Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


KÄHUDA [kä:huda:], syp., ser. Kethuda


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet59/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   55   56   57   58   59   60   61   62   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

KÄHUDA [kä:huda:], syp., ser. Kethuda. 
Kähuda ediner ýakyn-daşlaryň (Baýly şahyr). 
KÄKELEME [kä:keleme], iş ady. Käkelemek 
ýagdaýy. 
KÄKELEMEK 
[kä:kelemek], 
işl. 
1. 
Ýumurtgalajak bolup 

kä-kä

edip seslenmek (towuk 
hakynda). Käkelän towuk ýumurtgalaman dynmaz 
(Nakyl). 2. göç.m. Bir zady etdirmek üçin gaýtalap-
gaýtalap aýtmak, bir zady diliňden düşürmän 
gaýtalamak. Agtygyň sizi göresi gelýär, birsyhly ata 
diýip käkeleýär (B. Kerbabaýew). 
KÄKELEMEKLIK [kä:kelemeklik], iş ady. 
Käkelemek ýagdaýy. 
KÄKELEŞMEK [kä:keleşmek], işl. Birnäçe 
bolup käkelemek. Towuklar ketegine gözlerin aýlap, 
Käkeleşýär 
ýatjak 
ýerlerin 
peýläp 
(Ç. 
Gurbangylyjow). 
KÄKELEÝIŞ, iş ady. Käkelemek ýagdaýy. 
KÄKIL [kä:kil], at. 1. Süýr depede goýlup 
ösdürilýän saç, kekil. Käkilleriň towlansyn, burmasy 
telli bolsun, Gel, wadaňy birge goý, ykraryň belli 
bolsun (Talyby). 2. Atyň maňlaýyna dökülip duran 
ýal. Bir bedew hanazat bolar syýaksyz, Guýrugy, 
käkili, ýaly bolmasa (Magtymguly). 3. Adam ady. 
KÄKILIK [kä:kilik], at. 1. Kepderiden tokgarak, 
çalymtykdan owadan reňkli, çüňki gyzyl guş. Bir
käkilik aldyrsa körpe balasyn, Saýraý-saýraý 
yzlamaýan bolarmy? (Magtymguly). 2. Gyza 
dakylýan at. 
KÄL [kä:I], at. Bir wagtlar suw akymynyň ugry 
bolan giň jar. 
KÄMAHAL [kä:mahal], hal, ser. Käwagt. 
KÄMIL [kä:mi:l], syp. Doly suratda kemala 
gelen, ýetişen, hemme tarapdan taplanan.
KÄMILLEŞDIRILMEK [kä:mi:lleşdirilmek], 
işl. Öňküsinden-de kämil edilmek. Hemme tarapdan 
kämilleşdirilen maşyn. 
KÄMILLEŞDIRMEK [kä:mi:lleşdirmek], işl. 
Bir zady has kämil etmek, hil taýdan oňatlaşdyrmak, 
taplanan görnüşe getirmek.
KÄMILLEŞME 
[kä:mi:lleşme], 
iş 
ady. 
Kämilleşmek ýagdaýy. 
KÄMILLEŞMEK [kä:mi:lleşmek], işl. Kämillik 
derejesine 
ýetmek, 
has-da 
kämil 
bolmak; 
timarlanmak, syntgylanmak.
KÄMILLEŞMEKLIK [kä:mi:lleşmeklik], iş 
ady. Kämilleşmek ýagdaýy. 
KÄMILLIK [kä:mi:llik], at. 1. Durmuş, iş we 
ş.m. taýdan tejribeli, bişişen, mahlasy, kamil 
bolmaklyk. Okuwyny gutaryp ylym aldy hem tejribe 
işlerinde bolup, kämillige ýetişip, obalaryna gaýtdy 
(A. Gowşudow). 2. Kemala gelmeklik, oglanlykdan 
saýlanyp, uly adam hataryna girmeklik. Gaýda-
gaýda oglanlygyň raýyndan, Ýetip geldim kämilligiň 
paýyndan (Magtymguly). 

 Kämillik ýaşy adamyň beden we ruhy taýdan 
ýetişen, raýatlyk hukugyny alan ýaşy.  Gepiň keltesi, 
ol indi kämillik ýaşyna ýetdi (

Edebiýat we sungat

).
KÄN [kä:n] I, hal. syp. 1. Mukdar, san taýdan 
köp. Hyrajyňy, salgydyňy kän berip, Gezdik köp işiňe 
ýarap, hoş indi (Seýdi). 2. Wagt taýdan uzak, 
dowamly. Zöhre kän eglenmän gaýtdy (T. 
Gurbanow). 3. göç. m. Şeýle bir, o diýen, köp.
KÄN [kä:n] II, at. Ýerasty magdan baýlygy we 
onuň çykýan, gazylyp alynýan ýeri; hazyna, baýlyk. 
Gaşlaryň gylyçdyr, gözleriň jellat, Bahaňa pul ýetmez 
käne ogşyr sen (

Görogly

). 
KÄNBIR [kä:nmir], çal. Onçakly köp bolmadyk,
o diýen.
KÄNELIŞ [kä:neliş], iş ady. Känelmek ýagdaýy. 
KÄNELME [kä:nelme], iş ady. Känelmek 
ýagdaýy. 
KÄNELMEK [kä:nelmek], işl., gepl. d., ser. 
Köpelmek. 


34 
KÄNELMEKLIK [kä:nelmeklik], iş ady. 
Känelmek ýagdaýy. 
KÄNELTDIRMEK [kä:neltdirmek], işl. San, 
mukdar taýdan köpeltdirmek. 
KÄNELTMEK 
[kä:neltmek], 
işl. 
ser. 
Köpeltmek I. Şeýle alkyşlar bilen gelýänler barha 
känelýärdi (N. Pomma).
KÄNLIK [kä:nlik], at, ser. Köplük I. Onuň 
aljyramasy diňe bir adamyň känliginden däldi 
(

Edebiýat we sungat

). 
KÄPILLE [kä:pille], hal, gepl.d. Käwagt. 
Ýolagçy çekýän otly bu duralgada käpille bolaýmasa, 
köplenç durman geçýär (N. Pomma). 
KÄR [kä:r] I, at. 1. Okamak, tälim almak 
netijesinde öwrenilýän hünär, meşgullanylýan iş, 
pişe. Onuň käri mugallymçylykdy. 2. göç. m. 
Öwrenilen endik, edim-gylym. – Bu käre haçan baş 
urduň ?  diýip, ol sorady (

Edebiýat we sungat

). 
KÄR [kä:r] II: kär etmezlik täsir etmezlik, täsiri 
ýetmezlik; peýda bermezlik. Gylyç galkana kär 
etmez, Tüpeň degse, daşdan geçer (

Görogly

). 
Biakyla akyl berseň kär etmez, Ezip gursagyna 
guýmak biläni (Zelili). 
KÄRDERI [kä:rderi], at. Inerden gaýan, 
arwanadan bolan inen düýe. Bir zat diýsem, kärderi 
mal ýaly arkan gaýdyşyp durlar (O. Akmämmedow). 
KÄRDEŞ [kä:rdeş], at. Bir kärde bile işleşýän, 
käri, hünäri bir bolan, bir kärdäkiler. 

Kärdeşler arkalaşygy belli bir kesp-kärdäki 
işgärleriň, işçileriň birleşigi.
KÄRENDE 
[kä:renne], 
at. 
Wagtlaýyn 
peýdalanmak üçin kireýne alnan ýa-da berlen (ýer, 
jaý we ş.m.).
KÄRENDEÇI [kä:renneçi], at. Ekin ýerini we 
ş.m. kärendesine alan adam.
KÄRENDEÇIL1K [kä:renneçilik], at. Kärendeçi 
bolup işlemeklik.
KÄRHANA [kä:rha:na], at. Önüm öndürmek 
bilen meşgullanýan, çig mal önümlerini maşyn arkaly 
işläp çykarýan senagat önümçilik pudagy.

Hususy kärhana fiziki şahs tarapyndan onuň
karary esasynda we özüniň eýeçilindäki emlägi 
peýdalanmak bilen döredilen ýuridik şahs (hususy 
kärhana fiziki şahsyň başga hususyýetçilere degişli 
kärhanany satyn almagy netijesinde hem döredilip 
bilner).

KÄRIZ 
[kä:riz], 
at. 
Ýerasty suwlardan 
peýdalanmak üçin, dag eteklerinde guýy gazyp, 
aralary söw arkaly birikdirilen guýular topary.
KÄRIZÇI 
[kä:rizçi], 
at, 
ser. 
Kärizgen.Kärizçileriň ýerine ýetirýän işi aňsat iş däl. 
KÄRIZGEN [kä:rizğen], at. Käriz gazýan ussa, 
kärizçi. Kärizgenler örän agzybir işleýärler. 
KÄRIZLIK [kä:rizlik], at. Käriziň köp ýeri. Ol 
kärizligiň arasyna urup, gözden ýitdi (R. Gelenow). 
KÄRSIZ [kä:rsiz], syp. 1. Hiç bir hünäri 
bolmadyk, käri ýok, hünärsiz. Kärsiz ýetginjek. 2. 
gepl. d. Bikär gezip ýören, hiç bir iş bilen 
meşgullanmaýan. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   55   56   57   58   59   60   61   62   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling