Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet115/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   111   112   113   114   115   116   117   118   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Kynlyk bilen zordan; zoraýakdan, göwnemän. 
Ol kynlyk bilen haýyşymy bitirmegi boýun aldy. 
KYNRAK [kynyra:k], syp. Bolmalysyndan azda-
kände kyn. Güýzde däne ekilmedik ýer juda bir 
köpem däldi. Esasan, täze açylan ak ýerlerdi*, 
kiçeňräk hemem suw çykmasy kynrak par pellerdi* 
(Gurbanguly Berdimuhamedow, Döwlet guşy, 99 s.).
KYRK [kyryk], san. 40 belgisiniň ady we onuň 
aňladýan sany, mukdary. Gulzumy gyr sanyp, kyrk 
ýol geçer men, Eger ki meýl etse, ýar bizim sary 
(Magtymguly). 
KYRKAÝAK, at. Köpaýaklylar maşgalasyna 
degişli, süýrüje bedenli, köp aýakly, sary reňkli 
möjejik. 
KYRKBOGUN [kyrykboğun], at. Baldagy inçe, 
köp bogunly, gyzgylt, ýere ýazylyp ösýän haşal ot. 
Suwkyrkbogunlary güllän wagtynda çemenligi emele 
getirýärler. 
KYRKÇILLE [kyrykçille], at. 1. Gyşyň örküji, 
gyş paslynyň iň sowuk, garly günleri (takmynan 25-
nji dekabrdan 5-nji fewrala çenli). Gaýmalap 
ýagmasa kyrkçille gary, Diýerler: baharyň mazasy 
bolmaz (A. Kekilow). 2. Tarada dokalýan keteni, 
göwderi ýaly matalaryň inini we hilini kesgitlemekde 
ulanylýan söz. Kyrkçille bilen dokalan örän syk 
matadan tikilen köýnek. 
KYRKGARYN [kyrykgaryn], at. Gat-gat 
gasynly, tokgaja kiçi garyn. Goýnuň kyrkgarny. 
KYRKGÜNLÜK [kyrykgünlük], at. Gawunyň iň 
ir bişýän sary togalak görnüşi; dilim-dilim görnüşli, 
ysly, kiçijik gawun. 

Kyrkgünlük jöwen kyrk günüň dowamynda 
bişýän, egribaş jöweniň bir görnüşi. Kyrkgünlük 
erik erigiň ir bişýän görnüşi. 
KYRK-KYRK [kyryk-kyryk], at. Suwda gark 
bolýan adamyň sesini, dem alşyny aňladýan söz. Ol 
suwa özüni urandan, kyrk-kyrky sanap başlady. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   111   112   113   114   115   116   117   118   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling