Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet121/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   117   118   119   120   121   122   123   124   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

LAK [la:k] II, at, ser. Laklar. 
LAKAM, at. 1. Ýazyjydyr şahyrlaryň kabul eden 
edebi ady, tahallus. Magtymgulynyň edebi lakamy 
Pyragydyr. 2. Adamyň gylyk-häsiýetine, keşbine, 
kärine we s.m. görä dakylýan at.
LAKAMLYsyp. Lakamy bar, lakamy bolan 
LAKAŞAsyp. 1. Könelip sandan çykan, könelip 
dargan (gural hakynda). 2. göç. m. Peýdasy 
degmeýän, özüni oňarmaýan, diňe ýük bolup bilýän 
(adam). Ýany bilen gelenlerem-ä birtopar lakaşa.  
LAKGA Iat. Süýji suwda ýaşaýan, bedeni teňňe 
ýerine ýumşak deri bilen örtülen, ýasy kelleli uly 
balyk, ýaýyn. Onuň çöreginiň owuntyklaryny bolsa 
hemişe bir lakga balyk iýer eken (

Türkmen halk 
ertekileri

).
LAKGA II: lakga ýuwutmak birden ýuwutmak, 
birbada ýuwudyp goýbermek, lak-luk atmak. Uly 
balyklar kiçijik balyklary lakga ýuwudýardy. 
LAKGA-LAKGA, at, gepl. d., ser. Lagta-lagta. 
LAKGY, syp. Boş, ugursyz gürrüň edip ýören, 
gepiniň-sözüniň ugry-utgasy bolmadyk ýaňra. Bir 
lakgy çasyrar ol küren ili (Magtymguly). Öňde bir 
ýuwaşdaň bendäň öýüne bir lakgy myhman gelipdir 
(Ý. Mämmediýew).
LAKGYLDAMA 
[lakgyllama], 
iş 
ady. 
Lakgyldamak ýagdaýy. 
LAKGYLDAMAK [lakgyllamak], işl. Bolgusyz 
zatlar hakynda köp gürlemek, biderek ýaňramak. Ol 
gülmesiz zada gülüp, özünden soralmadyk zatlar 
hakynda lakgyldajak boldy (N. Pomma).
LAKGYLDAŞMAK [lakgyllaşmak], işl. Iki ýa-
da birnäçe bolup, bilelikde lakgyldamak. Şony seniň 
bilen maslahatlaşmaly hem-de ýaşuly bilen birazajyk 
lakgyldaşaly diýip geldik (B. Seýtäkow).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   117   118   119   120   121   122   123   124   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling