Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet67/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   63   64   65   66   67   68   69   70   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Kireýsiz kilim kakmazlyk hak alman hiç iş 
etmezlik, sähelçe iş üçin pul talap etmeklik. 
KIREÝÇIat, ser. Kireýkeş. 
KIREÝKEŞ, at. Öz maly bilen kireý edýän 
adam, kireýine iş edýän adam. 
KIREÝKEŞLIK, at. Kireýkeşiň kesp-käri, 
ýerine ýetirýän işi. Ol galla daşap, kireýkeşlik edýär. 
KIRIGIŞ [kiriğiş], iş ady. Kirikmek ýagdaýy. 
KIRIKDIRMEKişl., ser. Kirjikdirmek
KIRIKMEiş ady. Kirikmek ýagdaýy. 
KIRIKMEKişl., ser. Kirjikmek. Men bu jaýda 
ýeke däldim, ýanaşyk krowatyň aýagujunda kirigen 
tor maýka asylgy durdy (T. Gurbanow). 
KIRIKMEKLIKiş ady. Kirikmek ýagdaýy. 
KIRIŞ, at. 1. Dutar, gyjak ýaly saz gurallaryna 
dakylýan, ýüpekden işilen ýa-da polat simden edilen 
tar. Çünki ol gazana garanjaklap oturýan, orta pul 
düşmese, dürli bahanalar tapyp hezil bermeýän, 
dutarynyň kirşini üzýän bagşylardan däldi (N. 
Saryhanow). 2. Ýaýyň iki ujuna daňylýan we oky 
saklamak üçin örme, işme ýüp. Ýaýyň kirşi.3. Jaýyň 
düýbi tutulanda ölçemek, kerpiji göni örmek üçin 
çekilýän ýüp, sapak. Ol kerpiji kiriş tutup örýärdi. 
KIRIŞLEMEiş ady. Kirişlemek ýagdaýy. 
KIRIŞLEMEKişl. 1. Kiriş etmek, kiriş dakmak 
(dutara, ýaýa). Dutary kirişlemek. 2. Kiriş tutmak, 
kiriş çekmek (gurluşykda). Kirişläp kerpiç örmek. 
KIRIŞLEMEKLIKiş ady. Kirişlemek ýagdaýy. 
KIRIŞLENMEK, işl. Kiriş tutulmak, kiriş 
çekilmek. Dutar kirişlendi. Kirişlenmän örülen diwar 
göni çykmandyr. 
KIRIŞLETMEK, işl. Kirişlemek işini başga 
birine etdirmek, kiriş tutdurmak, kiriş çekdirmek. 
Dutary kirişletmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   63   64   65   66   67   68   69   70   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling