Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


PROZA [puro:zo]at, edeb. Şygyr bilen däl-de,  gürrüň, kyssa görnüşinde ýazylýan eser. PUBLISIST


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet373/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   369   370   371   372   373   374   375   376   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

PROZA [puro:zo]at, edeb. Şygyr bilen däl-de, 
gürrüň, kyssa görnüşinde ýazylýan eser.
PUBLISIST [publisi:st] at. Publisistik makala
eser ýazýan ýazyjy. 
PUBLISISTIKA [publisi:stika] at, edeb. Çeper
edebiýatyň bir görnüşi bolup, jemgyýetiň gündelik 
durmuşynyň wakalaryna, hadysalaryna işjeň 
seslenýän žanr (onuň makala, oçerk, pamflet, feleton 
görnüşleri bolýar). 
PUÇ [pu:ç], syp. Biderek, boş, ugursyz, hiç zat. 
Al gerek bolsa! Onda, mundan öňki sözleriň bary 
puç-da?! (B. Kerbabaýew). 

Puç bolmak biderek bolmak, netijesiz bolmak. 
Senden edýän tamalarym puç bolmady (B. Japarow). 
Puja çykmak ser. Puç bolmak
PUÇLAMAK [pu:şlomok], işl. 

Ýüzük

oýnunda 

sen boş

diýip aýtmak, puç etmek. Meni puçlasaň, 
edil agzyňa zäk atylan ýaly ederin (B. Kerbabaýew).
PUÇLANMAK [pu:şlonmok], işl. Puç bilinmek, 
hasapdan çykarylmak, boş hasaplanmak. 


210 
PUÇLATMAK [pu:şlotmok], işl. Puç etdirmek, 
boş hasaplatmak. 
PUÇLUK [pu:şluk], at. Bidereklik, boşluk. 
Wadasynyň puçlugyny bildik. 
PUDAK [pu:dok], at. 1. Ösümligiň, agajyň 
owunjak pürli şahasy, baldagy, çybyk. 2. Bir işiň, 
ylmyň, önümçiligiň aýratyn bir ugry. 3. Keçäniň arka 
ýüzüne basylýan ýaprakly çybyk şekilli nagyş. 4
Oglana dakylýan at. 
PUDAKLAMA 
[pu:doklomo], 
iş 
ady. 
Pudaklamak ýagdaýy. 
PUDAKLAMAK [pu:doklomok], işl. Pudak 
çykaryp başlamak, pudak ösüp başlamak.
PUDAKLAÝYN [pu:dokloýun], hal. Pudaklar, 
ugurlar boýunça. 
PUDAKLAÝYŞ 
[pu:dokloýuş], 
iş 
ady. 
Pudaklamak ýagdaýy. 
PUDALMAK [pu:dolmok], işl. Pudaklary kesilip 
ýylmalmak, pudaklary çapyşdyrylyp aýrylmak, 
çapylmak. Onuň diňe başyndaky topbaja pudagyndan 
başga şahalary pudalan bolmaga çemeli, ol goýy 
gara dumanyň arasynda käbir wagt salgym atyp 
görünýärdi (A. Gowşudow).
PUDAMA [pu:domo], iş ady. Pudamak ýagdaýy. 
PUDAMAK [pu:domok], işl. Artyk pudaklaryny 
kesip ýylmamak, pudaklaryny çapyp aýyrmak. Göýä 
gurçuk üçin pudalan tuduň, Kellesi ýalydy 
ýumrugnyň hersi (K. Gurbannepesow). 
PUDAMAKLYK 
[pu:domokluk], 
iş 
ady. 
Pudamak ýagdaýy. 
PUDARLAMA 
[pu:dorlomo], 
iş 
ady. 
Pudarlamak ýagdaýy. 
PUDARLAMAK [pu:dorlomok], işl. Bölek-
bölek edip kesmek, böleklere bölüşdirmek (et 
hakynda). Kerim ýeňini çermäp, bir salymyň içinde 
goýny pudarlady (Ý. Mämmediýew).
PUDARLAMAKLYK [pu:dorlomokluk], iş ady. 
Pudarlamak ýagdaýy. 
PUDARLANMAK [pu:dorlonmok], işl. Bölek-
bölek edilip kesilmek, böleklenmek. Goýnuň eti 
pudarlanyp, ýüpden asyldy (

Edebiýat we sungat

). 
PUDARLAŞDYRMAK [pu:dorloşdurmok], işl. 
Pudarlap çykmak (et hakynda). 
PUDARLAŞMAK [pu:dorloşmok], işl. 1
Pudarlamaga kömekleşmek. 2. Bilelikde pudarlamak. 
Adamlar öldürilen sygryň etini pudarlaşyp 
otyrdylar
PUDARLATMAK 
[pu:dorlotmok], 
işl. 
Pudarlamak işini başga birine etdirmek. 
PUDARLAÝYŞ 
[pu:dorloýuş], 
iş 
ady. 
Pudarlamak ýagdaýy. 
PUDAŞMAK [pu:doşmok], işl. 1. Pudamaga 
kömek etmek. 2. Birnäçe bolup pudamak. Adamlar 
ýoluň gyrasyndaky agaçlary pudaşyp ýör.  
PUDATMAK [pu:dotmok], işl. Pudamak işini 
başga birine etdirmek, ýylmatmak. Bu giden bagy 
kime pudatsam diýýäň? 
PUDAÝYŞ [pu:doýuş], iş ady. Pudamak 
ýagdaýy. 
PUDRA [pu:dra], at. Kosmetikada ýüze çalmak 
üçin giňden ulanylýan un görnüşindäki hoşboý ysly 
gözellik serişdesi.  
PUDRALAMAK 
[pu:drolomok], 
işl.Pudra 
çalmak. 
PUGTA [puğto], syp. 1. Mäkäm, berk, ykjam. 
Onuň ellerinden pugta tutup, owadan gözlerini 
äriniň gözüne dikdi (B. Seýtäkow). 2. Berk, gowy, 
mazaly, oňat, doly. Aýdanlarymy pugta ýadyňda 
sakla. 3. Özüne bek, etjegini bilýän. Ol gaty pugta 
adamdyr. 
PUGTALAMA [puğtolomo], iş ady. Pugtalamak 
ýagdaýy. 
PUGTALAMAK 
[puğtolomok], 
işl. 
1
Mäkämlemek, berkitmek, berkleşdirmek, pugta 
etmek. 2. Geplemeli, geplemesiz, etmeli, etmesiz 
zatlary gulagyna guýup, öz diýşiň ýaly etmelidigini 
duýdurmak, agzyna berk bolmagyny tabşyrmak, 
berklemek. Ýoldaşyňy pugtalaweri, ýogsam aýtmasyz 
zatlary aýdybermesi bardyr. 
PUGTALAMAKLYK [puğtolomokluk], iş ady. 
Pugtalamak ýagdaýy. 
PUGTALANDYRMAK [puğtolonnurmok], işl. 
Mäkämleşdirmek, berkleşdirmek.
PUGTALANMAK [puğtolonmok], işl. 1. Has 
mäkäm edilmek, berkidilmek. 2. Has mäkäm bolmak, 
berkemek.  
PUGTALATMAK 
[puğtolotmok], 
işl. 
Pugtalamagy başga birine etdirmek, mäkämletmek, 
berkitdirmek. 
PUGTALAÝYŞ [puğtoloýuş], iş ady. Pugtalamak 
ýagdaýy. 
PUGTALYK [puğtoluk], at. 1. Berklik, 
mäkämlik. 2. göç.m. Özüňe pugta bolmaklyk, 
durnuklylyk. 
PUGTAMA [puğtomo], iş ady. 1. Pugtamak 
ýagdaýy. 2. Aýal köýneginiň ýakasy, begres, çabyt, 
geýim, don, çäkmen, jübüleriniň agyzlary we ş.m. 
jäheklenenden ýa-da balakýüpi tutulanyndan soň, 
gyralaryna, agzyna berklik üçin, dürli reňkdäki sapak 
bilen edilýän sanjym nagşy. 
PUGTAMAK 
[puğtomok], 
işl. 
Köýnegiň 
ýakasyna, donuň, çabydyň jübüsiniň agzyna, geýimiň 
etegine we ş.m. berklik üçin jähegiň ýa-da 
balakýüpiniň ýüzünden pugtama nagşyny salmak. 
PUGTAMAKLYK [puğtomokluk], iş ady. 
Pugtamak ýagdaýy. 
PUGTAŞMAK [puğtoşmok], işl. 1. Pugtamaga 
kömekleşmek. 2. Birnäçe bolup pugtamak. Joralary 
çykjak gyzyň jäheklenip bolnan eşiklerini pugtaşyp 
otyr.
PUGTATMAK [puğtotmok], işl. Pugtamak işini 
başga birine etdirmek. Ejesi köýneginin ýakasyny gyz 
agtygyna pugtatdy
PUGTUK [puğtuk], at.Aýal geýiminiň balak 
ýüpüniň sag we çep tarapyny berkitmek üçin 
salynýan nagyş. 
PUGTUMA [puğtumo], atserPugtama 2
PUHARY [puhory], at. Jaýyň diwarynyň iç 
ýüzünden, burçundan ýasalýan ojak. 


211 
PUKARA [pukora:], syp. 1. Barly däl, garyp, 
ýoksul. Bize şa gyzy-da, geda gyzy-da gerek däl, bize 
özümiz ýaly pukara gyz gerek (S. Myradow). 2
göç.m. Biçäre, görgüli. Ýeri, pukarany munça azara 
goýup, ondan näme çykdy diýsene? (A. Gowşudow). 
3. göç.m. Gepsiz-gürrüňsiz, sesi-üýni ýok, ýuwaş. 
Gyzyň kakasy Musa öz bagbançylygy bilen mydar 
edip ýören bir pukarady (B. Soltannyýazow). 
PUKARAÇYLYK [pukora:çylyk], at, ser. 
Pukaralyk. Gurban aganyň aýaly Jumagül köp 
pukaraçylygy başyndan geçiren daýaw, eli-aýagy işe 
gelşip 
duran 
garaýagzyň 
görmeklisidi 
(A. 
Durdyýew).
PUKARALYK [pukora:lyk], at. Pukaranyň hal-
ýagdaýy. Ol öz pukaralygyna garaman, il bähbidi 
bardyr öýden ýerinde janyny aýamaýardy (B. 
Kerbabaýew). 
PUKARASYRAMAK [pukora:syramak], işl. 
Pukara bolan bolmak, özüni pukara edip görkezjek 
bolmak. Dogrusy, daşyndan göräýmäge süýji dilli 
pukarasyran bolup ýören bu türkana garry ýeser 
adamdy (T. Gurbanow).
PUKARASYRAŞMAK [pukora:syraşmak], işl. 
Birnäçe bolup pukarasyramak. 
PUL, at. 1. Harytlaryň bahasynyň ölçegi hem-de 
töleg serişdesi bolan metal şaýylyklar we kagyz 
belgileri. 2. Baýlyk; maýa. 

 Pula gyzmak pula nebsiňi şaglatmak, pul diýip 
ölüp barmak. Puluň ýesiri pula erkini aldyran, 
puldan başga zady bilmeýän. 
PULDAR [pulla:r], syp., ser. Pully. Puldar 
baýlar pul berýär (

Görogly

). 
PULDARLYK [pulla:rlyk], at. Köp pullulyk, köp 
puluň eýesi bolmaklyk. 
PULLANMAK 
[pullonmok], 
işl. 
Puluň 
köpelmek, pully bolmak, baýlaşmak. Akja palçy 
oglunyň çöle gidip, pullanyp gelmeginiň sebäbini 
düşündirdi (N. Baýramow).
PULLULYK [pulluluk], at. Puly köplük, puly 
barlyk, puldarlyk.  
PULLYsyp. 1. Puly kän, puldar. Pully adamyň 
gepi-sözem üýtgeşik bolýar. 2. Mugt däl, pul 
tölenýän, puluna. 3. Içine pul salnan. Pully gapjyk. 4
Pula dahylly, pula degişli, pul bilen baglanyşykly, pul 
hakyndaky. Soň pully gürrüň näme bilen gutardy
gürrüňiň şol ýeri gyzykly
PULSUZ, syp. 1. Pully däl, mugt. 2. Puly 
bolmadyk, puly ýok, kör-köpüksiz. Pulsuz bazara 
barandan, köpünsiz göre giren ýagşy (Nakyl). 
PULSUZLYK [pulsuzluk], at. Puly ýokluk, puly 
bolmazlyk. 
PURSAT [pursot], at. 1. Wagt, möhlet, çag, 
mütdet, puryja. 2. Gysga wagt aralygy, amatly wagt. 
Pursat bir guşdur, elden sypdyrsaň, uçar gider, ony 
gaýdyp tutmak bolmaz (A. Gowşudow). 3. Bir zadyň 
maýy, ýagdaýy, çemi. Pursat tapan mahaly, it gaçjak 
bolup, bar güýji bilen özüni bir tarapa baka oklady 
(A. Gowşudow). 
PURSATLAÝYN [pursotloýun], syp. Belli bir 
pursatda, pursat içinde bolup geçýän, wagtlaýyn, 
möhletleýin. Pursatlaýyn iş. 
PURYJA [puruýjo], at, ser. Pursat , möhlet
Sizlere ertire çenli puryja bereýin (

Görogly

). 
PUŞDA 
[puşdo], 
at, 
gepl.d. 
Joýalaryň 
aralygyndaky zolak ýer, iki joýanyň arasy. Murtuny 
towlap, goluny ýaýyp, puşdanyň üstüni basyp, biri-
birine ýetipdir (N. Pomma). 
PUŞMAN [puşma:n], at. Nädogry, galat edilen 
işe soňundan edilýän ökünç, ýalňyşlyk bilen bolan 
işe çekilýän ahmyr, arman. Garyp köşkden çykyp 
gaýdansoň, Şasenem öz eden işine puşman etdi 
(

Şasenem – Garyp

). Puşmanda men eden-etmiş 
kärimden, Biperwaýam bolan-bolmuş barymdan 
(Magtymguly). 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   369   370   371   372   373   374   375   376   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling