaýy. LARSYLDAMAK
- LARSYLDATMAK [larsyllatmak], işl. Larsyldyly gaýnatmak. Larsyldadyp toşap gaýnatmak. LARSYLDAÝYŞ
- LASYRDAMAK
- LASYRDAÝYŞ
- Lasyr-lasyr etmek
LAPYKEÇLIK [la:pykeşlik], at. Lapykeç
ýagdaýda bolmaklyk, keýpi bozuklyk. LARKARMAK, işl. Giňligi üçin aýakdan gaçjak, sypjak ýaly bolmak. Uly köwüş aýagyna giň bolup larkaryp durdy. LARKY, syp., gepl.d. 1.Goram-gowşak, bedenine erk edip bilmeýän. Larky adam. 2. Giňliginden aýakdan gaçjak bolup duran. Larky köwüş. LARKYLDAMAK [larkyllamak], işl. Lark-lark edip durmak, larkyldysy bolmak. Gapy larkyldap dur. LARKYLDY [larkylly], at. Araba bijaý ýoldan ýörände, petlesi gowşak gapy açylyp-ýapylanda we ş.m. çykýan sesiň ady. LARK-LARK, s.ş.aňl.söz. Bir zat giň bolanda, ýerine barmadyk ýagdaýynda çykýan sesler. ◊ Lark-lark etmek larkyldamak. LARSA: larsa galmak. 1) birden pökgermek, şol bada gaty çişmek (ten hakynda). Wüşi kel köýnegini ýokaryk çekip, ýagyrnysyny görkezdi, taýagyň degen ýeri larsa galyp, ýol bolup durdy (A. Gowşudow). 2) göç. m. Birden ösmek. Gyrtyçlar goýnuň kirpigi ýaly larsa galdy ( Edebiýat we sungat ). LARSA-LARSA: larsa-larsa galmak endamyň birnäçe ýeri çişmek (ten hakynda). Endamynyň käýeri larsa-larsa galypdyr (A. Gowşudow). LARS-LARS, s. ş. aňl. söz. Goýy zat yzygiderli gaýnanda çykýan ses. ◊ Lars-lars etmek gaýnadylýan goýy zadyň ýüzünde uly-uly düwmeler döräp, larsyldap gaýnamak. Agyrlaç lars-lars edip gaýnaýan toşabyň reňki öwrülipdir (B. Kerbabaýew). LARSYLDAMA [larsyllama], iş ady. Larsyldamak ýagdaýy. LARSYLDAMAK [larsyllamak], işl. Lars-lars edip gaýnamak. Goýalyp başlan toşap larsyldap gaýnap dur. LARSYLDAŞMAK [larsyllaşmak]. işl. Köpçülikleýin lasyrdamak. Toý ýerinde ýarma bişýän äpet gazanlar larsyldaşyp gaýnaýardy. LARSYLDATMAK [larsyllatmak], işl. Larsyldyly gaýnatmak. Larsyldadyp toşap gaýnatmak. LARSYLDAÝYŞ [larsyllaýyş]. işl. Larsyldamak ýagdaýy. LARSYLDY [larsylly]. at. Bişirilýän zat gaýnap goýalanda çykýan sesiň ady. Gaýnap duran mürepbäniň larsyldysy eşidilýärdi. LASYRDAMAK, işl. Lasyrdyly ses bilen gaty gaýnamak, lasyr-lasyr etmek Soňra lasyrdap duran tüňçäni göterip, bir çetde goýdy (G. Kulyýew). LASYRDAŞMAK, işl. Köpçülikleýin lasyrdamak. Gazanlar lasyrdaşyp gaýnap dur. LASYRDATMAK, işl.1. Lasyrdyly gaýnatmak. 2. göç. m. Gaty gyzdyrmak, ýakyp barmak (gün hakynda). Beýnileri lasyrdadýan günüň gyzgyndan beter, gumuň petiş howry ýürege urýardy (B. Kerbabaýew). LASYRDAÝYŞ , iş ady. Lasyrdamak ýagdaýy. LASYRDY, at. Bişirilýän nahar lasyr-lasyr edip gaty gaýnanda çykýan sesiň ady. LASYR-LASYR, s.ş.aňl.söz. Goýy suwuklyk, nahar gaty gaýnanda yzly-yzyna çykýan sesler. ◊ Lasyr-lasyr etmek ser. Lasyrdamak. Çopanyň gazanjygy lasyr-lasyr edip gaýnaýardy (B. Kerbabaýew). LATYN [laty:n]: latyn dili Gadymy Rimde ýaşan halkyň dili. Latyn elipbiýi 1) latyn diliniň elipbiýi; 2) latyn elipbiýine esaslanýan elipbiý. LATYNÇA [laty:nça], hal. 1. Latyn dilinde. Latynça ýazgy. 2. Latyn elipbiýinde, latyn harpynda ýazylan. LATYNLAŞDYRMAK [laty:nlaşdyrmak], işl. Latyn elipbiýiniň esasynda elipbiý döretmek. LATYŞ [laty:ş], at, ser. Latyşlar. LATYŞLAR [laty:şlar], at. Latwiýanyň esasy ilatyny düzýän halk. LAÝ [la:ý] I, at. 1. Suwag üçin ýörite edilen palçyk. Özi bolsa laý edip, ojakdyr tamdyr ýasady ( Edebiýat we sungat ). 2. Suwuň köp ýatan ýerinde emele gelen palçyk, lüýk we olaryň syçrantgysy. Ýap-ýaňyja geýimlerini geýdirip goýberipdim welin, eýýäm laý edipdir (Ö. Abdyllaýew). 3. Jaý, haýat salmak, kerpiç guýmak üçin toýundan taýynlanan, agdarylyp eýlemi ýeten ýörite palçyk. Bagyň daşyna laýdan üç pagsa haýat çekilipdi ( Garagum ). 4. Dury bolmadyk, bulanyk. Al şeraba el uzatdym, emendim, Durusyn içmişler, laýa sataşdym (Magtymguly). ◊ Laýa batmak çykgynsyz ýagdaýa düşmek, heläk bolmak. Ömür saly laýa batar, Günbe-günden derdi artar (Magtymguly). LAÝ [la:ý] II: bir laý boýdan-başa, başdan-aýak; bir ýola, bir gezek. Maşynyň töwereginde öwelişip duran bize bir laý göz gezdirdi (R. Gelenow). Bir laý (geýim hakynda) geýilýän eşiklerden bir sanysy. Çalşyrgyjy zady bolmaz, ähli geýimi ýeke laýdy (K. Gurbannepesow). Ol inisine bir laý kostýum-balak satyn aldy. LAÝÇY [la:ýçy], at. Laý edýän adam, laý işi bilen meşgul bolýan işçi. Ärnazar işan hem şol wagt ak sakgalyny sypap, bagana possunyny ýelbegeý alyp, laýçylaryň ýanynda tomaşa edip ýördi ( Türkmen halk ertekileri ). Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling