Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet120/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   116   117   118   119   120   121   122   123   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

LAGYRDATMAK 
[lağyrdatmak], 
işl. 
Lagyrdamaga sezewar etmek, lagyrdar ýaly etmek. 
Garry düýäni lagyrdatmak. 
LAGYRDAÝYŞ 
[lağyrdaýyş], 
iş 
ady. 
Lagyrdamak ýagdaýy. 
LAGYRDY [lağyrdy], at. Düýe bagyranda 
lagyrdyly ses etmek, lagyr-lagyr etmek, bagyrmak 
(düýe hakynda). 
LAGYR-LAGYR [lağyr-lağyr], s.ş. aňl.söz. 
Düýe bagyranda çykýan sesler. 
◊ Lagyr-lagyr etmek ser. Lagyrdamak. 
LAHAT, at, k. d. Gör, gabyr; lähet, gabryň içki 
öýi. Şahyr Baýly, al nesihat, Ahyry jaýyňdyr lahat 
(Baýly şahyr).
LAHZA, hal, k.d. Göz ýumup-açasy salym, az 
wagt, şol wagt, şol pursat, birsalym, biraz. ... 
Hüýrlukga öz dogany Hüýrzagpyranyň eden işine 
gahary gelip, bir lahzada sansyz müň leşger ýygnap, 
Hüýrzagpyranyň üstüne geldi (

Hüýrlukga – 
Hemra

). 
LAK: lak açmak serLak bolmak.Otursa-tursa 
dilini ýetirip duran adam menden almytyny alandan 
soň lak açaýdy. Lak bolmak dymmak, sem bolmak. 

Men-ä, inim Myrat, seniň bilen guda bolaly!

 diýip 
geldim diýeninden, Myrat kel lak boldy (A. 
Durdyýew). Lak etmek birini geplemez ýaly etmek.  
LAK [la:k] I: lak atmak söz gatmak, birine bir 
zat diýmek. Lak atamda myssyk gülgün, Assa ýöräp 
bärik gelgin (Halk döredijiliginden). Enebaý eje bu 
goh-galmaga oýanyp, ýorganlarynyň üstünde oýaly-
ukuly gözlerini owkalap oturan Aba bilen 
Ýusupberdä: – Balalam, ogul jigiňiz boldy – diýip, 
lak atdy-da, täze dogan çaganyň sesi çasly çykýan 
tama tarap döndi (Gurbanguly Berdimuhamedow, 
Älem içre at gezer, 10 s.). Ýigitkäm gyzlara bakman 
bilmedim, Ýöne lak atmagy hökman bilmedim (G. 
Daşgynow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   116   117   118   119   120   121   122   123   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling