Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÜRRELEME [kürrölömö], iş ady. Kürrelemek  ýagdaýy.  KÜRRELEMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet109/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   105   106   107   108   109   110   111   112   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÜRRELEME [kürrölömö], iş ady. Kürrelemek 
ýagdaýy. 
KÜRRELEMEK [kürrölömök], işl. Kürresi 
bolmak. Eşek kürreläpdir. 
KÜRRELEÝIŞ [kürrölöýüş], iş ady. Kürrelemek 
ýagdaýy. 
KÜRS, at, k. d. Asmanyň sekizinji gaty. 
KÜRSEMEK [kürsömök]: kürsäp girmek 
(urmak) bir ýere säginmän girmek, bir zatdan 
howatyr edip çalt girmek, haýal etmän sümülmek. Ol 
säginmän diýen ýaly öz howlusynyň içine kürsäp 
girdi (H. Ysmaýylow).
KÜRSEŞMEK [kürsöşmök], işl Birnäçe bolup 
säginmän, çalt sokulyşyp girmek. Olar jaýa kürseşip 
girdiler. 
KÜRSI [kürsü], at. Iki gapdaly tirsek goýar ýaly, 
arkasy ýaplanar ýaly bir adamlyk ýumşak oturgyç. 
KÜRŞERILMEK [kürşörülmök], işl. Nägile, 
närazy bolup, ýüz-gözüňi bürüşdirmek, sortdurmak. 
KÜRŞERIŞMEK [kürşörüşmök], işl. Birnäçe 
bolup kürşermek. Oturanlar kürşerişdiler.  
KÜRŞERME [kürşörmö], iş ady. Kürşermek 
ýagdaýy. 
KÜRŞERMEK [kürşörmök], işl. Nägile, närazy 
halda ýüz-gözüň bürüşmek. – Şomuka, şo dälmikä? 
– diýip, bir ýylgyryp, bir kürşerip, ýüregi gürs-gürs 
urýardy (A. Durdyýew).
KÜRŞERMEKLIK [kürşörmöklük], iş ady. 
Kürşermek ýagdaýy. 
KÜRŞERTMEK [kürşörtmök], işl. Ýüz-gözüňi 
çytmak, ýüzüňi turşatmak, sortdurmak, bürüşdirmek. 
Ol ýüzüni-gözüni kürşerdip, temegini ýokary tutup 
jogap berdi (G. Kulyýew).
KÜRŞÜK, syp. 1. Ýüzi-gözi çytyk, gasynly, ýüzi-
gözi bürşük. 2. Oglana dakylýan at. 
KÜRT, at, ser. Kürtler. Kürt dili. 
KÜRTDÜRIŞMEK [kürtdürüşmök], işl. Birnäçe 
bolup kürtdürip durmak. Olar bu elhenç sesi eşidip, 
birden kürtdürişip durdular. 
KÜRTDÜRMEK [kürtdürmök], işl. Bir zatdan 
heder edip, birden aýak çekmek, üýşenip ýa-da 
seresaplyk edip saklanmak; näme etjegini bilmän 
oýurganmak, ýaýdanmak, çekinip durmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   105   106   107   108   109   110   111   112   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling