Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet117/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   113   114   115   116   117   118   119   120   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Kyýamatlyk dogan okaşmak özüň ýaly biri 
bilen ömürlik dogan, gardaş bolup ýaşamaklyga ant 
içmek.
 
 
 
 
 
 


64 

 
 
L, Türkmen elipbiýiniň on dördünji harpy. 
LA [la:], Käbir atlaryň öňünden gelip, -syz, -siz 
goşulmasynyň manysyny aňladýar. Barçanyň 
perwerdigäri patyşahy la-mekan (Şeýdaýy). 
LABYR [la:vyr], at. 1. Deňizde, derýada gämini, 
gaýygy bir ýerde saklamak üçin suwuň düýbüne 
taşlanýan zynjyrly, gaňyrçakly agyr demir. 2
göç.m.Agram, agyrlyk, agyr ýük. Nädip göterýärkän 
ol, Gerdenne ýüklenen munça labyry? (I. Nuryýew). 
3. Tahýa salynýan labyr görnüşindäki nagyş. 
◊ Labyryňy atmak biriniň üstüne öz garamatyňy 
atmak.
LABYRDAMA [lavyrdama], iş ady. Labyrdamak 
ýagdaýy. 
LABYRDAMAK [lavyrdamak], işl. Labyrdyly 
ýanmak. 
LABYRDAMAKLYK [lavyrdamaklyk], iş ady. 
Labyrdamak ýagdaýy. 
LABYRDAMAZLYK [lavyrdamazlyk], iş ady.  
Labyrdap ýanmazlyk. 
LABYRDAŞMAK [lavyrdaşmak], işl. Labyrdyly 
ýanmak (ýanýan köp zat hakda). Tamdyrdan 
lowlaýan tüsseli ýalyn, gapylarda hatara ýanýan 
ojaklar, 
şol 
şapak 
bilen 
bäsleşýän 
ýaly 
labyrdaşýardylar (B. Kerbabaýew).  
LABYRDATMAK [lavyrdatmak], işl. Labyrdyly, 
ýalynly ýakmak. Ýandagy labyrdadyp ýakmak. 
LABYRDAÝYŞ 
[lavyrdaýyş], 
iş 
ady. 
Labyrdamak ýagdaýy. 
LABYRDEPEN [la:vyrdepen], at. Gaýyk suwuň 
gyrasyna ýetende, ýere çiş çümdürip, gaýygy 
saklaýan adam. 
LABYRDY [lavyrdy], at. Ot kemsiz tutaşyp, 
ýalynly ýananda emele gelýän sesiň ady. Ýalaňy 
odunyň labyrdysy. 
LABYR-LABYR [lavyr-lavyr], s. ş. aňl. söz. 
Kemsiz tutaşyp, ýalynly ýanýan oduň sesi. 
◊ Labyr-labyr etmek ser. Labyrdamak. 
LABYZ [lavyz], at. 1. Ýakymly, mylaýym 
äheňde çykýan ses, owaz. Meniň oglum hem dutary 
edil seniň ýaly şirin labyzda çalýardy, ol hem sen 
duşly oglandy (

Türkmen halk ertekileri

). 2. Sözüň 
aýdylyş äheňi. Labzy şeker, hoş güftarly amanmy? 
(Zelili). 
Labzy ajamak biri bilen hyrsyz, ýakymsyz 
sözleşmek. Nämedendigini-hä bilemok weli, soňky 
döwürde seniň labzyň-a ajapdyr.  
LABYZLY [lavyzly], syp. Ýakymly owaz bilen
labyz bilen. Onuň dutaryny Şükür bagşy ýaly 
gümmürdedip, labyzly çaldy (N. Pomma).
◊ Labyzly okamak sözleri aňladýan manylaryna 
laýyk gelýän äheň bilen çeper okamak. 
LABYZLYLYK [lavyzlylyk], at. 1. Labzy 
barlyk, labyzly bolmaklyk. Sazyň labyzlylygy. 2
Sözleşmäge, gepleşmäge mylakatlylyk, ýakymlylyk, 
mylaýymlyk.
LABYZSYZ [lavyssyz], syp. 1. Labzy ýok, 
owazy ýakymsyz, gulaga ýakmaýan. Labyzsyz 
aýdylan aýdym. Goşgyny labyzsyz okamak. 2göç. m. 
Hyrsyz, ýakymsyz, mähir-mylakatsyz, labzy ajy. 
Pahyr labyzsyz adam eken. 
LABYZSYZLYK [lavyssyzlyk], at. Labyzsyz 
bolmaklyk, labzy ýokluk, labyzly dällik. 
LAÇYN [la:çyn], at. 1. Ýeňsesi gögümtil ýa-da 
çalymtyl-gök, arkasy çalymtyl-goňur, aw awlamak 
üçin ýörite eldekileşdirilýän algyr guş. Garry 
güýçden galar, ýigitler huşdan, Saýýat awdan galar, 
laçynlar guşdan (Magtymguly). 2. Gyza dakylýan at. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   113   114   115   116   117   118   119   120   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling