Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Kisäňde (jübiňde) it uwlamak


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet70/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   66   67   68   69   70   71   72   73   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Kisäňde (jübiňde) it uwlamak pulsuz 
kösenmek, sowalgasyz, harjysyz galmak. 
KISLOROD [kislaro:t], at. Howanyň düzümine 
girýän, dem almak üçin zerur bolan, wodorod bilen 
birleşende suw emele getirýän reňksiz we yssyz gaz, 
himiki element. Tohumlaryň ösmegi üçin kislorod 
zerur. 

Kislorod ýassygy dem almak üçin içi 
kislorodly ýassyk, lukmançylyk enjamy. 
KISLOTA [kislata], at. Düzüminde wodorod 
bolup, adatça turşy tagamly we lakmus kagyzyny 
gyzyl reňke öwürýän himiki birleşme. 
KIŞDE, at. Guradylan erik, ülje, alma ýaly 
miweler , pomidor we ş.m. gök önümler. Henize çenli 
kişiniň ýekeje kişdesini hem gozgan däldir (B. 
Kerbabaýew). Erik kişdesi. Pomidor kişdesi.
KIŞDELIKsyp. Kişde eder ýaly , kişde etmäge 
ýararly (miweler). Kişdelik erik. 
KIŞEN, at. Tussagyň, gaçgagyň aýagyna 
salynýan gandal, zynjyr. 
KIŞENLEMEK, at. Tussagyň ýa-da gaçgagyň 
aýagyna kişen salmak. Aýagym kişenläp, baglasaň 
elim... (Talyby). 
KIŞENLENMEK, işl. Tussagyň aýagyna kişen 
salynmak. 
KIŞENLETMEK, işl. Tussagyň aýagyna kişen 
saldyrmak. 
KIŞI, at. 1. Adam, ynsan. Orta ýaşan bir kişi 
köçe bilen parahat barýardy. Gara öýüň ortasyndaky 
ojakda alawlap ýanýan otdan nazaryny sowman 
oturan ýaşy elli çemesi, süňkbaşy iri, ýüzi nurana kişi 
egnine ýasgynjak atynan possunynyň ýakalaryny 
çekişdirip, 
syýyny 
ýygnap, 
has-da 
tijendi 
(Gurbanguly Berdimuhamedow, Älem içre at gezer). 
2. Özge, başga biri. Kişi ýerine agaç ekseň, biwagt 
palta sesini eşidersiň (Nakyl). Öz ryzkyna hiç 
kanagat etmedik, Gözün diker, kişi aşyna zar bolar 
(Magtymguly).

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   66   67   68   69   70   71   72   73   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling