KESMEKLETMEK, işl. 1. Gazanyň düýbünde
kesmek emele getirmek.
Emelsiz gelin gazanynyň
düýbüni
kesmekleder
diýip,
gaýyn
enesi
hüňürdeýärdi. 2. Ýaranyň we ş.m. ýüzünde gaty
gatlak emele getirtmek. Sen ýaraňy kesmekledipsiň!
KESMEKLIK, iş ady. Kesmek ýagdaýy.
KESMIK, at. Gaçak malyň boýnundan öň
aýaklarynyň arasyna girip, ony saklamak üçin
asylýan agaç. Kesmikden boşadylan mähnet sary
sygryň gaba ýelni satanynyň arasyna sygmaýşy ýaly,
öýkeli ýaly göwünsiz gadam urup barýardy (B.
Kerbabaýew).
KESP, at. Adamyň käri, hünäri, kesp-kär. Ata
kesbi ogla halal (Nakyl).
KESP-KÄR [kesip-kä:r], at. 1. Meşgullanylýan
iş, kär, hünär. Ana, onuňam kesbi-käri çopançylykdy
(A. Nazarow). 2. göç. m. Edähet, ýörelge; gylyk-
häsiýet. Ömürboýy bu garryň kesbi-käri şeýledi,
Gyzy bolan ýaş enä nazaryny aýlady (M. Seýidow).
KEST [kes(s)]: kestiň ýetmek zyýanyň, zeleliň
ýetmek. Çagalara bir kestim ýetmesin! (N.
Hojageldiýew).
KEŞ I, at. Hatar ekilen gowaça we ş.m. ekinleriň
arasyndaky joýa; ýer sürlende azalyň geçip giden yzy.
KEŞ II, Käbir sözüň soňuna goşulyp, goşulan
sözüniň manysy bilen baglylykda kär aňladýan söz
ýasaýjy goşulma. Meselem: arabakeş, düýekeş,
çilimkeş, peýdakeş we ş.m.
KEŞARA [keşa:ra], at. Iki keşiň arasy, keşleriň
aralygy. Gowaça meýdanlaryny keşme-keş däl-de,
diňe keşara suwarmagy dowam etdirýärler.
KEŞAŞA [keşa:şa], at. Bir keş aşyryp, başaşa
keş. Keşaşa suwarmak.
KEŞDE, at. Owunjak sanjylýan sanjym
görnüşinde salnan nagyş. Saçy täze syrylan kellesinde
30
yz goýup giden keşdesi iri gaýalan tahýasyny
gozgady (N. Baýramow).
Keşde çekmek keşdeläp nagyş etmek, bir zada
keşde salmak. Näzik onuň-munuň halysyny dokap,
gaýmasyny gaýap, keşdesini çekip, el hünäri bilen
hyzmat edýärdi (A. Gowşudow). Keşde iňňe keşde
çekmek üçin inçejik we gysga iňňe. Biri keşde iňňe
alyp, ýüregime çalaja sançýan ýaly (
Edebiýat we
sungat
). Keşde sapak her dinine aýratynlykda tow
berlip işilen sapak. Gözel keşde sapagyny taýynlap
goýdy.
Do'stlaringiz bilan baham: |