32
düşmek.
Keýpine sogan dogramak ser. Keýpini
bozmak. Şowsuzlyklar olaryň keýpine sogan
dograýardy. Keýpine şärik geçirilýän çärä, işe
özüniň
dahyly bolman, diňe daşyndan tomaşaçy
hökmünde gatnaşýan (adam hakynda).
Onuň beýle
zatlar bilen işi bolmaz, ýöne bir keýpine şärik
adamdyr. Keýpini bozmak ruhy dünýäsine
galagoplyk
aralaşdyrmak,
gamlandyrmak,
tukatlandyrmak.
Şol söz onuň keýpini beter
bozjagyny aňlany üçin göwünlik berdi (B.
Kerbabaýew).
Keýpini gaçyrmak ser. Keýpini
bozmak. Bu nämälim howsalaly ýagdaý adamlaryň
keýpini bozdy (B. Seýtäkow).
Keýpini uçurmak ser.
Keýpini bozmak. Abadanyň çaý başynda beren
gürrüňleri çopanyň keýpini uçurdy (
Edebiýat we
sungat
).
Keýpini görmek bir zadyň lezzetinden
hezil etmek.
Keýpiňi köklemek (sazlamak) bir
zatdan
doly kanagatlanmak, göwün solpusyndan
çykmak, göwnüňi hoşlamak.
Ýolagçylar çaý-suwdan
keýplerini köklediler. Keýpiň kelläňde öz meýliňe
görä, öz eliň, öz ýakaň, ygtyýar özüňde.
Haýsy
okuwa gitseň, şoňa git, keýpiň kelläňde.
KEÝP-AHWAL [keýip-ahwa:l],
at. Hal-ýagdaý,
keýp we ahwalat.
Olar keýp-ahwal soraşyp, esli
salym durdular.
KEÝPÇIL [keýipçil],
syp. Keýp çekmegi,
oturyşmagy gowy görýän, keýpe gyzygýan.
Ol
keýpçil adamdy.
Do'stlaringiz bilan baham: