Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet123/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   119   120   121   122   123   124   125   126   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

LAKYRDAÝYŞ, iş ady. Lakyrdamak ýagdaýy. 
LAKYRDY, at. 1. Gaýnaýan suwuklykdan 
çykýan sesiň ady. Gaýnap duran gazanyň lakyrdysy 
kesildi. 2.Okuň durýan ýeri giňän ýagdaýynda 
çykýan, peýda bolýan sesiň ady (araba, tigir we ş.m.). 
Gitdigiçe tigriň lakyrdysy artdy. 
LAKYR-LAKYR, s. ş. aňl. söz. Suwuklyk 
yzygiderli gaty gaýnanda çykýan yzygiderli sesler. 
Lakyr-lakyr etmek ser. 1. Lakyrdamak.Şol 
mahal taňka lakyr-lakyr edip gaýnap çogdy (N. 
Pomma). 
LAKY-TAK [la:ky-ta:k], hal. Halys, alaçsyz, 
ysgynsyz, halys bolan. Şol gelüwine gumdan çykman, 
eşegi laky-tak durdy (

Görogly

). 
◊ Laky-tak bolmak halys bolmak (birine bir zady 
gaýtalap-gaýtalap aýdyp düşündirjek bolanyňda 
aýdylýar). Saňa aýdyp-aýdyp laky-tak boldum
LAKY-TAKLYK [la:ky-ta:klyk], at. Laky-tak 
halda bolmaklyk, halys bolmaklyk, ysgynsyzlyk, gaty 
ýadawlyk.
LAL 
[la:l], 
syp. 
Doga kerligi sebäpli 
geplemekden mahrum, gepläp bilmeýän (adam). 
Malyň göwni ýazlarda, Lalyň göwni sözlerde, Meniň 
göwnüm sendedir, Seniň göwnüň düzlerde (G. 
Ezizow). 
Lal bolmak (açmak) sesiňi kesmek, sesiňi 
çykarman, geplemän oturmak, sem bolmak. 
Gargasaň gyşyň bar, ýalkasaň ýazyň, Bilbiller lal 
bolar eşidip owazyn (A. Kekilow). 
LAL-JIM [la:l-ji:m], hal, ser Lam-jim. Çopan 
agyr ahwalaty aýdyp gutaransoňam, köpçülik dili 
tutulan ýaly, bir salym lal-jim bolup oturdy 
(

Edebiýat we sungat

). 
LALLYK [la:llyk], at. Geplemekden mahrumlyk, 
dilsiz-agyzsyzlyk, gepläp bilmezlik. Dil lallyk 
alamaty däl-de, iki gürrüňdeşiň ruhy halyny biri-
birine mälim edýän derwaýys bir ýarag ahyry 
(B.Kerbabaýew).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   119   120   121   122   123   124   125   126   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling